“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.ru - 👉 Tanyşlyk Chat 👈
Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Nesibelini suwa gark etsen agzy balykly cykarmys#yurekdes

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bu saýtyň gyzlary meni gyzyklandyrmýar
 Täzeje
 Mishel [off]
 Düýn, 21:21

Internetde bir ýigit şeýle gürrüň berýär.
Men bu ýigidiň aýdanlaryny size ýetirýärin.
-Internetde bir aýal bilen tanyşdym. Ganynda musulmanyň gany bar ekeni bu aýalyň. Ady Agata. Ol özüniň ärlidigini aýytdy emma men bu aýaly aýalym bolsada özüne çekiji keşbi üçin söýdüm. Göz öňüne getiriň. Göwnüme bu aýal bilen men haçanda bir ýerde duşyp galjak ýaly boldum. Aýalyň äri ors. Bir çagasy bar. Suraty özüne çekiji. Internetde meniň bilen gepleýşi sylag-hormatly. Göwnüme ol hem meni söýen ýaly men hem ony söýen ýaly. Emma meniň aýalym bar onuň bolsa äri. Biz birnäçe aý dowamynda sözleşdik. Biri-birimize söýgi sözlerini aýytdyk. Biz biri-birimize şeýle diýýärdik. Haçanda bolsa, mümkin ýigrimi ýyldanda soň biz bir sebäp bilen duşuşarys diýýärdik. Şonda biz bagtly bolarys diýýärdik.
Ýöne nireden gelenini özüm bilemak. Kelläme şu pikir geldi.
Ol ärli aýal nädip meni söýüp biler? Onuň äri bar. Äri bilen ýatyp turýar. Men bu ýerde ony söýýärin. Men nädip äri bilen ýatyp turýan aýaly söýüp bilerin.Bu söýgümi?
Bu ýerde bir oýun bolmasyn. Ol aýal meniň söýýän diýen sözlerimi ärine aýdyp berýän bolsa olar iki bolup meniň üstümden gülýändirler.
Ikinji bir pikir şeýledi. Men erkek adam. Bir erkegiň aýalyny azdyrmak maňa dogry gelýärmi. Ýok. Erkek erkege namartlyk etmegi gowy zat däl.
Şu pikirlerden soň men ol aýal bilen ýazyşmany goýdym emma ony yzarlamany dowam etdim. Özi bilen gepleşmezden. Onuň nähili aýaldygyny biljek bolup.
Başga bir erkek adam ondan sorady. Bu ýerde özüňe taý tapdyňmy diýip. Şonda aýal şeýle diýidi
Öz taýymy tapdym emma tutyp galyp bilmedim. Tizara bu aýal bu saýty taşlap gitdi.
Dogry şonda men bildim. Onuň meni söýenini. Meni görmesede. Ol meniň suratymy sorady emma men oňa suratymy bermedim. Ol meni söýdi diňe oňa aýydan sözlerime esaslanyp. Onuň bolsa suraty bardy. Men hem ony suraty üçin söýmedim. Onuň maňa diýen sözleri üçin söýdüm.
Maňa Germaniýada bolmak mümkinçiligi bolarmy ýada ýok. Men muny bilmeýärin. Ýöne men Germaniýa barsam ony görmäne synanşaryyn. Söýmek üçin däl. Ýöne tanyşlyk üçin.
Kime men göwün beripdirin şuny bilmek üçin. Ol döwürde mümkin ol ärsiz bolar. Men hem aýalsyz. Onda biz söýüşmegimiz mümkin.
Ýöne ärli aýaly söýmek mümkin däl. Bu günä. Hem kast. Erkek adamyň erkek adama kast etmeginiň soňy gowy gutarmaýar.

Bu barada ikinji bir bir wakany size aýdyp bereýin. Milleti rus bolan bir ýigidiň aýaly we ondan bolan dört ýaşlyja gyzy bolýar. Ýigit öz aýalynyň oňa ikilik edýänini duýyp başlaýar. Ýigit aýalyna duýdyrýar. Egerde seniň ikilik edeniň maňa subudy ýetip gelse men seni öldürýen. Emma aýaly ärini pisent etmeýärde başga erkek bilen ýatyp turýar. Äri üçin indi subut bar. Ol aýalyny öldürmek üçin wagty peýläp alýar. Gündiziň güni öýüne gelýärde aýalyan iki pyçagy urýar. Bu wagt aýaly entek ölenok. Enesine iki pyçagyň urylyp onuň agyp düşenini dört ýaşlyja gyzjagaz görüp dur emma ol entek ölümiň nämedigini bilmeýänligi üçin atasyndan soraýar.
Enem öldümi?.
Onda atasy.
Ýok ölenak diýýärde öz gyzjagazyna ýapyşýar. Çagany öldürmek üçin bogyp başlaýar. Ganyny akdyryp ýatan ene ärine ýalbarýar. Öldürme diýip. Emma ýigit çagany bogyp öldürýärde yzyndan enesini hem öldürýär.
Şeýle ýagdaý meniň bilen bolup geçse nähili bolar. Örän ýaman bolar. Şulary ýatda saklan halda men internetde aýal-gyz bilen tanyşmaýan we söýüşmeýen hem.


21

11

0

1

1

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bu saýtyň gyzlary üçin bu saýtyň oglanlary kim


келлан ажапдыр сена арсиран...dowamy...

IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 3.


Sagbol yetirenine yetirip dur yene...dowamy...

Danalardan dürdäneler


Status edip alaymaly sozler ba eken ...dowamy...

Bu saýtyň gyzlary üçin bu saýtyň oglanlary kim


Что ты за существа бля*дь...dowamy...

Bu saýtyň gyzlary üçin bu saýtyň oglanlary kim


Ýok bolsanaý işi gaýdan...dowamy...

Gurruňdeşlik


Talyplar.kom da Yashalym bilen Payhasly yaly opsy niklerden giryadim....dowamy...
Erkin mowzuklar | Gurruňdeşlik
Ahmal (Düýn, 22:30)

Gurruňdeşlik


vii adyn tanys indi tanadym bagyslaweri...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gurruňdeşlik
FULL_KING (Düýn, 02:05)

Gurruňdeşlik


men General diyip giryadim sen tanayanmy tanamayanmy sen ony bilemok dogrymy aytsam mena seni tanamak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gurruňdeşlik
FULL_KING (Düýn, 02:04)

Sorag jogap


Şu wagtam ýadymda 2011 de ertir.com saýtyna agza bolupdym. Geñ zady el telfonym nokia 6303. @muşdak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap
MaksatH (24.11.2025 / 19:56)

Sorag jogap


2024 de men Korolev diyip girip başlapdym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag jogap
Richci (24.11.2025 / 18:48)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->