“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | JEMGYÝET WE YNSAN | Zenanlar bölümi

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
Premium
 Belki [off]
 30.06.2025 / 11:18
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Belki bu termin hakynda eşdensiňiz, belki ilkinji gezek şu gün meň agzymdan eşitjeksiňiz. Beýle bolsa haýran galmaga taýýar boluň.
Kerim aga geçen asyrda aýdyp geçipdir:
"Diňe ýeke kişä ýalbar diýdiler
Onuňam adyna "Dilber" diýdiler,

Aýyp däl näzini çekmek diýdiler,
Näzden ýüzün sowan akmak diýdiler.

Emma gynansagam häzirki döwürde gyzyň näzini çekmeýän, tersine özi gyza näz edýän erkekler döräp ugrady. Okan psihologiki ýazgylarymda munuň sebäbiniň zenanlaryň ýuwaş-ýuwaşdan jemgyýetde güýçli orun eýelemegi bolup biljekdigi aýdylýar.
Ýöne men döwrümiziň has ajy hakykatlary hakda aýdasym gelýär. Ýaşaýan jemgyýetimizde "erkeklik" ownady. Erkekler aňsatlyk bilen ýalan sözleýär, zenanlaryň duýgusyny oýnaýar käbirlerinde bolsa erkege mahsus bolan dogum ýok. Şeýle bolansoň jemgyýetde rollar üýtgäp, zenanlar özüne laýyk erkekleri saýlap, şolaryň yzynda janserek bolup ugradylar. Bulam "şagyzy erkekleriň" döremegine getirdi.
Şagyzy erkekler ilkinji ädimi asla özleri ätmeýär, ädäýende-de yza tesip, gyzdan idege garaşýar. Gyza näzini çekdirmekden lezzet alýar...
Psihologlaryň aýtmagyna görä "Şagyzy erkekleriň" esasy aýratynlyklary şulardyr:

1- Näz etmek

2- Hemme zatdan närazy bolmak

3- İlkinji ädimi ätmezlik

4- Özüne çendenaşa serenjam bermek we epilasiýa.

5- Ejem ogly bolmak.

6- Gabanmazlyk.

7- Eýe çykmazlyk

8- Aşa öýkelek bolmak, öýkelemek.

9- Hasap tölemezlik.

10- Öz pikirleriniň bolmazlygy "Özüň bilýäň" diýmek

11- Ejiz bolmak

12- Zenana mahsusrak geýinmek

13- Utanjaňlyk

14- Söz geçirip bilmezlik.


Eýse, siziň töweregiňizde şeýle erkekler barmy? Olarda sanawdaky aýratynlyklardan haýsylary görýärsiňiz?


165

43

11

7

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Watjik [off]
  Bütin şäher ýũzüm göresi gelýä (oňaýyň)
 30.06.2025 / 15:35

+3

Mena temany halamadym dogrusy sen barde oglanlary maskaralapsyn gyzlar oglanlardan betera suwagt normalny gyz tapmak kynlasyp gitdi gyzlaryn ahlagy tertibi bozulup gitdi mena in barkisi su yerde normalny gyz badyr diyibem pikir edemok gaty gorman bu men pikirim.

 Täzeje
 Ahmal [off]
 05.07.2025 / 07:10

+0

Ýokarky lañ köpsiniñ bolmagyna feminist gyzlar günäkär,

 Täzeje
 FanB [off]
 06.07.2025 / 00:01

+0

Kopelip ugrady şolar soňky dösür

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (Şugün, 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (Düýn, 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (Düýn, 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Her kimiñ öz halaýan niki bolýada, "plan hili nik oñat görýan, owadan" diyip biljek däl mena, özim ücin in gowy diyip saylanymam șu nikim, üns be...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Wah nigiň gowysy känle, haýsy birini sanajak. Men gowysy öz nigym barada size gür bereýinmi?...dowamy...

Hormatly ulanyjylar !


Birhili boldy öz-ä, öňki nigim "Muawiye" bolmaly, derejämem "özümiziňki" bolmaly. Dikeldilse gowy bolardy. Saýdyň beýle bolmagyna gynandym. Näd...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Muawiyee (22.08.2025 / 21:52)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Başga biriniň nikini saýlamalymy,düşünmedim öýdýän!?...dowamy...

Düzgünler, herbir ulanyjy hökman bilmeli (düzgünnama)!


bu programma play marketde barmy?...dowamy...

Söýgi görk islemez (mi?)


taze yazylan bamy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Söýgi görk islemez (mi?)
guide98 (22.08.2025 / 21:23)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->