Forum | IŞ we IŞGÄR | Iş gerek


20.08.2025 / 03:23
Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!
19-nji awgust senesinde, saýtymyzda dörän näsazlyklar arkaly peýda bolan kemçilikler üçin ählijäňizden ötünç sorap şu ýatlatmalary sizlere ýene bir sapar nygtamakçy!
Saýtdaky köp agzalaryň nikleri ýitdi (pozuldy) bizem başardygymyzdan ol nikleri gaýtadan dikeltmekçi.
Şeýle işler az-owlak wagtymyzy alýandygy üçin nikleri ýitip ýok bolan agzalarmyzdan täzeden agza bolup, wagtlaýynça täze niklerden girmekligini soraýaryn.
Siziň poçtaňyza iberilen näbelli ýa-da belli agzalarmyz tarapyndan, size nätanyş ýa-da tanyş bolan ynamsyz saýtlara agza bolan pursatyňyzda bu ýerdäki nikiňiziň paroly bilen birmeňzeş paroly goýmagyňyz bu ýerdäki niklerňiziň parollaryna howp salyp biler. Şol sebäpli siz indiki barmakçy bolýan saýtlarňyzda goýjak parollaryňyzy bu ýerdäki bilen birmeňzeş edip goýmazlygyňyzy maslahat berýärin!
Poçtaňyza näbelli ýa-da belli ulanyjylar arkaly (pikiler ýa-da şoňa meňzeş ýerlere goýulan) ugradylan salgylara girmezligiňizi tabşyrýaryn!
Duýdansyzlykda şeýle salgylara giren bolsaňyzam {{{ users/profile.php?act=password }}} şu salgy arkaly öz nik parollarňyzy üýtgetmegiňizi maslahat berýärin!
Soň bu ýagdaýyň şeýledigini admin moderlere habar bermegiňizi haýyş edýärin!
Biziň saýtymyzyň birnäçe ýyllardan bäri öz işini halal hemde kemsiz ýöredip gelip, agzalarmyzyň doly ynamyna girendigi, gizläp bolmajak hakykat. Munuň şeýledigi bizi görüp bilmeýän ýoldaşlarmyzyň gaharyny getirdi. Biz (saýt admini we moderleri) agzalarmyz bilen agzybirlikde iş ýöredýänligimizi hem-de öz aralarmyzda birek-biregi hormatlap gezip, mylakatly söhbetdeşlikleri geçirip, dürli bäsleşikler gurnap, gyzyklyja soraglardyr peýdaly maslahatlary paýlaşyp... edilýän işjeň hereketi gynansagam, käbir kişileriň bedeni kabul etmejekdigine ýene bir sapar şaýat bolduk...
Şeýle-de bolsa bularyň bu eden işleri bilen özüm meşgullanaryn. Siz agzalara edýän ynamym juda güýçlidir. Uly sözden toba Alla, bu bolan zatlaryň hiç biri hem biziň barýan badymyzy peseldip bilmez. Siziň agzybir hemem işjeň hereketlerňiziň soňy gülläp, has gowy günlere şaýat boljagymyzy öňünden duýup, özüni pes derejeli edip tanadan ýoldaşlarmyza jogap edip, siz agzalar öňküden hem batly depginde aktiwligi elden bermersiňiz diýip umyt edýärin.
Nesip bolsa tiz wagtda sizler üçin uly baýrakly bäsleşik gurnamakçy.
Muny aýratyn mowzuk edip ýazaryn, bizden daşlaşmaň!
Admin
![]() 419 |
![]() 73 |
![]() 16 |
![]() 8 |
![]() 0 |
![]() 1 |
![]() 2 |
(20.08.2025 / 07:07)

Fantom [off]
Soramaklyk bir minutlyk utanç, soramazlyk ömürlik.
20.08.2025 / 06:42
+0
Aý Näme, işlerňizde üssünnik... Onça bunça bolýalaý! Meň idym 71 ýesli çto... ))
Gyýnandyrýan ýeri, ähli mowzuklar komentlar gidipdir ýaly?


Fantom, mowzuklaryň we komentarialaryň käbiri dikeldilip (sazlanyp) otyr. Ählisi gowluga bolar, biraz sabyrly bolalyň.
Şu aşakdaky salgyda seniň koment-laryň,
mysal edip şu post-ň teswirini okaň : mowzuk_35581.html

Beter [off]
Armansyz ajaýyp dünýà
20.08.2025 / 08:57
+0
530,000 ball bilen 111 manat 11 teññe howa boldy. Profilem yitdi. id 106. 47 gün online hiç zat bilen işi ýok bir agzadym men.

Ahmal (20.08.2025 / 10:13)
Beter, onki nigin

Orazjan (20.08.2025 / 10:43)
Ahmal, Orazjan id-106

Zxch [off]
20.08.2025 / 15:16
+0
Eeyyy :id 48 17 gun aktiwdym ballym 3kdan gecipdi, mowzuklarm 40 sanak bady teswrlerim 300e yakn pikirlerm 5k dan gecipdi likelerm 300di goni


Shortjigedema birzat yazmaly oza
20.08.2025 / 19:57
+0
10000balla ýetip gelýädim grandit nike geçjek bolup ýördim

Ayjahan (04.09.2025 / 08:33)
Power, wahheýýý

Beter [off]
Armansyz ajaýyp dünýà
20.08.2025 / 20:48
+0
Hany sabyr edeliñ! "Sabyr soñy salamat"

Zxch (21.08.2025 / 21:46)
Beter, sabyr edp boliamay sayty kella geydiniz, irden pozlan akka giripdm yone kop zady yokdy innam bolsa pozlpdr yenede sayt onki versiyasy has gowy


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
21.08.2025 / 22:00
+0
Gadyrdanlar, elbetde gowsuny ozuniz bilyaniz, yone men pikrimce-ha her kim ozuni bilip yazypdyr..."Hasabym pylancady, pulum bardy..." Pulunyzyn koymegi kyn yagday elbetde, yone sayt su dereja yetyanca nadereje azap edilenine ozum sayat. Adminin nazaryndanam seredelin, seydip osdurilen saytyn bir gun goripler tarapyndan icine aralasylsa, edilen azap koydurilse munam ustesine agzalaryn her kellesinden bir ses cykyp dursa...Sonun ucin az-kem sabyr edelin, empatiya ukybymyzy ulanalyn. Hemme zat gowluga tarap gider

k_saparlyyev (07.09.2025 / 20:19)
Belki, Sayt biderek nace azap etsenizem dowrebap etmeseniz zyyan.

Mahrimah [off]
22.08.2025 / 20:05
+0
"Her işde bir haýyr bar" diýleni. Indi has gowy bolupdyr saýt. Işiňiz ileri.

rexha [off]
22.08.2025 / 20:51
-1
Menki id:36 dikeldip berin nickimi


rexha, sen şanyna heykelem dikeldip berelimi?) Nenen goryan?)

rexha (22.08.2025 / 20:54)
Belki, az bolar ol


rexha, teklibini ayt onda name etmeli bolsa edeli sen şanyna

Muawiyee [off]
22.08.2025 / 21:52
+1
Birhili boldy öz-ä, öňki nigim "Muawiye" bolmaly, derejämem "özümiziňki" bolmaly. Dikeldilse gowy bolardy.
Saýdyň beýle bolmagyna gynandym. Nädip beýle boldy onam bilemok. Ýöne ýekeje zady bilýän, olam saýt açyk bolup, öňki-öňkülik bolsa has gowy bolardy.

Fantom (22.08.2025 / 23:27)
Muawiyee, Nädip öňki öňkilik etjek? bolýar her üç sagatdan serwerdaky zatlar sohranit edilip durulsa onda başga gürrüň. olam diýänä aňsat zat däl artykmaç töleg we artykmaç iş.
Meňä dogrysy ýitiren zadym ýok diýen ýaly. menem siziňki ýaly özümüziňkidim. emma, näme bolýan zat. dogrysy derejä gyzammokdymam. hawa, bolsa gowy, bolmasada näme...

@menin_dunyam [off]
31.08.2025 / 03:46
+0
Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali

Jasminam [off]
31.08.2025 / 23:00
+0
Men nikmi acyp bolonokmy ini😔
Täzeje
(02.09.2025 / 18:03)
Jasminam, açyp bereýinmi

Jasminam (02.09.2025 / 18:55)
Watjikk, adminmi sn

Beter [off]
Armansyz ajaýyp dünýà
01.09.2025 / 09:52
+0
id 106

baanu [off]
Erbet adamlar dushmasa gowy
04.09.2025 / 15:02
-1
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?

Akademik3 [off]
26.09.2025 / 11:11
+0
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok

Akademik3 [off]
26.09.2025 / 11:12
+0
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay

Akademik3 [off]
26.09.2025 / 11:13
+0
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar birem programmalaryn biram islanok turkmen saytlary programmalary islanok barde
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




