“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Her derde deva olan şey; sarımsak mıydı, sarılmak mıydı? Karıştırdım.
Bozuk zenanyñ nalasy bolan waka | Teswirler
 Öwreniji
Muawiye [off] (01.01.1970 / 05:00)
Nowçaňkydymy şu hekaýa? Mundan 6-7 ýyl mundan ozal okapdym öýdýän şuny. "Bolan waka" diýibem ýazypdyrlar, hawa, Näzigiň ýanynda mydama biri oturyp, elinde depderçe, ol garraýança hemme durmuşyny ýanyndan aýrylman ýazypdyr. Hatda düýşüne çenli görüpdir we belläp galypdyr "şeýle-şeýle düýş gördi" diýip. Hatda oturylyşyga-da barypdyr awtorymyz, iki aýalyň gybatyna şaýat bolup, göni ikisiniň arasynda gürrüňlerini ýazyp oturypdyr. Hatda Türkdäki ejesindenem habar alyp, onuňam nähilekdigini beýan edipdir...))))

Gaty manysyzda.) "Bolan waka" diýmegi eýýäm hekaýanyň bütinleý ýalan, diňe adamlary aldap, olaryň duýgularyna ýüzlenmek üçin ýazylandygyny belli-dä. Awtorymyz tüweleme ömrüni Näzik bilen geçiripdir we telepatiýa ýoly bilen, düýşüne-de girip bilýär eken, bu hekaýadan has möhüm zat meniň pikirimçe.)

Hekaýadaky beriljek bolýan öwüt, many belli. Ýagny bir many bar. Ýöne bu manyny ýalňyş ýollar bilen bermäge synanyşypdyrlar.
Ärli bolmak, abraýly bolmak däl. Är kim? Nä durmuş nikadan ybaratmy? Ýa-da bir ärden ybaratmy? Ärli bolsaň awtomatiki abraýly bolýaňmy? Bu birinji säwlik. Hojalyk gurmak, çaga dogurmak, ärli bolmak, bu zatlar şahsy zatlar. Şeýle-de çaga dogurmaga-da garşylyk köpelip ugrady häzirki döwür. Sebäbi indi adamlar öňki ýaly 5-10 çaga doguryp, ony arkaýyn ekläp bilmeýärler. Esasy kariýera, kär, özüňi kämilleşdirmäge, umuman şahsyýete esaslanýar häzirki döwür. Çaga dogurmaga gaty köp kişi garşy şuwagt we islänoklar. Mysal üçin muny käbir teatr sahnalarynda-da ýerine ýetiripdirler. Ýa-da meşhurlardan alsak, Feride Özdinç, nika islemeýändigini beýan etdi. Hemme aýal çaga islär diýlen zat ýok, ýöne muny köpüsi aýdyp bilenok sebäbi "enelik" mukaddes hasaplanýar köp jemgyýetde.

Başga bir taraby bolsa, Näzik ýaly kişiler beýdip nalap, gynanyp durmaýar. Gaýta gaty şadyýan ýaşaýarlar we ömrüniň soňuna çenli durmuşyndan razy bolup gidýär hemmesi diýen ýaly. Elbetde diňe pul üçin beýdip ýörmek gelşikli däl ýöne bu bir kişiniň saýlawy, adamlara zeper ýetirmeýän bolsa, zyýany ýetmeýän bolsa, özi hem durmuşyndan razy bolsa men näme edeýin oňa goşulyp? Hekaýa biraz dramatikleşdiripdir bu ýagdaýy. Galyberse-de Näzigiň jorasyna beren jogaby hem logiki taýdan erbet däl, özüne görä.

Çagaly, ärli eneler nä hemmesi idilidir öýdýäňizmi? Biziň gelinlerimiziň-ä bütinleý hemmesi diýen ýaly baryp ýatan gögele, agzysary we jahyl. Muny 20 we 30 müňlik gyz-gelin hasaplarynda görmek bolýar. Gaýta olar has zyýanly sebäbi özüni bir gram kämilleşdirmändirler, ikinjiden özüni kämilleşdirmändigi üçinem çaga ýetişdirmegi, dogry terbiýe bermegi bilenoklar, şeýlelik bilen jemgyýete akmak adamlar ýetişdirmekden başga wezipe ýerine ýetirenoklar. Daşaryk çykyp, köçelere serediň iň bolmanda, ýa-da iň bolmanda mekdep okuwçylaryna serediň. Käbiri çaga edip gaýta beter zeper ýetirýärler, Näzik dogurman gowy edipdir gaýta bulara garaňda. Özüň gaty kämil adam bolup, kämil sowatly, ahlakly, düşünjeli, gözýetimli adam bolsaň, ana ondan soň çaga dogursaň olar, olam diňe 1 (ýa-da 2) sany. Ýöne hany beýle kişiler barmy?

Adamlary ahlaksyzlyk bilen ýazgarmaga synanyşýarlar ýöne özlerem örän sowatsyz, jahyl adamlar, ony näme etjek?

Gepiň keltesi, utançdan ýaňa gülüp okadym hekaýany.) Çaga logikasynda ýazylan. Diňe "boldy-geçdi" hekaýalardan biri bulam. Şular ýaly zatlara ähmiýet bereniňizden, kitaplara, ylym-bilime üns berip, diňe kiçijek, dar pikirlenmän tankytlaýjy göz bilen köp taraplaýyn pikir etmek has peýdaly.
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

COLLECTIVE


Isinizde ustunlik...dowamy...
Saýt täzelikleri | COLLECTIVE
BAYOGUL (Şugün, 23:43)

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Sunca zady nirden tapyanay...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Belki gyzymyzyň ýekeje özi keýpine görä ýaryş gurnap, üstesine özüniň hili gaty pes bolan we aforizm hem bolmadyk suratyna ýokary ball berip, özü...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


"Belki (Şugün, 23:19) Jogαp Muawiye, subutnama dal bu. Dine garayys. Delil hasap edyan zatlaryn ahlisinde oz garaysyn bar." Eger şu sözi...dowamy...

Oglanlara sorag


estafurallah...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Aslynda şeýle adalatsyzlyk ediljegini bilýärdimem-le, ynamymam ýokdy ýöne "iberip galaýyn-la" diýäýdim. Eýýäm ýaryşa gatnaşyjylaryň barsynyň diýe...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Umuman, Belki gyzymyz gaty adalatsyz ýaryş gurnapdyr welin çeni-çaky ýok.) Hatda käbir suratlar şertlere ters gelýär, ýöne şertlere ters gelýän z...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Üçünji emin agza has adalatsyz hereket edipdir ýa-da hakykatdanam idili zat saýlap bilenok. Gaty adam saýlapsyň bu ýerde. Meniň sözlerime sähel...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Ikinji emin agza-da şeýle. Ýazan zadyna serediň-ä: [b]"Ynsanyň özüni söÿmegi hiç zat gazandyrmaýar diňe ýaşaýşa bolan höwesi artdyrýar.Durmuşda...dowamy...

Aforizmli surat bäsleşiginiñ jemi


Beýbä bu nebela adalatsyzlyk? Bu nebela ähmiýetsiz netije? Emin agzalar şaňmy, güňmi, ýa serhoşkalar baha berdilermi? Birinji emin agza, @Sebäp...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика