Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Bozuk zenanyñ nalasy bolan waka
 Täzeje
 Arslan_Alayew [off]
 08.05.2024 / 07:44

"Bozuk zenanyñ nalasy" bolan waka

Nazik mekdepde okan dòwri hem kòp oglan bilen gepleśip, biri bilen sòyiśse biri bilen soyiśman gezyardi
Ol biriñ yeke çagasydy, ejesi Nazik kićijekga Turkiya ishlemage gidipdi, kakasy welin yokdy.
Ol Nazik kiçijekga baśga heley bilen gezip, bulary taślap gidipdi.
Nazigiñ ejesi hem ayrylyśyp atasy òyne gaydypdy, soñ hem hiç kime barman bozuk jorasynyñ maslahty boyynça Turkiya iślemage gidipdi.
Ol gaty owadan zenandy, ony yeke erkek hem deñinden geçirerlikli daldi, mylayymdy, alçakdy

Ol śo tayda bir bay turk bilen tanśyp, ilkiha gezip soñ hem nikaly oña durmyśa çykdy.
Nazik bolsa yadyndan çykdy , ony garry ejesinde goyyp ,aralygynda ony muny ugradyp duryardy.
Nazigiñ geljegi barada welin alada edere adam yokdy.
Ýetiśip baryan yetginjek gyz, ejesindende has owadan bolyp yetiśdi
Ol gawat gelen yigit bilen soyiśdi, oña hay kùś diyere welin garry mamasyndan baśga adam yokdy.Ol edeni etdi
Orta mekdebi tamamlap śaherdaki litseye okuwa girdi, onyñ owadan keśbi diñe krusdaślarynyñ unsuni dal, eysem oylenen yigitleriñ hem unsuni ozune çekyardi
Nazik barly, barly baylaryñ çagalary bilen gezip, òzini litseyiñ melikesidir òytmeyardi.
Joralaryndan òñurti heniz iller geyip yetiśmañka ilki çykan egin eśikleri geyyardi, ony pul ,egin eśik bilen doly upjun etyan hem uly sòwda merkeziniñ baślygydy
Òz kakasy bilen deñ duś bolan, bu adam Nazik name geplese śo gun bitiryardi, bolmasa onyñ maśgalasy hem bardy yone ol Nazik bilen yaśap baślady we bu sowdegariñ ikinji ayaly bolyp galdyberdi
Wagt bolsa geçip durdy. Òz deñ duślary durmyśa çykyp, hersi bir hojalyk bolyp gitdi
Gùnlerde bir gun bularyñ klasy gutaryś yyllyk etdiler, muña klasdaślary uyśup geldiler.
Nazik hem bir gyldan bezenip oda bardy, mekdep joralary uyśup otyrkalar Nazige
-Nazikjan jorajan köne endigiñ goyda senem birne durmyśa çykda, çaga edinip ile gune gośyl, bu bolsyñ bilen gitseñ yeke oyliñ horazy yaly bolyp gidersiñda, o mamañ gorguli yogalanda hatda patasyna hem baraymansyñ, illap günläp jaylapdyrlar ne ejeñ geldi, nede sen, aklyña aylan senem, diyip mekdep jorasy Abadan janygyp duśundirjek boldy,Nazik bolsa
-goyaberi jorajan ár bolarma, ine sen bardyñamda name eśreti bar, mellek, mal gara,hapa supa sùpurip oyiñ arassa saklajak bolyp ylgaślap yòrsùñà, oz yuzuńe bir seret 40-ya§an gelnejeler hem senden yaś gòrunya
A men are barmasamda tutyś yurda bar bolan sanitoriyasyny, yadygarlik yerlerni, zyyarat edip çykdym, śu yurtda aylanmadyk yerim galmady, dilim geplan zadyny geydim, dilim geplan zadyny iydim, gezdim.
A sen arden name gòrdùñ, egninizdaki koynegiñizema bolsa 50 manatdyr, ony hem alyp geyere yer tapman śofenerde goyyarsyńyz. Hany ayt ariñ doglan gunine name alyp berdi, iñ barkisi śony aytday maña, bolsa śtapel koynekdir yada śoda yokdyr, a meniñ doglan gunune bolsa brilyant komplekt, braslet, 100 gr kardinal, a sende bolsa yeke gyzylyñ hem yoga seniñ, bar gazanyñyz hojalyga gityar, ya gityarmiñ sanitoriyalara ariñ alyp bir gezekjik gidip gordunmi, jorajan durmyś yolymy òzum sayladym, senem ózuñ, śonyñ uçin hem sena òz yolyñ bilen git menem òz yollym bilen okeymi
-biziñka bir aytmak, bizde señki yaly pul, maśyn, gymmat baha śay sep bolmasada o zatlaryñ bahasyna yetip bolmajak awraymyz bar, galanyny hem òziñ bil, jora hokmunde saña berjek maslahat berdim
Nazigiñ bolsa piñine hem daldi, klasdaś yigitleri bilen içdi, tans etdi wagtyny hoś geçirdi, sagat 11-lere bolsa ynha dayowja gelśikli jip maśynda bir yigit bulara giden morojnany getirip Nazigi òyine alyp gitdi
Durmyś òz akymyna gityardi ondan bari epesli yyllar ara duśdi.
Indi Nazik garrady yaśy elliden geçdi, gezyaniñ muña goyyan baylygy Nazigiñ yene bir òmrune yetjekdi, maśyn, jay, gymmatbaha śay sepler, pul ay garaz name diyseñ bardy.
Indi bu òyde ala goh tuzuryan çaga yokdy, òzi dogurardan giçdi sebabi ol bir naçe gezek gowresindaki çagany ayyrdypdy, gezyan adamsy goy dogulsyn eklarin oda çagam diysede figurama zeper yetyar diyip, çagany dogurmandy.

Indi giden howlyda yeke òzi yaśayarsy, otyryp otyryp mekdep jorasynyñ aytdan sòzi gulagynda yañlanyp durdy, ony kusedi, jorasyny idap onyñ gozlegine çykdy bir gujakla§yp śo gunki godek sòzini bagyshla diyesi gelip, jorasynyñ gapysyndan atledi.
Onyñ òñunden bir yetginjek gyz ćykdy, ini jiglap gitdi, ol bir wagtky jorasynyñ boy gyz dòwrundaki edilje òzudi. Ol ondan
-balam ejeñ òydemi diyip sorady
-salam daysa, size kim gerek ejemmi
-howwa gyzym ejeñ gerekdi sen Abadanyñ gyzy dami, gaty meñześ ekeniñ tuweleme
-howwa dayza men onyñ gyzy, yone ejem kakam yok
-ha name olar bir yere gitdimi, gyzym
-dayza ejem ,kakam awariya bolanda, erbet yaramady we kakam yogalandan soñ ejem hem 6-ayy geçmañka oda yogaldy, indi ikisam yok, bize doganym seretyar
-nameeeeeeeeeeee
Nazik yykylman zordan òzini yere otyrdy, demini dursap sesiniñ yetdiginden aglady, aglap aglap jorasynyñ çagalarnyñ gòzgyny halyna yuregi awap, zordan oyine òzini atdy

Òye gelip o oyde bir dówum çorek hem tapmak uçin ,il guniñ hyzmatyn edip yoren jorasynyñ çagalaryna gòz gulak bolmak ucin, òzi eye çykdy
Onyñ oglyny okuwa saldy, gyzyna komputer maśyn alyp berip, tikinçilik seh açyp berdi, kiçi oglyny zehinliler mekdebine yerleśdirdi. Onyñ iñ uly ogly giçgi giyew bolyp gayynlaryna yaśayan eken, ol jiglerine komek berer yaly gazanjy yok eken, òran az eken, òz mašgalasyn zordan ekleyan eken.
Ony hem çagyryp iśikdaki gum basyp duran maśyny adyna geçirip berdi, iśiñden daśary krey hem edersiñ diyip oñada ony berdi
Nazik jorasynyñ çagalarny òz çagasy yaly gòrdi, ol arinden galan bar baylyklary jorasynyñ çagasyna paylap, maśyny ,jayy hem olaryñ adyna geçirdi.
Howa yssydy. Nazik yssylap daś çykdy, daśarda duran krawatynyñ ustunde gyśardy, ol duyś gòrdi, dùyśunde Abadan
-Nazik gel senem, biziñ yanymyza,
-bagyśla Abadan meni, bagyšla
-men seni bir çak bagyśladyma, diyen sòzine tisginip turdy, we yene gyśardy
Gun guślyga baryberipdi, jorasynyñ gyzy
-dayza bu gùn na beyle, gùn dùśùp gitda, turjak dalmi, diyip yralady .
Birden hem
-dayzzaaaaaaaaaaa, diyip çirkin gygyrdy...........
Nazik yurdyny tazelapdi, indi ol baky uka, jorasynyñ yanyna gidipdi.......


123

21

10

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 08.05.2024 / 11:49

+0

Mlds gowy eke

 Täzeje
 10asevdali [off]
  Ýüregimdäki adamyñ pikirindede ýok men
 08.05.2024 / 11:52

+0

Siz goşgy düzýäňizmi?!

 Öwreniji
 Miss_minnosh [off]
  _ не смотри вокруг,там нет такая как я🤍🦋...
 08.05.2024 / 11:56

+0

бях...гызыклы

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 08.05.2024 / 12:45

+0

Öň men açypdym bu mowzugy


Täzeje
Arslan_Alayew  (08.05.2024 / 13:31) 

rexha, dogry açansyñ men senden görüp açamoga

 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 08.05.2024 / 12:45

+0

mowzuk_8501.html

 Täzeje
 Мухадова [4s]
  Сессиздирин йоне кор дал!
 08.05.2024 / 13:42

+0

гоу екени

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 08.05.2024 / 14:48

+1

her hekayaň soňy yaman gouda hasda şunyaly soňunna yogalya welin gyzykly bolya meň üçin

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 08.05.2024 / 14:50

+0

Nazik yurdyny tazelapdi, indi ol baky uka, jorasynyñ yanyna gidipdi.......


 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 08.05.2024 / 15:09

+0

Nowçaňkydymy şu hekaýa? Mundan 6-7 ýyl mundan ozal okapdym öýdýän şuny. "Bolan waka" diýibem ýazypdyrlar, hawa, Näzigiň ýanynda mydama biri oturyp, elinde depderçe, ol garraýança hemme durmuşyny ýanyndan aýrylman ýazypdyr. Hatda düýşüne çenli görüpdir we belläp galypdyr "şeýle-şeýle düýş gördi" diýip. Hatda oturylyşyga-da barypdyr awtorymyz, iki aýalyň gybatyna şaýat bolup, göni ikisiniň arasynda gürrüňlerini ýazyp oturypdyr. Hatda Türkdäki ejesindenem habar alyp, onuňam nähilekdigini beýan edipdir...))))

Gaty manysyzda.) "Bolan waka" diýmegi eýýäm hekaýanyň bütinleý ýalan, diňe adamlary aldap, olaryň duýgularyna ýüzlenmek üçin ýazylandygyny belli-dä. Awtorymyz tüweleme ömrüni Näzik bilen geçiripdir we telepatiýa ýoly bilen, düýşüne-de girip bilýär eken, bu hekaýadan has möhüm zat meniň pikirimçe.)

Hekaýadaky beriljek bolýan öwüt, many belli. Ýagny bir many bar. Ýöne bu manyny ýalňyş ýollar bilen bermäge synanyşypdyrlar.
Ärli bolmak, abraýly bolmak däl. Är kim? Nä durmuş nikadan ybaratmy? Ýa-da bir ärden ybaratmy? Ärli bolsaň awtomatiki abraýly bolýaňmy? Bu birinji säwlik. Hojalyk gurmak, çaga dogurmak, ärli bolmak, bu zatlar şahsy zatlar. Şeýle-de çaga dogurmaga-da garşylyk köpelip ugrady häzirki döwür. Sebäbi indi adamlar öňki ýaly 5-10 çaga doguryp, ony arkaýyn ekläp bilmeýärler. Esasy kariýera, kär, özüňi kämilleşdirmäge, umuman şahsyýete esaslanýar häzirki döwür. Çaga dogurmaga gaty köp kişi garşy şuwagt we islänoklar. Mysal üçin muny käbir teatr sahnalarynda-da ýerine ýetiripdirler. Ýa-da meşhurlardan alsak, Feride Özdinç, nika islemeýändigini beýan etdi. Hemme aýal çaga islär diýlen zat ýok, ýöne muny köpüsi aýdyp bilenok sebäbi "enelik" mukaddes hasaplanýar köp jemgyýetde.

Başga bir taraby bolsa, Näzik ýaly kişiler beýdip nalap, gynanyp durmaýar. Gaýta gaty şadyýan ýaşaýarlar we ömrüniň soňuna çenli durmuşyndan razy bolup gidýär hemmesi diýen ýaly. Elbetde diňe pul üçin beýdip ýörmek gelşikli däl ýöne bu bir kişiniň saýlawy, adamlara zeper ýetirmeýän bolsa, zyýany ýetmeýän bolsa, özi hem durmuşyndan razy bolsa men näme edeýin oňa goşulyp? Hekaýa biraz dramatikleşdiripdir bu ýagdaýy. Galyberse-de Näzigiň jorasyna beren jogaby hem logiki taýdan erbet däl, özüne görä.

Çagaly, ärli eneler nä hemmesi idilidir öýdýäňizmi? Biziň gelinlerimiziň-ä bütinleý hemmesi diýen ýaly baryp ýatan gögele, agzysary we jahyl. Muny 20 we 30 müňlik gyz-gelin hasaplarynda görmek bolýar. Gaýta olar has zyýanly sebäbi özüni bir gram kämilleşdirmändirler, ikinjiden özüni kämilleşdirmändigi üçinem çaga ýetişdirmegi, dogry terbiýe bermegi bilenoklar, şeýlelik bilen jemgyýete akmak adamlar ýetişdirmekden başga wezipe ýerine ýetirenoklar. Daşaryk çykyp, köçelere serediň iň bolmanda, ýa-da iň bolmanda mekdep okuwçylaryna serediň. Käbiri çaga edip gaýta beter zeper ýetirýärler, Näzik dogurman gowy edipdir gaýta bulara garaňda. Özüň gaty kämil adam bolup, kämil sowatly, ahlakly, düşünjeli, gözýetimli adam bolsaň, ana ondan soň çaga dogursaň olar, olam diňe 1 (ýa-da 2) sany. Ýöne hany beýle kişiler barmy?

Adamlary ahlaksyzlyk bilen ýazgarmaga synanyşýarlar ýöne özlerem örän sowatsyz, jahyl adamlar, ony näme etjek?

Gepiň keltesi, utançdan ýaňa gülüp okadym hekaýany.) Çaga logikasynda ýazylan. Diňe "boldy-geçdi" hekaýalardan biri bulam. Şular ýaly zatlara ähmiýet bereniňizden, kitaplara, ylym-bilime üns berip, diňe kiçijek, dar pikirlenmän tankytlaýjy göz bilen köp taraplaýyn pikir etmek has peýdaly.

 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 08.05.2024 / 23:14

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dillen..!


Gowy bolan 🙂...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Belki (Şugün, 18:30)

Dillen..!


Şular ýaly goşgy ýazyp bilýärkäňiz, näme ün adyňyzy gizleýärsiňiz? Buýsanmak gerek. Juda täsirli goşgy. Okanyňda suw ýaly akyp dur. Ylham çeşmä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Gulmahrem (Şugün, 18:17)

Dillen..!


😇:-)))...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
Машарипова (Şugün, 18:09)

Dutar heňi🙂


Goşgyny birtäsin gördüm bir zat aýdyljak bolan ýaly welin gepiň uzap gitmegi bilen gyzygyny gaçyrypdyr. Awtora Üstünlik ýetirip duruň!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
Hyyalbent (Şugün, 17:03)

Adamlara ynanyp


Hekaýalaram bar öýdýän şu şahyryň?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
Gulmahrem (Şugün, 16:21)

💎💎💎💎


Goşgyny adatyrak gördüm soňky iki goşgusynam ýa meniň goşgudan gözleýän zadym başgaçarak zatdyr, garaz her kime her hili goşgy ýaraýar. Awtora Üs...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hyyalbent (Şugün, 14:08)

💎💎💎💎


Tarypyna söz yok juda gowyy...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Hanogul (Şugün, 12:50)

💎💎💎💎


Malades...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
Akademik3 (Şugün, 12:41)

Ýüregimiň armanydyr


Brawooo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
Akademik3 (Şugün, 12:40)

c/c++ programma dilinde ilkinji programma


İslenilip capa cykan gornusi bu suratda yerlesdilen...dowamy...
Programmirleme dilleri | c/c++ programma dilinde ilkinji programma
Akademik3 (Şugün, 12:16)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика