Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Daniel : Din bu durmuş synagynyň çözgüdidir

"Söýgi näme" goşgy | Teswirler
 Täzeje
Pearl [46s] (01.01.1970 / 05:00)
«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».

«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»

«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».

«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».

«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»

«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»

«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»

Kerim_Gurbannepesow
Mowzuga geç!
Foruma geç!
Soňky teswirler

Ýagşy bolmana geldik


Taze at goydynmay mowzuga...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
General (Düýn, 23:49)

Ýagşy bolmana geldik


nesip etsin adam gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Sebap (Düýn, 23:45)

Ýagşy bolmana geldik


Ylan diyip goyay...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Akademik3 (Düýn, 23:21)

Ýagşy bolmana geldik


Agy adyna "Adam" diýip goýsaň näme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Sebap (Düýn, 22:58)

Ýagşy bolmana geldik


Gowy bolupdyr goşgyň galamyň ýiti bolsun...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Sebap (Düýn, 22:53)

Ýagşy bolmana geldik


Agy awtory özüň bolsaň aşagyňdan niki goýda meňki ýaly...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Sebap (Düýn, 22:53)

Ýagşy bolmana geldik


Gaty gowy eken adyn name ucin goymadyn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
Gulum (Düýn, 22:49)

Ýagşy bolmana geldik


Berekella, ýetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýagşy bolmana geldik
BAY-HAN (Düýn, 22:33)

Kaka soygusi


Kakam meň üçin arkamda duran dagym kakam janm meň gaty Gou gosgy nace söz yazsaňam az......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kaka soygusi
Bravee (Düýn, 22:12)

Kaka soygusi


Kakam menin ucin uly Owulyä Kakam uly dunyam Yurekde soygim Kakam menin ucin gaty kosendi Indi durmus kosenc berme kakama...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kaka soygusi
Akademik3 (Düýn, 22:02)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика