Ýürekdeş sözler!
Gara Saçyň Dökülipdir Döşiňe
xuliganka [off]26.01.2024 / 10:12
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Hormatly we mähriban agzalar meñ söýgili duşmanlarym we habar soraşýan dostlarym...
Hemme kişiñ bilmedik ýada bilýän bir zadyny gürrüñ bereýin.Bu bolan waka..........
80-nji 90-njy ýyllarda aşgabat şäherinde säherde bir oglan bilen bir gözel gyz tanyşypdyrlar.
Soñra bular birek birege göwin berip biri birini hasda ýürekden söýüp toý etme karara gelýäler.
Oglan bilen gyz ikisem aşgabatda hytrowka raýonnynda ýaşaýan eken.
Şeýdip toý sähedini alypdyrlar.
Toýa bir aý galanda
Oglany moskwa kamandrowka ugradýalar.
Kamandrowkany dynyp öýine tarap ýöräp gelýän oglan gyzyñ öýiniñ gabadyna ýetende gyzyñ öýleriniñ öñindäki jemagady görip şol howla tarap ýöreýär haçanda tabydy görip daşaryk çykjak bolanlarynda gyz şol tabydyñ içinde ýatyr eken.Şol pursatda gyzyñ saçlary ýüzi bilen döşlerini ýapyp duran eken.
Oglan kamandrowkada wagty gyz (yrak) keseli bilen keselläp aradan çykypdyr.
Aradan esli wagt geçensoñ gyzyñ maşgalasy şol oglana ölen gyzyñ jigisini gelin edip beripdirler.
Şol bolan wakadan soñ oglan şu goşgyny ýazypdyr.
Gara saçyñ dökilipdir döşiñe
Ne söwdalar düşdi meniñ başyma
Baryñ aýdyñ gara gözli ýaryma
Aýralyk hasraty düşdi başyma.
Dünýä sährasyndan gidirdim seni
Tapsam bererin saña bu şirin jany
Neçün ukladym men gidirdim seni
Arman uklatmady meni mährijan.
Bu wakadan köp wagt geçensoñ bir toýda saba artykow bilen ýañky oglan gabatlaşýar.
Şonda oglan bir aýdym çykarmagyny haýyş edip şol goşgyny bagşa beripdir.
Şunlykda gara saç aýdymy döräpdir.
Öz söýenini alyp bilmedik oglan bolsa ýogalan gyzyň jigsine öýlenipdir...
Siziñ üçin azap çekip ähli maglumatlary jemlän awtor:GBS
213 |
34 |
8 |
9 |
0 |
0 |
2 |
Teswirler:
Dreamfull [off]
Каждому нужен кто-то, кто его выслушает.
26.01.2024 / 12:32
+0
Aydymyny yatdan bilian gitara versiasynam seyle
zveezda [off]
Adamly günlerden aramy açdym, adaty günleriň gyzygy gaçdy
26.01.2024 / 12:45
+1
Wakasy has gynancly eken
Seyidovfilm [off]
27.01.2024 / 19:16
+0
Su aydymy Ahmet dam dam gowy aytya sesi gaty gowy sol aydymda yone
Daniel [off]
Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
10.12.2025 / 09:38
+0
Gynançly waka eken ýöne bu talyp mugallymlar bolumine dogry gelenok
Soňky teswirler
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (Şugün, 10:12)
Belki (Şugün, 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...
