Ýürekdeş sözler!
Söýgümiziň subutnamasy
Mishel [off]
Şugün, 14:14
Meýdana kowýan müň sany geçim bar. Her gün ir bilen äkidýän bakmana geçileri. Gunorta goläýlaberende getirýän geçileri gabawa. Bu aralykda öýe keýwany seredýär. Gyssagly iş çyksa jaň edýär keýwany. Bu wagt geçileri çoluga tabşyrýanda özüm ylgap gelýän ýada yzymdan maşyn barýar.
Bu gün hem hemişeki ýaly boldy. Geçileri bakyp öýe getirdim. Keýwany çaý demledi. Onsoň tapjana çykyp çaý içmäne başladyk.
Keýwanynyň ýüzüne seredip onuň hemişeki keýpiniň ýokdugyny aňdym. Emma sesimi çykarman otyrdym näme bolan bolsa özi aýytsyn ýogsa halyny sorasaň eljireberäýr diýip içimden.
Çeýnek ýarpyläberende onyň ýarylmaly wagty geldi. Bir seretsem horkuldap otyr. Gözünden boýyr-boýyr ýaş dökýär özäm. Indi bolmady.
Halyny soramaly boldum. Ýogsa horkuldap turyp gider atasy öýüne. Onsoň getirmek iş bolar diýdimde
Hä, näme boldy. Ýakynlaryňdan biri ölen däldirdä hernä.
Onda ol
Ýok. Hiç kim ölenak entek. Emma entek ölerler. Çünki adam başay ölümli daglar başy dumanly diýipdirler ata-babalarymyz diýdi keýwany.
Onda men aýytdym oňa
Haçan ölende aglarsyň öňünden aglamak nämä gerek diýdim. Bu däp-dessurymyzda ýok zat öňünden aglamak diýdim. Onda keýwany
Men seniň üçin aglaýan diýdi. Göwnüme bolmasa indi biziň aramyzda söýgi ýok ýaly. Sen şol geçieriňi söýýän ýaly men bolsa pişiklerimi.
Onda men oňa
Ýok bardyr. Geçiler biziň gün ötelgämiz. Pişiklerimiz bolsa guwanjymyz.
Onda keýwany
Muny synap görmek gerek.
Men
Nädip
Keýwany
Sen Dubaýa git. Onsoň menden habar al. Eger bu wagt men gaýgy-gama batyp otyrsam onda bu meniň söýgümiň üçden biri. Dubaýdan çykyp Turkiýe geç. Seniň bu ýerdedigi men eşitsem hökman özümden gidip galan bolmaly. Bu biziň söýgümiziň ýary. Onsoň Turkiýede bir ýyl bolup Orsa geç. Haçanda men seniň Orsda gezip ýör diýip eşidip reanimasiýa düşsem onda biziň ýüz prosent söýgümiň bardygyny subut eder. Bu aralykda men seniň üçin gynanman ýöresem onda biziň aramyzdaky söýgüniň öçeni bolar.
Mundan artykmaç geplemek bolanok oňa. Eger tersine gitsem özüme kyn bolar. Gowysy bolýar diýeýinde gideýin Dubaýa.
Ýöne ynha şu geçileri kim bakar meniň ýoklugymda. Ne günlik bilen men bu geçileri köpeltdim. Indäm bolsa geçilerimiň ykbalynyň näme boljagy belli däl.
Onda men keýwana
Bolupdur. Gideýin. Men giden wagtymda geçileri özüň örä çykarmaly bolarsyň.
Keýwany
Geçi diýip janymy ýakma. Şu wagt. Müň geçiň bir däne gözümiň ýaşyna degenak şu wagt. Men söýgi barada söz açýan sen bolsa geçi barada maňa gazal okaýaň.
Bolupdyr. Bolupdyr. Häziriň özünde aeroporta barýanda Dubaýa ertire bilet alýan. Sen aglamasaň bolany.
Şeý diýdimde bir gyzym iri puly jübime salyp öýden çykdym. Elbetde ýat ýurtlara gidýänim üçin gaty gynandym
Ne gowy günüm bardy. Geçilerim bilen bütün bir gumy sorap otyrdym. Özümi han duýýardym bu gumlukda. Indi bolsa kimleriň bäri geli bolaryn diýdim. Ýöne alaç ýok.
Şeýdip ynha men Dubaýda. Işlap ýörün. Öýden habar alyp duryn. Keýwany ýaman däl ýaly. Sesi çasly çykyşyna seretseň nastroýeniýe gowy. Häli bir aý geçdi. Üç aý geçende keýwanynyň sesi peselen ýaly boldy. Bir ýyla golaýlanda keýwany indi aglap jaň etdi.
Bir ýyldan soň öňki şertimize görä Turkiýe göçdüm. Işimiň üçünji aýynda bu ýerde keýwany gepleşmesini goýdy. Diňe hä sesi eşidildi. Näme bolýar saňa diýsem geçiler bilen başagaý men diýýär. Şertimize görä ýene bir ýyl çyda diýdim. Bolýar diýdi. Şeýdip bu ýerdäki wagtym gutardy. Orsa geçdim. Bir aý bolandyrda Orsa baranyma. Köne dostym jaň etdi. Men häzir obada seniň geçileriňi bakyp ýörün diýdi.
Onda keýwany näme üçin bakanok diýdim.
Ol
Seniň habaryň ýokmy. Seniň keýwanyň eýýäm üç aýdan bäri reanimasiýda ýatyr. Geçileriň baryny diýen ýaly satyp seniň aýalyňa sarp etdim. Sen adam däl ekeniň. Maşgalaňy ite-guşa taşlap gidipsiň.
Onda men.
Biz ikimiz şertleşdik. Onyň özi men reanimasiýada ýatsam meni yzlap gel diýipdi
Onda dostym.
Iki güniň içinde gelmeseň aýalyň jynazasyna gelersiň.
Şeý diýdide telefony öçürdi.
Menem aeroporta geldim. Bilet aldymda şu gün öýe barýan diýip keýwanyň telefonyna habar göýberdim. Munam keýwany eşitmän galmasyn diýip onyň başujyny tutyp otyranlara çeni jaň edip çykdym. Meniň öýe barýanlygymy keýwany hem eşidipdir özi zordan bolsada.
Ýatan ýerinden böküp galypdyr. Waý, ýarym gelýär diýip gygyrypdyr.
-Hany meni timarlaň. Saçlarymy türmekläň. Üstüme fransuz atyryny sepiň. Goltygymyň aşagyna bir paçka dezodorant guýyň. Barmaklarymy altyndan doldyryň. Gülýakamy boýnuma dakyň. Gülöwser köýnegimi getiriň. Ähli geýinen zatlaryny geýinip aýna seredipdir. Onda geýen zatlarynda göwni suw içmändir.
Ýanyndakylara
Meni şeýle edip bezäň. Öz gözelligmie özüm aşyk bolup ýykylaýyn diýipdir.
Onda ýanyndakylar öýde bar bolan pullaryň hemmesini, geçileri, mallary, tehnikalary satyp ýeri hem satyp baryny pula öwürip pullary bolsa altyn zere sarp edip özüni şeýle bir bezäpdir welin aýna seredip özüni tanaman bu ýerde mendende owadan bir aýal bar diýip çaşyp ýykylypdyr. Ýanyndakylar hem oňa seredip olar hem ýykylyp galypdyrlar.
Diňe köne dostym ýykylmandyr. Ol geçileri bakyp berýin diýip gelse öýde jandar ýok. Dym-dyrslyk.
Näme bolduka allajanlarym bulara diýip gapyny kaksa aýalym zordan özüne gelen ekeni. Ol gelseň dogry seretme diýipdir. Meni aeroporta äkit ýarym gelýär diýipdir. Dostym satylman galan köne maşyny zordan otlap aýalymy mündürip aeroprta alyp gaýdypdyr. Emma ýol ýarpydan aganda aýalym maşynyň ýöreýşini haýal görüp maşyny togtadyp ondan düşüp uzyn ökjeli tüflisini eline alyp altyn-zerlerini şaňňyrdadyp aeroporta tarap ylgapdyr. Men bolsa bu wagt samolýetyň aýnasyndan seredip
Seni ylgap baryp garşylaryn diýen keýwanymy görjek bolýardym.
Seretsem hanha aşakda älemgoşar ýaly ýagtylyk samolet bilen deň ýügürýär. Men serdip ony tanadym. Ol älemgoşar ýaly zat meniň keýwanym bolup çykdy.
Men hem samolýetyň içinde gabawa düşen serçe ýaly iki ýana ylgap başladym. Meniň bolşymy gören gyz derrew uçar sürýäne habar etdi. Onda samolýet sürýän hem gören eken biziň boluşymyzy. Ol samolýoty ep-esli aşaklatdy. Haçanda samolýet tigirçegi ýere degende men samolýtyň gapysyndan özümi keýwanyň gujagyna okladym.Keýwanym meni tutyp aldy. Meni ýerde goýdy. Onsoň biz uzak wagtlap öpüşip hem gujaklaşyp durdyk. Haçan biziň yzymyzdan maşyn gelýänçe. Şeýdip biz keýwany ikimiz entek häli söýgümiziň öçmedigini bütün dünýä subut etdik. Biziň ähli boluşymyzy Amerikanyň sputnikleri göçürip alypdyrlar we derrew öz telekanallarynyň ählisinde, internet saýtlarynyň hemmesinde meşhur bolduk we bu meşhurluk bize köp peýda getirdi. Biz barada aýzyjylar ýazdylar, aýdymçylar aýdym aýytdylar, wideoçylar klip düzdiler, dizaýnerler biziň suratymyzy çekdiler, heýkeltaraşlar heýkel goýdylar.
Ertesi biz keýwany bilen ikimiz ýene şol tapçanmyzda çaý içip otyrdyk we indi näme etmelidigi barada maslahat edip otyrdyk.
7 |
2 |
0 |
0 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gamgyn gundelik
Olam sen yaly diyere zady kop bolup aljyrap durandyr-da, way. On cun beydip dessan duzmegem gerek dal-a....dowamy...
Zöhre jan bilen Tahyr jan
Tahyr jan ondan sorar boldy. Zöhre jandan he habar. Ol bu gün ýokdur. Onda Gülkamar aýytdy Tahyr jana. Eşidermiň sen diskoteka sesini. Zöhre jan...dowamy...
Gamgyn gundelik
Gülüm, eýýäm näçe wagt geçipdir biziň habarlaşmadygymyza... Ýadymda, soňky sapar gürleşenimizde öz söýgiliň barada aýdypdyň, ol barada ähli zady...dowamy...
Sorag jogap alyşalyň
25-ИТ-1. Okaýan gruppamyñ ady. Dogrumy aýtsam näme diýip girjegimi bilmedim po etomu şeý diýip ýazyp giräýdim...dowamy...
Sorag jogap alyşalyň
Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...