“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ynam-bu hacanda sana "Esidyanmi senin onyny biri bilen gezip yorenini gordum" diyenlerinde "Yylyrak geyinipdirmi?" diyip jogap bermegindir!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Söýgülime hat
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 09:33

Gadyrdanym Tokgagül. Bu hat meniň seni janymdanda artykmaç söýýändigimiň subutnamasy. Häli hemme zat öňde. Seni begendirmäni özüme hemişe borç hasaplaýaryn.
Hawa, Seniň mazalay zatlary iýmäni halaýanlgyň meniň başymy asmana ýetirýär. Şonuň üçin indi men seniň üçin ýörite zawod açdym. Bu ullakan zawod. Bu zawod seniň üçin iň mazaly şokoladlary, morojnylary, biskwitleri, her dürli içgileri, kremleri, fiçji, gamurger, makdonalds, pissa, somsa, kebäp, kola, pepsi, fanta aý umuman müň dürli zatlaryň iň täzelerini, mazalysyny ýörite seniň üçin taýynlar. Onsoň men saňa zawodyň içinde uçýan täzeje maşyny hem sowgat bermekiçi. Şu maşyny özüň gowy görýän joralaryň bilen uçyp aýlanyp haýsy zady halasaň öýe äkidip ýada şu ýerde iýýäňmi öz işiň.
Mundan daşary men seniň üçin ini we uzynlygy 250 metr bolan, ýedi etajly kuhnýa hem sowgat bermekçi. Bu kuhnada sen halan naharyňy bişirip iýmegiň üçin 55 sany aşpez tutmakçy. Bu aşpezler saňa dünäýde bar bolan ähli tagamlary onlaýyn bişirip bererler. Saglyk bolsa şundan soň seniň agramyň tizdan-tiz 250 kile bolar diýip men tama edýärin. Geljekde bolsa seniň agramyň 500 kile bolsa sen dünýä rekordyny goýyp Ginnesiň kitabyna girip altyn ýyldyz alarsyň diýip men tama edip galýaryn. Bu hem hemmesi däl. Men seniň ýörite geýim fabrigini açyp bu ýerde seniň üçin iň moda geýimleri fransuzlar, türkler, araplar gelip tikip bererler.
Bu hem hemmesi däl. Men seniň ýörite kosmos korablyny guryp bermekçi. Bu korablda ýyldyzlara çenli uçyp baryp gelip göwnüňi açyp otyrmagyňy saňa bolan hyzmatkar ýüregimden joşýaryn. Hawa, men seni şahyrlar ýaly gury söz bilen söýmeýärin.
Meniň söýgüm görünip duran zatlardan, lezzetli zatlardan , hezil zatlardan durýar.
Şahyrlar näme diýidi. Olar söýgülisine ýyldyz alyp bererin diýdi. Emma haýsysy öz beren wadasynda tapyldy. Hiç haýsy. Gaýta olar öz söýýan diýen gyzynyň başyna ýetildr.Zöhre Tahyryň söýgüsine ynanyp özüni öldürdi. Leýli hem Mejnuna çykap bilmän ol hem gözgyny bolup öldi. Djuletta Romeony söýen bolup ol hem awy içip öldi. Meniň söýgüm olaryň boş söýgüsi däl. Haçan sen öz gözelligiň üstüne ýene 500 kile çenli semreseň hemmeleriň saňa gözi gider. Içi ýanan bahyllar balagyny çykaryp der basan ýerlerini kondisionere tutup sowadarlar. Olar seniň bilen deň bolup biljek dällerden bolarlar.
Sen bolsa meniň Läläm, Aýbölegim, Güljanym, Aýjahanym, Güljahanym, Näzlim, Ballym bolarsyň. Men saňa günde täzeje at goýaryn. Bir gün Täçjemalym diýsem, ertir Almagülüm, diýerin, üçünji gün bolsa Täzegülüm diýerin.
Bu meniň saňa bolan söýgümiň subutnamasy. Şonyň üçin hiç zady gaýgy etmede semräber. Hazir semiz gyzlar moda boldy. Göwnüm galkynýar seniň tokgajalygyňdan.
Özüm barada aýytsam meniňki hemmedenem hezil. Uçýan maşynda uçyp ýörün. Maşyny dolandyrmak gerek däl. Özüm yzky salonda hezil edip ýatyryn. Iki sany gumanoid-robot meniň üçin hyzmat edýär.Olaryň kellesine meniň hyýallarym, arzuwlarym ýüklenen.
Ýene bir gumanoid gyz bolsa seniň keşbiňde ýasalan. Ol bolsa meniň bilen yzky salonda gujaklaşyp otyrýar. Men oňa apbakjam diýýärin ol bolsa maňa garajam diýýär. Umuman hezil.
Sen hem hezil edip ýaşa. Goý bize bahyllar bolsa bu ýerden gaçyp Kazana gitsinler.
Hoş söýglim seni mäkämje öpüp galýan öz söýgüliň Garaja.


16

8

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sorag jogap alyşalyň


Yuregime yakyn soz shon un ulanyan shu sozi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
yurekdesh (Şugün, 01:22)

Sorag jogap alyşalyň


25-ИТ-1. Okaýan gruppamyñ ady. Dogrumy aýtsam näme diýip girjegimi bilmedim po etomu şeý diýip ýazyp giräýdim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
25-ИТ-1 (Düýn, 20:14)

Sorag jogap alyşalyň


Мечтать, Arzuwlarymyň hijisi hasyl bolmanlygy sebapli şu niki sayladym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Мечтать (Düýn, 08:45)

Sorag jogap alyşalyň


Daniel bu meñ adym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Daniel (12.11.2025 / 20:27)

Sorag jogap alyşalyň


Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Vector_Pro (12.11.2025 / 16:10)

Sorag jogap alyşalyň


Men öz nikimiñ manysy:Akyl ýetirmeklik taýdan adamda bar bolan tebigy ukyp, talant. Haladym we so niki sayladym soñ ucn!ukyp basarnygymyñ ady Тал...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Талант (12.11.2025 / 14:00)

Sorag jogap alyşalyň


Bezzat @senyorita ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Good (12.11.2025 / 13:20)

Sorag jogap alyşalyň


Men oz adym yylym boldu...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Mekan02 (12.11.2025 / 13:05)

Sorag jogap alyşalyň


Salam. Nigimiň manysy terjime edilende aňladýan manysy. Saýta öňem agza boljak bolupdym ýöne agza bolup bilmändim. Bu gezek "Aý, ýene bir synanşy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Good (12.11.2025 / 12:14)

Hekaya


Dowamyna garashyas...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hekaya
yurekdesh (12.11.2025 / 11:54)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->