Ýürekdeş sözler!
Bagyt.
Vector_Pro [3s]
Şugün, 07:25
Köçe Mekdebi. Ynam däl, kynçylyk öwretdi.
Duşuşanmyz taryplamak gerek däl,
Tarypdan has gözel günlerdi olar.
İkimizi söýgi bilen gereklän-
Bagta ýetmek üçin münberdi olar.
Çemen bogup çep tarapyň adyndan,
Gursaga paý düşdi yşkyň odundan.
Yza galyp pasyllaryň badyndan,
Ukusyz geçirlen günlerdi olar.
Sekuntlara daňyp hepde-aýymy,
Hyýallaryň ýelek kimin gaýany.
Ýalançy dünýäni ýalan saýany-
Täk ikimiz üçin çynlardy olar.
Ýakyn bilip örtenmäni, köýmäni,
Unudardyk günortany, öýläni.
Söýgümiziň damaklarda gaýnany-
Gaýtalap bolmajak heňlerdi olar.
Giň boldumy hyýallaryň gerimi?!
Gaýgy tutdy şatlygmyzyň ýerini.
Bagtyň deregine peşgeş bereni,
Yşgymyzdan galan nemlerdi olar.
10 |
4 |
0 |
0 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...
