“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
Boxer : Будь собой, прочие роли уже заняты. (ОСКАР УАЙЛЬД)

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Aglama gurjak
 Täzeje
 Mishel [off]
 Şugün, 09:54

Hemişekimiz ýaly bag içindäki tapçanymyzda çaý içip başladyk söýgülim bilen. Depämizde bilibil saýrady gapdalymyzda torgaý, serçe. Towuklarymyz hol aralykdan gygy diýdi, sygyrlarymyz mooo, geçierimiz mää.
Çüýjükläp çayymyzy içdik, çöregimeize ýag çaldyk. Hemme zat gowy. Ýöne ynha söýgülimiň keýpi ýok.
Näme boldy saňa diýidim. Şol sortdyryp otyryşyň .
Onda ol
Sen dubaýa gitmeseň boljak däl. Men joralarymyň ýanynda , boýdaşlarymyň ýanynda kemsinýän. Olar bir tarapa men bir tarapa. Ortarada ýeke özüm galdym
Bu näme diýdigiň söýgülim. Günümiz gowy. Hemme zadymyz bar. Nalar ýaly hiç zat ýok.
Onda ol Ýok men bular barada aýytmaýan. Ynha joralarym bilen bir ýere ýygnanýas welin olaryň hiç haýsynyň ýary öz ýaynynda däl. Biriniň ýary Dubaýda, ikisiniň ýary Turkiýede, ýene üçüsiniň ýary Orsda. Olar bir ýygnanýalarda özleriniň meýdandaky ärleri barada dynman söz açýarlar. Men bolsa agzymy açyp bilmän otyryn çünki sen meniň ýanymda.
Sen düşünýäňmi meniň diýjek bolýan zadyma.?
Men
Çalarak düşünýän özä
Onda söýgülim
Ýok, sen doly düşünmelisiň şu aýydýanyma. Men sen barada näme diýeýin. Geçi bakýar diýeýinmi. Bu zatlaryň gyzygy ýok hiç kime.
Emma äri Dubaýda işleýän joram öz ahwaly barada aýdyp başlaýar welin biz aýallaryň hemmesi agzy açyp diňleýär.
Onda men
Dubaýda näme gyzykly zatlar bar eken.
Ýarym.
Mysal üçin Dubaý gaty yssy eken. Joramyň äri gündiz ýatyp gije salkynda işleýän eken. Beýik jaýlary gurýan eken. Deňize suwa düşýän eken.
Onda men
Bu gürrüňlerde näme gyzyk bar hemme aýallar dymyp üns berip diňlär ýaly. Bu gürrüňlerden ýene meniň geçilerimiň boluşy gyzykly. Onda meni diňle. Bu gün ala geçim ýok bolup gidipdir. Bir seretsem ýok. Nirä gitdikä bu juwanamerk diýip gözläp ýöresem ola yzda galypdyra hol Muhynyň ýol üstündki jöweniniň ortarasyna giripdirde jöwenden garnyny doýyryp garnyny elek ýaly edip geldi. Gördüňmi bu geçiniň kellesiniň işleýşini. Özüne özi ot tapyp öz garnyny özi otaryp geldi. Eger çyksa tizara geçilerede dil bitip olar hem adam ýaly öz hukugyny özleri sorasa gerek. Ýogsa biçäreleri her ýeten öldürip soýup iýip ýörler.
Söýgülim.
Emma seniň aýydaýnyňy men hemişe günde gözüm görýär. Joramyň aýydýanlary bolsa bizden iki müň kilometr ýat ýurtlarda bolup geçäýr. Şonuň üçin onyň gürrüňiniň gyzykly boljagyna sen ynanmaýaňmy
Söýgülimiň bu sözleri meniň ýüregime ýakyn bardy. Dogry ýakynyň, agdyrdanyň uzakda bolsa onyň ýönekeý gepi hem ullakan manyl söze öwrülýär. Bu barada men oýlanmandyryn. Diýmek seniň joralaryň özleriniň uzakdaky ýarlaryny ýatlap bir ýere üýşüp gam-gussa paýlaşýan ekeni. Sen şunymaňa ýetirjek bolupsyň.
Onsoň sen hem öz joralaryňa hemaýat etmek üçin meni Dubaýa göýberip olaryň gam-gussasyna hemdem bolmaçy bolýaň.
Bolupdyr. Bar diýeniň bolsun. Sen öbme men köýeýin. Geçileri satayynda Dubaýa işlemäne gideýin.
Iki günden soň men Dubaýdan ýaryma jaň etdim.
Alo, söýgülim. Men sag-aman Dubaýa geldim. Aýdyşlary ýaly bu ýer gaty yssy ekeni. Janymyz kondisioner saklaýar. Seniň özüň nähili. Meni gaýgy etme. Dört ýyl diýeniň hä diýmän geçip gider.
Ýarym.
Bu gyzlary görýän. Olara seniň hem Dubaýa gidendigiňi aýdyp bermekçi. Bir topar sözlem düzdüm öz ýanymdan gürrüňim gyzlara ýoksun diýip.
Üç gün geçip gitdi bu gepleşikden soň.
Ýarym
Gyzlara aýdyp berdim seniň gidip galanyňy. Aýdyp otyrkam gözüme ýaş geldi. Häläm gyzlar köşeşdirdiler...
Onsoň ýadyma düşen şu goşgyny aýdyp berdim
Aglama gurjak
Seni eý görjek
Tikip täzeje
Köýnek geýdirjek
Onsoň bileje
Gideris baga
Biz gezelenje


7

3

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gamgyn gundelik


Olam sen yaly diyere zady kop bolup aljyrap durandyr-da, way. On cun beydip dessan duzmegem gerek dal-a....dowamy...
Erkin mowzuklar | Gamgyn gundelik
Belki (Düýn, 02:55)

Sorag jogap alyşalyň


Gullukdan mayda geldim gullukda Orazik diyerdiler familya Orazow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Orazik (Düýn, 01:14)

Gamgyn gundelik


Gülüm, eýýäm näçe wagt geçipdir biziň habarlaşmadygymyza... Ýadymda, soňky sapar gürleşenimizde öz söýgiliň barada aýdypdyň, ol barada ähli zady...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gamgyn gundelik
Mizan (14.11.2025 / 23:26)

Sorag jogap alyşalyň


Adym hem familyamyñ baş harpy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
MaksatH (14.11.2025 / 19:40)

Sorag jogap alyşalyň


Yuregime yakyn soz shon un ulanyan shu sozi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
yurekdesh (14.11.2025 / 01:22)

Sorag jogap alyşalyň


25-ИТ-1. Okaýan gruppamyñ ady. Dogrumy aýtsam näme diýip girjegimi bilmedim po etomu şeý diýip ýazyp giräýdim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
25-ИТ-1 (13.11.2025 / 20:14)

Sorag jogap alyşalyň


Daniel bu meñ adym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Daniel (12.11.2025 / 20:27)

Sorag jogap alyşalyň


Vector_pro esasan, ulanyjynyň tehniki ugurlarda ýokary hünär derejesine eýedigini görkezmek üçin ulanylýar.Şoñ üçin şuny sayladym....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Vector_Pro (12.11.2025 / 16:10)

Sorag jogap alyşalyň


Men öz nikimiñ manysy:Akyl ýetirmeklik taýdan adamda bar bolan tebigy ukyp, talant. Haladym we so niki sayladym soñ ucn!ukyp basarnygymyñ ady Тал...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Талант (12.11.2025 / 14:00)

Sorag jogap alyşalyň


Bezzat @senyorita ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap alyşalyň
Good (12.11.2025 / 13:20)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->