“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
OLiNKa : I can be a good friend,but a bad enemy#OLiNKa

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

Ikilik, aýdymçylyk ukyby we ş.m. hakda kelam agyz
 Täzeje
 dabir [off]
 Şugün, 16:48

Dostum bir gezek, ikinji synpda okaýan wagtlarymyz aýdym sapagyndan ikilik aldy. Dogrusy, sesim-ä “bilbilgöýäňki” ýaly, heňi-mukamy eşidiş ukybymam, dünýä belli opera aýdymçysy Luççano Pawarottiňki mysaly bolandygy sebäpli, meniňem şu sapakdan gözüm ikilikden açylmazdy. Kädaýym, şol dersden okadýan, onuň ejesi aýtmyşlaýyn: “konserwatoriýany tükedip, şäherli saçy kesilen, akly arwahyňkydan azan, jilk-jilk ýelkildiklere aldyrman-ýoldurman, sag-aman musulman ata-enesiniň örýän mähriban ojagyna dolanyp gelen”, goňşy köçede ýaşaýan ýaş mugallym oglan, dözmän, maňa-da il deňinde üçlüjek goýaýdygy dagy toý toýlabermeli hadysa öwrülerdi.
Emma-ki, dostumyň gün-güzeranyndan üýtgeşiklikde, kakam inžener-gurluşykçy bolandygy, üstesine-de “aýdymçy-bagşy” sözi agzalan dessine ýeňsedamarynyň taýak bolýandygy sebäpli, käte ünssüzlik zerarly matematikadan atdanlykda alnaýýan seýrek dörtlükleriň meniň gara başyma salýan ala ýabylynyň gününden tapawutlylykda, bu ikilikler meniň üçin çyntykça-da zowalsyz, şemal deý şuwlap deňämden geçip giderdi.
Dostumyň kakasy bolsa, öz mekdebimizde türkmen dili hem edebiýat mugallymy, özem o wagtlar ýaş, öte talapkärdi. Şol ýaşdaky intelligentleriň hemmesine mahsus ýalňyşlyklardyr ham-hyýal ymtylyşlaryňam gurbany – kakasam dostumy “hemme toýda öýlenýän, hemme ýasda-da jaýlanýan” edip, milligram kemçiliksiz, ähli ylymlaryň ussady derejesinde “ösdürip” ýetişdirmek üçin onuň üstünde dik durardy.
Garaz, kakasy bujagaz ikiligi dostumyň burnundan getiripdir. Ertesi gün mekdebe ýüzüni sallap, burnuny şuguldadyp gelen dost, Ýer ýüzünde ýalňyz hossary meniň bilen gele-gelmäşe derdini paýlaşmaga başlady:
-Gije onkä çenli çüňkde duzzurd-ow! Intägem ejem: “ýatsyn” diýäýdi. Ýohha, daňa çenlem çüýredýädi, şo taýda...
Dostum şu ýerde özüniň öten agşamky mertlerçe döz gelen jebirlerine haýpy geldimi nämemi, birazajyk hamsygjak boldy. Emma, derrew özüni dürsedi-de, ýürejiginden syzylyp çykýan ahy-nalasynyň üstüni ýetirip, hüňürdedi:
-Özi bir ýekkeje sagat şo taýda durup görsedi... onnoň-a çagaň-a beýle paşis (faşist – bägül çemençisi :-)) bolmaly däldigini bilerem-le weli...
Men sesimi çykarman kibtimi gysdym. Özümem parahat. Hiç zat piňime däl.
-A saňa kakaň näme diýdi?-diýip meniň äwmezek göwnühoşlugymy syzan dostum, entäk hiç zat aýtmankam äheňine gözigidijilik çaýyp, sorady.
-Näme diýsin-aý? “Äý bor-laý oglum, ikimizzen bagşy gögerse bolmazam-laý...” diýdi-de, kelläni sypady. Bolany.
-Erkeg-aý!-diýip dostum, meniň kakama bolan guwanç bilen dilini jukguldatdy. Soňam ýene ýüzüne tukatlyk çaýyp hümürdedi:
-Maňa bolsa kakam şu günki aýdym sapagyndan bäşlik alman geläýsem ýaman erbet etjekdigini ýaňam gaýtalap-gaýtalap goýberdi.
Onýança jaň kakyldy.
Girdik.
Mugallymam geldi-de, sapaga başlady. Ilki okuwçylary atma-at tükelledi. Soň, adatça bolşy ýaly:
-Kim taýyn? Kim çykyş etjek?-diýdi.
Dostum elini göterdi-de, “gel” diýlerine-de garaşman, zyňlyp ýerinden galaga-da, hamana sapak aýtmak nobaty elinden alnyp barylýan ýaly, tagtaň öňüne okduryldy. Menem geň galdym. “Hemişe beýdenokdy welin, şu gün-ä muňa bir jyn urmuş” diýenpisint aňalyp otyryn, onuň çat öňümdäki partadan ýeke towsanda milletiň öňünde dikilgazyk bolan bolşuna. Aňk-taňk ahwala galan mugallymam, sesini çykarmaga-da ýetişmänkä, dost sapak “aýtmaga” başlady. Gözüni pugta ýumdy-da, ýumry ýerinden ary çakana dönüp, gygyryp ugrady:
-Wä-ä-ä-ä!!! Äg-ä-ä-j äg-ä-ä-j-ä wa-a-a-k-a-r-r! Är-ä-ä-sinn-ä-ä-n sä-ä-w-w äk-ä-ä-rrr! Äkgi-i-is-i-ýem pä-ä-r-h-ä ýä-ä-ä-kkk! Äkgi-i-i-s-i-ýem dä-ä-ä-ň-ň ýä-ä-ä-k-ä-rrr!!! Wä-ä-ä-ä!!!
Mugallymdan başlap hemmämiz, tutuş otag bolup dym-dyrslyga beslendik. Düýbünden düşünmän otyrys-a nämeleriň bolup geçýänine. Dostum bolsa, saklanyýanam, sägineýinem diýmän, şol gözüne urlan ýaly wägirip dur. Diňe käte bir döşünde demi tükenende, howlukmaç sojap dem alýar-da, misli, “Kes-aýt zaňňar, zorrukdan-murdar molamaňy!” diýip, agzyna ýapyşylaýjak ýaly, ýene enesinden jyda düşen bugurçy deý bögürmäge başlaýar.
Garaz-haý, birsellemden soň, dost, aýdymyny aýdyp boldy. Özem şeýlebir yhlas bilen aýtdy welin, çygynmakdan ýaňa çym-gyzyl bolup durşuny görüp, men ol aýdym aýdýarka: “Häzir birdenkä osuraýsa... masgara bolar-aý, dos...” diýip, içimden gara janym galman, sadylla halda oturypdym.
Aýdymyny bes edenden soň, dost gözüni açdy-da, töweregine bulançak nazar aýlady. Birdenem bu sapagyň aýdym sapagy däl-de, rus dilidigi aňyna ýetdi. Ýüzüni boz-ýaz etdi-de, mytdyldap ýerine gaýtdy:
-Daň bilen turup, bäşlik almaga ýaman erbet taýynlanamsoň, aýdym sapagymyka öýdüpdirin-laý,-diýibem müýnli myňňyldaýar...

© S.Ataýew. Dürli-dümen dürüşde. Makalalar, terjimeler, pikirler, henekler, ýatlamalar, maglumatlar we ş.m. VII jilt. - Aşgabat, 2024. Golýazma hukugynda.


14

3

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->