“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Каждый момент, который я провёл с тобой… был ярким. Когда погода была хорошей, когда погода была плохой. Я любил каждый миг

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Adamlar näme üçin bagtsyz bolýarlar
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 18:37

Oglan gyzyň barmagyna altyny ýüzügi däkýar. Gyz barmagyndaky altyn ýüzüge begenip, guwanyp durýar. Oglan hem oňa seredip ýylgyryp durýär.
Gyz ýüzüge guwanmasyny bes edip oglana ýüzlenýär
Bu gymmat ýüzügi näme üçin berdiň maňa?
Oglan
Seni söýenim üçin
Onda gyz oglana
Ýöne meniň başga söýýänim oglanym bar
Onda oglan
Söýüber. Ýöne seniň ol ýigidiň meniň saňa berjek zatlarymy berip bilermikä?. Bu häli hemmesi däl. Jübümäki şu gymmat telefon hem seniňki, bu altyn zynjyr hem seniňki. Hol duran gyzyl maşyn hem seniňki. Seniň üçin kwartira hem alyp goýdum. Firma hem açmana taýyn seniň adyňa. Toýymyzy Antaliýada geçireris.
Gyz oýlanyp duryp galýar
Ýaman ýerden tutdyň özä. Bu zatlary aýytmaly däldiň. Munça zatlara mendende owadan gyz saňa çykardy.
Indi näme etjegimi bilmän durun. Meniň söýýän ýigidim maňa hiç zat wada bermedi. Kyn öza. Özümem alasarmyk bolup ýördim. Gel gowsy men oňa aýydaýyn. Seniň alyp berjek zatlaryňy. Ol näme diýer. Jogaby bir-iki günden aýan bolar.
Oglan.
Bolupdyr.
Gyz söýýän oglanyny tapýarda oňa şu zatlary wada berendiklerini aýydýar eger gyz şol oglany söýüp durmuşa çykmana razy bolsa
Onda gyzyň söýýän ýigidi
Derrew razy bol. Men elbetde seni söýýärin. Emma bermäne zadym ýok. Ýöne geljekde bolar diýip tama edýärin
Gyz
Iň bolmanda öýümiz bir bolarmy?
Gyzyň söýýän ýigidi
Ýene ýigrimi ýyldan bolsa gerek.
Onda gyz
Diýmek senden tama ýok. Gury söz diýde goýda
Söýýän ýigidi sesini çykarmaýar. Diňe gam bilen ýere seredip durýär.
Gyz tizara bir topar zady wada beren oglana durmuşa çykýar. Baý maşgala öwrülýär. Wagt geçip gidýär.
Ýigrimi ýyldan soň şol söýen ýigidine emma baýlyk üçin ondan ýüz öwüren ýigidine dogry gelýär. Gepleşip otyrýar. Görse bir wagtky söýgülisi durşyna bagtsyz. Öýlenmändir. Öýi ýok. Zordan günini görüp ýörenleriň biri bolýar.
Gyz birbada şu pikire gelýär. Dogry edipdirin. Oňaçykman. Men bilmän söýüpdirin ony. Men oňa çykan bolsam bagtsyz bolardym onuň özi ýaly.
Şeý diýip ep-esli wagt öz baýlygyna guwanyp gezýär.
Emma ýene wagt geçip gidäýr.
Indi onuň göwnüne birleri ony aldan ýaly bolýar. Munyň üçin ol iki sany kijijik çagany saýlap alýar. Birinji çagany ýanyna çagyryp oňa gowy şokolady görkezip sen meniň dostym bojakmy diýýär. Çaga şokolada gyzygyp hawa diýýär. Şokolada oň berip göýberýär. Çaga begenip ylgap gidýar
Indi ikinji çagany ýanyna çagyrýar. Edil beýleki çaga edişi ýal oňa şokolady görkezip şu şokolady bersem sen meniň dostym boljakmy diýýär. Bu çaga hem zada gyzygyp hawa diýýär. Çaga tamakin bolup durýar. Emma çaga şokolady bermeýär. Başda zada tamakin çaganyň biraz wagt keýpi bolman durýär. Emma özi ýal ýaly oýnap ýören çagalaryň arasyna baryp berilmedik şokoladynyň agyrysy basylyp indi onuň ýüzüne şatlyk gelýär.
Onda zat üçin durmuşa çykan aýal gyz wagtynda özüniň aldanany bilip galýar edil çaga şokolad berip aldan ýaly.
Durmuş zatsyz hem gyzykly eken. Muny oýnaýan çagalaryň şatlanmasy subut edýär. Men zat üçin çykmadyk bolsamda durmuşda özümi bagtly duýjak ekenim. Meniň ýanymda ähli zatlaryň ornuny tutjak adamym boljak eken.
Bu birinji ýaman duýgynyň yzyndan ikinji ýaman duýgy hem oňa geldi.
Men zat üçin öz söýgülimi betbagt edipdirin. Üstesine ol ölmäniň bär ýanynda. Eger ol ölse men özümiň näme bojagym belli däl. Häläm bir pille. Bir zatlar edeýin.
Ähli oý-pikirlerini bir ýere jemläp ony zat bilen aldap aýal eden ärine ýüz tutýar
Sen meni aldapsyň. Meni zat bilen azdyryypsyň. Meniň zat bilen aldapsussymy basypsyň. Mende gözýetim goýmansyň. Sen ýalançy kezzap. Şu minutdan başlap men seniň aýalyň däl diiýärde bu erkegi taşlap gaýydýar.
Yzyndan bolsa bir topar wagt geçirip betbagt söýgülisini tapyp alýarda özüniň ähli başdan geçirenlerini oňa aýdyp berýär.
Onda onuň bir wagtky ýigidi
Beýle etmeli däl ekeniň. Men seniň azabyňa, söýgüňe degmeýän adam bolmagym mümkin. Seniň bu eden işiňe sen günäkär däl men günäkär. Men saňa bu durmuşda gerek bolýan zatlar bilen üpjün edip bilmedim.
Onda bir wagtky aldanan gyz
Men ýene bir wagtky duýgyma gyz wagtyndaky durmuşyma gaýdyp gelmek isleýän.
Ol döwürde men durmuşa ynanýardym. Bu durmuşyň her bir minudy bagtdan dolydy.
Şundan soň aýrylaşdylar. Tizara ýigit aradan çykdy. Onuň ölümi adamlara bu dünýäde diňe bagtly pursatlar däl-de eýsem gamly pursatlaryň bolýandygyny görkezdi.
Adamlar bagtsyz bolýarlar çünki olaryň bagtyny ogyrlaýan adamlar bolýar.
Ýigidiň ölüminiň yz ýany uzaga gitmän gyz hem öldi. Adamlar oýladylar. Olar öldüler çünki bu ikisi bu durmuşda bile bolup bilmediler.
Şonuň üçin olar bu durmuşdan irte gitdiler o dünýäde bile bolarys diýen tama bilen. Bu dünýäde olar bagtly bolup bilmediler.


16

10

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hekaya


mlds👌...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekaya
Aylar77 (Düýn, 20:33)

Seniñ salamyñam almak islämok…


Salama jogap bermeli...dowamy...

Seniñ salamyñam almak islämok…


mlds...dowamy...

Seniñ salamyñam almak islämok…


bennäň sabyr käsesi dolypdyr ýaly... "Hem şapagy synlap ikindinara," Bagyşlaň welin, ikindin nähiýli şapak bar? ýa siz закат ýäni güniň batyşyn...dowamy...

Seniñ salamyñam almak islämok…


Şoñ üçin salamyñ almak islämok, Hatda adyñy-da bilmek islämok… Adyny bilmeýärdiňizmi öň?...dowamy...

ADAMLARYŇ ARASYNDA


Nirde ene, nirde ata, Hak ýolunda etme hata... Tawut diýlen agaç ata, minmezlige çäre barmy???...dowamy...
Erkin mowzuklar | ADAMLARYŇ ARASYNDA
Fantom (09.11.2025 / 09:57)

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 1.


Yagysyn her bir damjasy gulusune gosulsanda gosgy emele geler. Muny bir men bilyan, birem asman. Jemal Süreyya....dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan söýgi setirleri 1.


2nji gerek bolar mana...dowamy...

"Kőýten nalasy"


Bekge Pürliýewiň "Dowzahdan çykan gyz" romany hem hakykatda bolan, başdan geçirilen waka esasynda ýazylan eken....dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Good (08.11.2025 / 13:18)

"Kőýten nalasy"


Çaklaňja kitap eken. Menem okapdym. Kinosam bardy. Kinosy bilen kitapdaky käbir ýerler gabat gelmeýä. Kitapda Ýaňylyň çagasynyň kellesine çagasy...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Kőýten nalasy"
Gulmahrem (08.11.2025 / 12:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->