Içeri gir Agza bol
YekeTak.Ru - Tanyşlyk, Dostlaşyk, Söýgi!
Öwreniji - YouTube Kanalyna agza boluň!
Saylanan.Ru - Saýlanan Portal!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Soltan Sanjar
 Özümiziňki
 Mustafa [off]
 07.04.2021 / 13:53
 Ýeke gezyän erkime atwet bermen xer kime✌️

Soltan Sanjar ýa-da Ahmet Sanjar (Muizeddin Ahmet Sanjar) diýlip bilinen (1086-1157) we (1097-1118) Seljukly hökümdarlygynyň Horasan (Günorta Türkmenistan) topraklarynda agalyk ediji Beýik Seljukly soltany.

Soltan bolmazyndan öň:
Soltan Sanjar Oguzlaryň Kynyk taýpasyndan bolan Seljukly soltany Mälikşanyň ogludyr. Kakasynyň bir ýurda eden ýörüşi wagtynda 1086-njy ýylda Sinjarda doguldy. Kakasy öleninde heniz çagajykdy. Soltan Mälikşanyň ölmegi bilen tutuş Seljukly hökümdarlygy sarsdy. Mälikşanyň aýaly Türkan hatyn Mälik şanyň ogly Mahmydyň soltandygyny yglan etdi. Mälikşanyň uly ogly Berkýaryk öz tarapdarlary bilen Reý şäherine gaçyryldy we soltan diýlip yglan edildi. Düzgün boýunça Mälikşanyň ilki uly ogly Berkýaryk soltan bolmalydy. Şonuň üçin Mahmydyň ejesi Türkan hatyn bilen Berkýarygyň aralygynda söweşler başlandy. Has dogrusy hökümdarlyk ugrunda, tagt ugrundaky göreşler başlandy. 1093-nji ýylda bolan Bürüjird söweşinde Berkýaryk ýeňdi. Soltan Sanjar we Berkýarygyň agasy Tutuş Siriýa ilerläp Şam we Halap galalaryny eýeledi we Seljukly döwletiniň gurujusy boldy. Tutuş Berkýarygyň eýeçiligindäki Eýran topraklaryna göz gyzdyrdy we bu ýerleri almak üçin 1095-nji ýylda Reýde Berkýaryk bilen Tutuş arasynda uly söweş bolup geçdi. Şol söweşde Tutuş ýeňildi we öldi. Şeýdip Berkýaryk Soltanlykda ýeke täk agalyk ediji soltan boldy. Emma ol hökümdarlykdaky bidüzgünçilikler, pitneler bilen garşylaşdy. Şondan soň Beýik Seljukly hökümdarlygy üçe bölündi: 1. Eýran, Yrak we Orta Aziýanyň bir bölegi Berkýarygyň soltanlygy astynda galdy.

2. Siriýa Halap we Şam emirligini hem Tutuş soltanlygy astyna aldy.

3. Gutulmuşogly Süleýman şanyň guran we onuň ogly Gylyç Arslanyň hökümdarlygyna bolsa Anadoly Seljukly döwleti girdi.

1097-nji ýylda Soltan Berkýaryk 12 ýaşynda bolan jigsi Soltan Sanjara merkezi şäheri Merw bolan Horasan häkimligini berdi. Ahmet Sanjar şondan soň 1097一1118-nji ýyllar aralygynda 20 ýyl dowamly Horasandaky Seljukly soltany boldy. Seljuklylaryň tagt dawalaryna, gep-berilmelere, beýleki Seljukly agalyklaryna kän goşulmady. Soltan Sanjar Horasan häkimligine göz gyzdyran Ebraýyl Arslan bilen söweşdi. Ol söweş hem 1102-nji ýylda bolup, Kaşgardan ilerläp gelen Ebraýyl Arslan hany Termez towereklerinde ýeňdi[1]. 1105-nji ýylda agasy Berkýaryk öldi. Ölmezden öň soltanlyga Mälikşä II belledi. Emma onuň soltanlygy Muhammet Tapara geçdi. Şol ýyl hem Muhammet Tapar jigsini tagtdan agdaryp Beýik Seljukly döwletiniň hökümdary boldy. Muhammet Tapar 1118-nji ýylda öleninde ýene-de tagt dawalary başlandy. Muhammet Tapar ýerine Mahmyt II soltan belledi.


42

5

1

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Oraz [off]
  Ýüreksiz shazada
 07.04.2021 / 16:18

+1

Sagbol paýlashanyña

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yenede sorag 9


kontaktyny ...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yenede sorag 9
Oraz (Şugün, 21:50)

AKSIYA


Gyzlar kosemalin !kime aytmalysyny blman gezaymesn diyip doretdm shu pikiri kim sallah kim soygilili shuna yazsyn Meselam mena hää gowy sweži s...dowamy...
Degişmeler älemi | AKSIYA
PERKA (Şugün, 21:47)

Gizlin söýgim #5


dowamy Kopmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gizlin söýgim #5
Oraz (Şugün, 21:45)

İn gyzyklanyan soragym


Mena duysime girdi sondan bildim😊...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
Jerenjan (Şugün, 21:44)

AKSIYA


hmmm...dowamy...
Degişmeler älemi | AKSIYA
Arman (Şugün, 21:33)

İn gyzyklanyan soragym


mena blmk...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
Arman (Şugün, 21:17)

İn gyzyklanyan soragym


Men oye wifi chekilende ilki turk saytlarda yazyshyadym onson birden kartinka gozlamde talyplar.com y tapdym sheydip bularam tapyp gitdim...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
Yusup_Durdyyev (Şugün, 21:04)

İn gyzyklanyan soragym


Ai mna talyplarda yazylyan makalalary okayadm br gun shu saydy agzapdrlar ai mnm onnon name goreli hany dp goshulyp gidiberdim...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
sulik002 (Şugün, 21:03)

İn gyzyklanyan soragym


Internetde yurekdesh filmini gozletdim,onsoñ shu saytyñ ustunden bardym....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
Beauty (Şugün, 21:00)

İn gyzyklanyan soragym


haçan açylanyny blmok ilki yeketak ru a girdim sonra bu sayty bilemokdym Diamond aytdy mana bu sayty yogsa bilmezdimem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | İn gyzyklanyan soragym:)
moon (Şugün, 20:56)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2021