Ýürekdeş sözler!
Men we söýgülim bagtly durmuşda
Mishel [off]
Şugün, 09:28
Söýgülim bilen bagtly durmuş guryp bileje, agzybirje edil iki sany gumry deý gumur-gumur edip ýaşap başladyk. Gülki-oýunlara berildik, diskoteka gitdik, tans oýnadyk. Mazaly suwlary içdik, morojny iýdik, gamburger, pissa iýdik.
Söýgülim jüýje etini halaýan eken. Onuň üçin her gün on sany jüýjäni öldürip berdim. Emma men jüýjeleriň ölümine gaty gynanýardym. Öz gynanjymy söýgülime aýytdym.
Onda ol
Jüýjeler seniň üçin menden eziz däldirä diýidi. Naýynjar seredişi bilen. Onda meniň ýüregim söýgülimiň halyna çydap bilmedi.
Ýok diýdim men oňa
Seniň üçin on däl eýsem ýüz jüýjäni hem öldürip soýyp bererin diýdim
Ine şu bagtly günlerimizi bir güni depämiz ahyraman boldy. Biziň söýgümizi görübilmeýän bahyllar üstümize dron ýagdyrdy. Bu wagt ikimiz söýgülimiz bilen tapjanda bag içinde çaý bilen şokolad, gagmurger iýip otyrdyk. Söýgülim kellesini dyzymyň üstünde goýyp gök asmanymyza guwanyp seredýärdi.
Birden söýgülim çirkin gygyrdy. Asmanda depämizde sallanyp duran assajykdan hyzlaýan zady görkezdi. Men asmana seredip bu zadyň maňa bahylçylyk edýänleriň dron enjamydygyny şol bada bildim. Dron bizi surata düşürip hem wideo alyp durdy hemde biz baradaky maglumaty öz eýelerine iberýärdi
Gorkma men aýytdym söýgülime. Häli meni gorkuzjak enesinden doganok. Meniň duşmanlarym meniň abraýymy elimden aljak bolýalar. Emma men gaýduwsyz hem batyr. Häzir bu drony edişime seret diýdimde şu ýerde ýatan kerpiçi dron tarapa bat bilen yzgydyp göýberdim. Kerpiç baryp dronyň kamerasyna degdi.
Dronyň özi bolsa asmanda çaýşanaklap duryp ýere tarap patt edip düşdi.
Bu häli hemmesi däl eken. Maňa bahylçylyk edýänler içigaralar we tarapgöýler bilen birleşip maňa tarap koalisiýa düzüpdirler.
Men olaryň bu niýetini indiki üstüme gelen dronlaryň köplüginden bildim. Söýgülim sanady olary. Jemi ýüz sany. Hyzda-hyz depämde. Bomba taşlap başladylar meniň üstüme. Tor taşladylar meni towşan hasaplap. Ýöne men söýgülimi tapjanyň aşagynda gizläp onuň aşagyna haly ýazyp üstüne bolsa ýorgan taşlap haçan men özüm gelip tur diýýänçäm ýätyber diýdimde özüme bahyllar, içigaralar, tarapgöýler, alkaşlar, şüwwükler we gorkaklar bilen söweşe girdim. Elbetde duşmanlarym mazaly taýynlanan eken. Meni ýok etmek üçin. Men bolsa durmuşyň hemme kynçylygyna öňden taýynlygymyň bolany üçin bu uzak söweşde ýüz sany drony daş, kesek, kerpiç bölekleri bilen uryp düşürdim. Haçanda olaryň dronlary weýran bolup biri asmanda ýok wagty söýgülime
Tur indi geläý. Otyryp bir çaý içeli diýdim. Söýgülim bolsa uka giden eken. Ol maňa söýgüli janym çaýy nahary özüň taýynla, men häzir gowyja düýş görüp ýatan ekenim. Şu düýşümiň yzyny görmekçi diýdide ýene uka gitdi.
Ýene bagtly günlerimiz dowam etdi. Ýöne ahmal hem bolmadym. Özüm razwedka gitdim. Derrew bir drony ýasadymda oňa münüp assajykdan duşmanlarymyň mekanyna golaýladym. Olary surata düşürdim. Gaýdyp gelip suratlary öwrendim. Seretsem meniň duşmanlarymda meni ýoklamak üçin ymyklyja taýynlyk bar.
Gelip söýgülime aýytdym. Men seni mazalyja gizläýin ýogsa bu gezek seni olar ogrylap giderler diýdim.
Söýgülim bolsa
Ýok meni olara bermäweri. Men diňe seni söýýärin ezizim. Jüýje bilen bakýanym. Morojny bilen doýyrýanym diýdi.
Onda men dagyň teýinde ullakan gazuw gazyp içine ýaşamak üçin her dürli amatlygy bolan bunkeri ýasadym. Ol ýerde söýgülimi gizläp özüm söweşe taýynlandym. Bu gezek müň sany dron çozdy üstüme. Söweş bilen gümra wagtym duşmanyň dronlary üýşüp söýgülimiň bunkerini derwezesini ýaryp söýgülimi elimden alyp gitdi.
Indi men her dürli oýa girdim. Nädip söýgülimi yzyna alyp gaýdarkam diýip.
Kelleme gowy original pikir geldi. Söýgülimi men hem ogyrlap gaýytmaly. Pylan düzdüm. Bu plana görä men kijijik kürre münüp duşmanyň huzuryna ýakynlaşmaly. Içigaralar hiç oýlamazlar. Meniň şu keşpde söýgülimi azat etjegime.
Ine, arzyly gün ýetip geldi. Men kürrejigimiň üstünde jokgaryp otyrdymda bahyllaryň derwezesine bardym. Olar meniň kimdigimi aňmadylar. Meni içerä göýberdiler. Men bolsa assajykdan söýgülimi gözlap tapdym. Iki depende onyň otyran bunkeriniň derwezwsini ýüz metr uzaga uçyryp göýberdim.
Pahyrjyk, meniň söýgülim tussaglykda ezilip galypdyr. Üç günden bäri duz datmandyr. Onda men ony kürrejigimiň yzyna mündürdimde
Uç kürrejigim diýdim. Kürrejigime ganat çykdy. Ol uçyp asmana galdy. Biz asmandan ýere seretdik. Asman hem hezil ýer hem hezil. Şeýdip hezil edip ýaşaýan mekanymyza geldik. Şundan soň meniň duşmanlarym öz aralarynda gyrlyşyp ýok bolup gitdi.
Men bolsa söýgülim bilen köpelip-köpelip bir oba bolduk. Söýgülim jüýje iýmesini goýdy. Indi biz ikimiz çörek bilen çaý içip şeker bilen mazalanyrýarys. Şokolady, morojnyny çagalarymyz iýýär.
6 |
4 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gamgyn gundelik
Olam sen yaly diyere zady kop bolup aljyrap durandyr-da, way. On cun beydip dessan duzmegem gerek dal-a....dowamy...
Zöhre jan bilen Tahyr jan
Tahyr jan ondan sorar boldy. Zöhre jandan he habar. Ol bu gün ýokdur. Onda Gülkamar aýytdy Tahyr jana. Eşidermiň sen diskoteka sesini. Zöhre jan...dowamy...
Gamgyn gundelik
Gülüm, eýýäm näçe wagt geçipdir biziň habarlaşmadygymyza... Ýadymda, soňky sapar gürleşenimizde öz söýgiliň barada aýdypdyň, ol barada ähli zady...dowamy...
Sorag jogap alyşalyň
25-ИТ-1. Okaýan gruppamyñ ady. Dogrumy aýtsam näme diýip girjegimi bilmedim po etomu şeý diýip ýazyp giräýdim...dowamy...
Sorag jogap alyşalyň
Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...