Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Çagaňyza hiç kime hakyňy iýdirme iýdirme diýip däl-de HIÇ KIMIŇ HAKYNY IÝME diýip öwrediň

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

"Söýgi näme" goşgy
Premium
 General [off]
 30.06.2025 / 08:14
 Who are you referring to?

《Söýgi näme?》 diýip soradym Taldan,
Ol diýdi söýgini gidirdim goldan,
Örtünip miwesiz galdym men guzym
Indi miwäm ýokda boýum bar uzyn.

《Söýgi näme?》 diýip soradym hozdan,
Ol diýdi ýenilip bir ajap gyzdan
Gabygym gutardy çuýredi mañzym
Ondan beýlesinem özün bil oglum.

《Söýgi näme?》 diýdim bir gara garga
Ol diýdi sataşyp yşk diýen urga
Garalyp galdym men misirde hazan
Edil pamyk ýaly ak gusdum ozal.

《Söýgi näme?》 diýip ýüzlendim serçä
Ol diýdi entedip gijeden gije,
Agrammy mysala getirdi yşkym.
Men ozal dunýäde iñ uly guşdym

《Söýgi näme?》 diýdim zynjyrly dälä
Pikirni bilmek aýp zat dälä,
Päli jogap berdi elhenç ses bilen,
Men men men, ynha söýgi men

《Söýgi näme?》 diýdim bir ajap gyza,
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi söýgi meniñ edebim, haýal.
Yogsam şol ýigde çogdum eýýäm.

《Söýgi näme?》 diýdim şahyra garap,
Ol diýdi çalaja kellesin yrap,
Diýdi soragy bar jogap yok
Yşka jogap bir başgadyr,
Söýga bir başga.



#Kerim_Gurbannepesow.


66

17

7

5

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 General [off]
  Who are you referring to?
 30.06.2025 / 09:03

+0

Gunesh,
agza siz su gosgynyn dolysyny tapayyn diyipdiniz gowy diyipdiniz inede tapdym mowzug hem etdim


Täzeje
Gunesh  (30.06.2025 / 18:54) 

General, sagja bol


Premium
General  (30.06.2025 / 18:56) 

Gunesh, ok

 Premium
 rexha [off]
  Gitmerin diýenleriň köpüsi bilen sagbollaşdyk👋🧸
 30.06.2025 / 09:13

+1

Soygi barmay


Premium
General  (30.06.2025 / 09:30) 

rexha, bardyr

 Premium
 BAY-HAN [off]
  Ýüregi ýüregime syrdaş...
 30.06.2025 / 09:37

+0

Iñ soñky setirlerdaki gyska sozi name diymekka?


Täzeje
Pearl  (30.06.2025 / 10:09) 

BAY-HAN, başga * - bolmalydy ol söziň ýerine.


Premium
General  (30.06.2025 / 12:18) 

BAY-HAN, in sonky setir daki gysga sozi in sonky bendinin 4-nji setirine , yzyna gosup yazmandyryn ol son yzol


Premium
General  (30.06.2025 / 12:21) 

BAY-HAN,

Yşka jogap bir gyşkydyr, Söýgä bir gyşka.

Şon yalak


Premium
General  (30.06.2025 / 12:23) 

Pearl, bilyan bolsanyz aydynda men hem sony gocurip aldym ozumden duzemok


Premium
General  (30.06.2025 / 12:26) 

Pearl, gocurende seyle

 Premium
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.06.2025 / 13:43

+1

Ay soygi......

 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
  Allahym bir gun gowusudurar M❤😥
 30.06.2025 / 16:35

+2

Hay soygi soygi neyledin sen bizleri gowy ekeni👍👍👍


Premium
General  (30.06.2025 / 18:03) 

Aydymcy_Jemile, aha

 Täzeje
 Pearl [off]
 30.06.2025 / 17:54

+2

«Söýgi näme?» diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: «Söýgimi giderip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn».

«Söýgi näme?» diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: «Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!»

«Söýgi näme?» diýdim bir gara Garga.
Ol diýdi: «Sataşyp yşk diýen urga,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal».

«Söýgi näme?» diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: «Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum».

«Söýgi näme?» diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
«Men, men, men...
Ynha, Söýgi men!..»

«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!»

«Söýgi näme?» diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: «Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!»

Kerim_Gurbannepesow


Premium
BAY-HAN  (30.06.2025 / 17:55) 

Pearl, minnetdar


Premium
General  (30.06.2025 / 18:18) 

Pearl, olam bolya bir yeri
Ahyryndakysyny yalnysypdyryn ? n(ñ)《》,. y(ý) c(ç) sulary aýtmanda bagyslarsynyz üýtgedäýerin gülýaly bolupdyr


Täzeje
Pearl  (30.06.2025 / 21:59) 

General, Ötünç soramagyňz hökman däl, düşünýän


Premium
General  (30.06.2025 / 23:18) 

Pearl, oki


Premium
General  (30.06.2025 / 23:19) 

Pearl, indi bolupmay

 Täzeje
 Gunesh [off]
 30.06.2025 / 18:56

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Dünye (goşgy).!


Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kesxa (Şugün, 13:49)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Namucin eseriň ady" Arwahyn ar alýan gijesi" diýip goýlupdyr?Eserde arwah hakda gürrüň gidenoga şo ýerini birhili gördüm ýöne gyzykly we manyly e...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Sasiyona (Şugün, 13:32)

Dünye (goşgy).!


Maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dünye (goşgy).!
Kerim-98 (Şugün, 13:27)

MUGALLYM !!!


Dowamly bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Kerim-98 (Şugün, 13:23)

Ýolda


Şadyýanja goşgy 👍👍👍👍👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýolda
Orazjan (Şugün, 13:20)

MUGALLYM !!!


Gowy goşgy Mlds👍...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Sasiyona (Şugün, 13:15)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика