“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New chat ,,ertir chat" - Biz bärde🙂 (täzeden agza bolmaly, täze açdyk)
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Siz bilyanizmi,birni na dereje halayanyny nadip bilmeli?_yo.Ony yitirip!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
 Täzeje
 masterdollar [off]
 Şugün, 11:48

Ýurdumuz ösdi. Hökümetimiz durmuşymyzyň ähli pudagynyna emeli aňy ornaşdyrmaly diýen karary kabul etdi. Şuňa jogap edip ýurdymyzyň bu karary amala aşyrmaly jogapkär edaralary daýhanlarymyzyň iş we ýaşaýyş şertini gowylandyrsalar daýhanlarymyz hökümetimizden razy bolardylar.
Özüm pagtaçylykda işleýänim üçin hemde pagtada ýokary hasyl almaga ymtylýanym üçin meniň hem bu ugurda hökümetimizden öz talabym bar.
Ilki bilen men pagtada işleýän gyzyň geýimi barada aýytmakçy. Indi pagta ýygýan gyz pagta atyza baranda onuň egininde ýörite alymlar, dizaýnerler, belli modaçylar we elbetde tikinçiler bir jem bolup täze egin-eşik bar bolsa men elbetde begenerdim.
Geýimiň kellä geýilýän böleginiň depesinde ýörite plasstmassadan taýynlanan şlem bolup onuň öňünde meýdany giň edip görkezýän äýnek bolmaly. Edil şu äýnege ýiti güniň şöhlesini peseldäýän gara oçki hem bolmaly. Soňra buruna arassa howa girer ýaly ýörite filtrli maska bolmaly.
Maskanyň aşagynda geplän pursatyňda ses çykarýan mikrofon bolmaly. Pagtaçy gyzyň kellesine daşdan tozan, mikrob hatda wirus hem girmeli däl. Emma bu zatlaryň hemmesi ýerine ýetirilende kellä geýilýän bu enjam täze nanotehnologiýa esasynda amala aşyrylmasa edip bolmaz.
Men bu geýimiiň dizaýnyny özüm düzüp berip bilerdim egerde bu işi başarýan adam bolmasa.
Indi geýimiň aşaky bölegi barada.
Ýokary bölek bilen aşaky bölek aýry tikiliýar. Bu iki iki geýimi aýry-aýry geýmek we çykarmak üçin mümkinçilik bolmaly.
Döşünde Türkmen pagta diýen owadan ýazg bolmaly. Geýimde owadan türkmen ýaka bolmaly. Nagyşlar bilezik ornunda hem bolmaly. Geýimiň arka tarapynda derlände deri özüne çekýän pampers bolmaly.
Aşaky böleginde ýagny balakda owadan guşak bolmaly.
Aşaky geýim otyraňda erkin sozulýan owadan suw geçirmeýän plastika dokmalardan bolmaly.
Pagtaçy gyz üçin ýörite oňaýly, mäkäm, aýakda jebis durýan gelişikli ädigi tikmegi hem ýatdan çykarmaly däl.
Gyz eline nagyşly ellik geýmeli. Bu ellik güýzegiň çygyny we sowugyny gyzyň eline geçirmeli däl. Ellik pagtany çakgan ýygmak üçin niýetlenen täze nanotehnoligidan tikilen bolmaly.
Ýene-de gyzyň aýdym eşimek üçin onuň ýörite radiosy bolmaly.
Ýanynda biline gysdyrylan medisina apteçkasy hem bolmaly.
Suw baklaşkasy üçin hem ýörite guşak jaýy bolmaly
Has ösen tehnologiýada gyzyň ýürek-damar sistemasyna hemie kontrollyk edýän sputnik enjamy otyrdylan hem bolmaly we doktorlar tarapynda bu gyz gözegçlikde bolmaly.
Gyzyň ýygan pagtasyny ölçäp alýan ýörite işçiler bolmaly. Gyz pagta ýüküni uzak aralyga götermeli däl.
Ýene-de pagta ýygýan gyz student bolsa ol öz kontrakt pulyny pagta ýygymakdan tölär ýaly etmeli. Bu kyn iş däl. Üç ýyl pagtaçylkda ýyl boýy işlän gyz Türkemnistanyň oba hojalyk institutyna, biologiýa fakultete ekzamen tabşyrmazdan girmäne rugsat bermeli.
Bu karar oglanlara hem degişli bolup biler>Eger pagta ýygýan oglan hem edil gyzlar ýaly gündelik normasy 100 kileden az bolmadyk pagtany biz özi ýygyp bilse..


4

2

0

0

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


arapca yuwasja birzatlar samyrdanyndan name peyda olara 🤷...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Gowy tema....dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Koce supurijinin isinde işleyanlere haypygelijilik bilen garamak ol hakda bir zatlar yazmak lenc edilen dusunje. Galyberse de asla ylalasamok. Se...dowamy...

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Vip mowzuk 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sen diňe umyt et uýam, umyt et!
Gulmahrem (14.07.2026 / 18:35)

Sen diňe umyt et uýam, umyt et!


Tüweleme, molodes Basmaçy. Şeýdip, ýetirip durawer, her wagt. Ýöne bir gezek trotuardan ýöräp, geçip barýakam, şu işgärleriň ikisi söwüşip duran...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sen diňe umyt et uýam, umyt et!
Gulmahrem (14.07.2026 / 18:33)

Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.


yzy yokmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 8- nji bölümi.
SerdarG (13.07.2026 / 18:45)

Täze biznes plan


Henizem köne düşünjede barýaňaý. Iller ýaly gün paneline, ýel dwigatellerinä geçjek diýäýeňzogaý....dowamy...
Erkin mowzuklar | Täze biznes plan
Bagana (13.07.2026 / 15:55)

Täze biznes plan


Ine, şeýdip özüň ýazsana how! Bolmasa emeli aňa ýazdyrýaň welin, seň ýazanyň ýarsyçada ýazyp bilenok. Tokdan kösenýän bolsaň gün batareýlarny a...dowamy...
Erkin mowzuklar | Täze biznes plan
Fantom (13.07.2026 / 15:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Gynandym-lay, son cun menem kopluk yerde gosgymy hodurlap duramok. Gowy hekaya. Sag bolun, Serdar aga!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
Belki (11.07.2026 / 12:26)

Oratdy şahyr / hekaýa


Nazaryýet — bu haýsydyr bir zat barada hemme zat mälim bolsa-da, şonuň hiç zadynyň düýbünden işlemeýänligi. Amalyýet (tejribe) — bu haýsydyr bi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Oratdy şahyr / hekaýa
dabir (11.07.2026 / 09:32)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->