“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Ol hàzir başga biri bilen bolmany pikir edýàn wagty, sen onuñ dolanmagyny Allahdan soraýañ..#. fileo

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öli direldiji
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 10:53

Adamzat ejiz jandar. Ol sähel zada begenýär we sähel zada gynanýar. Adamzadyň begenmesi we gynanmasy olaryň başyna külpet getirýär. Adam dürli kesellere duçar bolýar.
Adam özüni berk etmek üçin dürli çäreleri görýär. Şolardan iň esasy çäre bu medisina hyzmaty. Ýöne adam doly goralmadyk. Ähli oýlanyp tapylan zatlar adamy gorasada ony ölümden alyp galyp bilmeýär.
Ölmezlik üçin hem adam bir topar işleri geçirdi emma adam entek ölmegini dowam edýär. Soňra adam şeýle oýlandy. Egerde ölümi togtadyp bolmaýan bolsa onda öleni direldip bolmazmyka diýen soragy öz öňünde goýdy.
Şu hili adamlardan men birini tanaýaryn. Oňa Gurban Ýazmyradowiç diýýärler. Ol ölüleri direltmek boýunça alym. Men özüm oňa ýüz tutyp ondan käbir degerli maslahatlary aldym. Indi diňe işe girişmek galdy.
Meniň bu size aýdanym siz üçin oýun ýalydyr. Ýöne meniň ýadyma şu wagt oýun düşenak. Ynanmasaňyz ynanmaň. Gurban Ýazmyyradowiçe men berk ynanýaryn. Haçanda ol meniň üçin özüniň ylmy işinde üstünlik gazansa men size bu barada goşmaça duýdyrmakçy.
Maňa çenli ol kyn ýoly geçdi. Onuň ölüni direltmek synanyşyklary ýeňil geçmedi. Ilkinji urgyny ol haçanda özüniň ölüni direltmek maksadynyň bardygyny öz ylmy işi alyp barýan institutynda aýdanda işdeş ýoldaşlaryndan aldy.
“Ölüni direltmek nämä gerek, ondan dirileriň aladasy et” diýip köp adam aýytdy. Emma Gurban Ýazmyradowiç olary kelte pähimlikde aýyplady.
Ol şu hili delilleri olaryň öňünde goýdy
1.Ölüni direltmek maksady adamda gadym döwürlerden bäri bar
2.Biz daşary ýurtlardan yza galýarys. Eýýam käbir ýurtlaryň alymlary ölüni direltmekde ep-esli üstünlik gazandy
3.Ölüni direltesek öldürilen adamlar özlerini kimiň öldürendigini aýydarlar. Bu bolsa jenaýatçylyk derejesini peselder
4.Ölüni direltsek gadymyýetde ölen adamlar turyp öz döwründe nähili ýaşandygyny aýdarlar. Haýsy halklar haýsy ýerlerde ýaşady. Haýsy ýerler haýsy halka degişlidigini anyklarys. Bu bolsa ýer üçin uruşmaklygy togtadyp dünýäde uruşlaryň azalmagyna getirer.
5.Iň esasy zat. Biz gadymyýetde öz söýgülisine ýetip bilmän özüni öldüren aşyk-magşuklary oýadarys. Mysal üçin Zöhre-Tahyry, Şasenem-Garyby, Leýli-Mejnuny we başgalary.
6.Taryhy gahrymanlarymyzy täzeden durmuşa gaýtaryp getireris. Olar oýanyp gelip bizi duşmanlardan gorar.
Şu we beýleki maksatlarymyza ýeteris.
Gurban Ýazmyradowiçiň bu hili beýik maksatlarynyň bardygyny men eşidip men agzymy açyp galypdyryn. Begenip el çarpyp galypdyryn. Bir topar dertden dynjagyma göz ýetirip ugradym. Örän gaýgy edip otyrdym. Ölsem nähili bolar?. Kim maňa meňzäp yzyma dowam eder diýip. Bolsada hut meniň tanyşlarymdan şu hili beýik alymyň çykandygyna men ýakamy giň açyp kükregimi şemala tutyp özümi hem beýik maksatly adam hökmünde tutyp ugardaym. Özüme “ men indi özümi beýik işler üçin gurban etmäne taýyn” diýdim.
Iýip-içişim gowylaşdy. Ukym berk boldy. Gaty hem çasly gepledim. Buýryk berip geplemäni öwrendim. Ýogsa öň ezilen towuk ýaly egnimi gysyp ýörärdim. Meniň gyzyl horaz ýaly hekgeriň ýörmegim maşgalamyza hem öz degerli täsirini ýetirdi. Emma bu barada soň . Häzir bolsa gürrüň Gurban Ýazmyradowiç barada gider.
Oýlanyp men özüme “ bu alymy myhmançylyga çagyrmaly diýdim”. Nahar başynda giňden söhbet ederis. Söhbedimizi ýazga geçirip bu alyp barada makala ýazaryn diýip oýlanyp öýe barýan ýol ugrymda bar bolan dukana girdimde bir çüýşe rus wodka, bir taýak kolbasa, bir blok bolt we ýenede arak bilen iýilýän salatlary satyn alyp Gurban Ýazmyradowiçi otyryşma çagyrdym.
Ol gijikdirmän geldi. Ýogsa men garaşmany halamaýan adam. Saçak başyna geçdimde rus aragyny gapagyny poňk edip atyp göýberdimde apbak aragy lokurdadyp käselere paýlap ilkinji tosty özüm aýytdym.
Beýik alym. Ölüni direldiji Gurban Ýazmyradowiçiň saglygyna diýimde käsäniň içindäki aragy başyma göterdim. Meniň yzym bilen alym hem içdi. Indi ikimiz giň gürrüňe başladyk we iň soňunda biziň ikimiziň maksadymyzyň ýakyndygy bize aýan boldy. Ölüleri direltmek üçin meniň üçin hem gerekdi. Ýöne näme üçindir meniň kelläme “ölüleri dirletmeli” diýen sözümiň garşysyna derrew näme üçindir şu sorag “ Ölüni direlmek nämä gerek gowysy dirileriň aladasyny et” sözlem bolup meniň ahli oý-pikirme garşy bolup durýardyda meniň howrymy ep-esli aşak düşürýärdi.
Ýöne ynha, meniň bu derdime hem doga bar eken. Gurban Ýazmyradowiç ikinji käse aragy hem başyna göterip, ölüleri direlmek bütündünýä ähmiýetli iş, eger men bir ölüni aýak üstüne goýyp orta çykaryp bilsem meniň eýýäm Nobel baýragyny aljagym görünip dur. Yz ýanyndan bolsa gulagyma assajykdan pyşyrdap hiç kim eşitmesin diýýän ýaly şeýle diýdi. “Men Trampdan öňürtilemeli. Ýogsa ol rus-ukrain jenjelini togtadar. Men öňümde şeýle maksat goýdym.Bir-iki sany urusy we birň-iki sany ukraini direldip bilsem olar turyp aýdardylar. Haýsy ýerler ukrainlere degişli, haýsy ýerler bolsa uruslara. Şeýdip olaryň arasyndaky uruş togtardy. Men bolsa Nobel baýragyny alardym diýdi.
Bu sözler meniň ýüregimi ýene-de galkyndyrdy. Men özüme “biziň ykbalymyz ygtybarly ellerde. Gurban Ýazmyradowiç hökman ölüleri direlder. Men ölsem meni hem direlder. Çünki men onuň käse akyşdarýan dosty diýip haçan alym öýüne gidenden soň men berk uka gitdim.
Ertir bolsa maşynyma münüp ýol ugryma hiňlendim. Öňler hiňlenmeýärdim. Indi hiňlenýärin. Wagtym hoş. Bir zada gynanmaly bolsa derrew bolsam derrew Gurban agany ýatlap ynjalýan. Öl meni ölümden gutarar we men bu dünýäde hemişe bolup dirilere kömek ederin.


12

7

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bu bir ýönekey durmush


Näme etsen et pusman bolup olersin, ya edenlerin uçin yada edip bilmediklerin uçin....dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Sen kim, nireden?...dowamy...

Tebigatyň dört pasly!(gosgy)


Sen oylanma yaz gowsy, gosgy bizlik dal,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Antimatiwasÿon bar bolsa menem bar,...dowamy...

Bu bir ýönekey durmush


Meniň bu ýazanymy çynlakaý hasaplamaň. Men oýnap geplemäni halaýan.Birbada iki taraplaýyn ýazmany oýlap tapdym....dowamy...

"Ölüm gapysy"(goşgy)


Kerim Gurbannepesowyn "Saja Batyrowyn yogalan gununde yazylan gosgy" syna menzapdir...dowamy...

Durmuşda kyncylyklaryň üstesinden gelmek we adamyň gymmatyny bilmek..(makala)


Awtory: @Талант. Yada ✒️@Талант...dowamy...

Doglan gunin bilen gadyrdanym


Menem gutlaýan!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Doglan gunin bilen gadyrdanym
Fantom (21.10.2025 / 07:27)

Doglan gunin bilen gadyrdanym


uzak manyly we agzybir yasha Baydade, ozuñe mynasp yoldasyñ duşsun...dowamy...

Doglan gunin bilen gadyrdanym


Uzak ýaşa Baý däde, görjegin gowluk bolsun...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->