
bagabat [off]
26.09.2025 / 15:35
Owal-a şenbä ölüp ýetdi.
Sebäbem bütin hepde tutuş edara jynlana döndi.
Öňler, bolmanda günorta naharyny iýip gelenden soň iş otagyny içinden gaýym temmeläp, azyndan kyrk bäşje minutjyk gözüniň awusyny alaýýardy welin, “işdeş” diýilýän, ynsapdan üç-dört gün giç doglan, gäbi azan haýranlar, bu azaphon bendesine şojagaz rahatlyk pursadynam köp görüp, gapysyny döwmäň bäri ýanynda gürpüldedişip durlar.
Ýöne kagyz, kagyz, kagyz...
Hasaplamadan hasaplama nazaryny tyrpdyryp oturşyna edaranyň baş hasapçysynyň ýumşak kürsüsini eýeläp ýörenine bäş-alty ýyl boluberen özi pahyrjyk, kagyz işine herniçe öwrenişikli bolsa-da, halysalla gözi çaşaryp gitdi. Şonuň üçinem, şenbede ýarymgünlük işdigine garamazdan giç öýle sagat altylara çenli eglenen ol, sütüni süýnüpler, ölümiň öýünde öýüne özüni atdy. Her duralgada säginen bolup, öňküdenem beter içiňi ýakýan pyşdylpisint awtobusda şalk-şalk ýolam “durnanyň üstüne urna”.
Emma-ki, aýal görgüli ölmän-ýitmän ýarymdiri maslygyny tünegine atany bilenem, o taýda-da oňa, dessanlar içre kelam kylynmyş: “iýse öňünde, iýmese ardynda, ýedi gat körpeçäni astyna ýazyp, aýakteýine dokuz gabat çymylgan, baştekine sekiz dereje güdri güpjek oklap”, per ýassyk ýassanyp ýatylýan elpe-şelpelik sadylla irikgälikde desbi-dähil durmaýar.
Gaýta, ýahdandan tapan-tupanyny alyşdyryp, iýişdirip-içişdiribermelidir welin, ýog-a, edil el-aýakdan mahrum, ederini bilmez nalajedeýinler deý, bassyr dokuz günki açlykdan çykana kybapdaş çagalarydyr äri ýalmanyşyp, gözleri ýolda, gelerine garaşyp oturandyrlar.
Özlerem: “geldiňmi, ýadadyňmy, biraz dynjyňy alaýsana” ýok, gaýta tersine, olaryň-a munda kyrk ýylky ary köýüp ýatan ýaly, bu-da uzakly gününi işde hars urup geçirmän, şalpydil joralary bilen pozzam oýnaşyp, bimany wagt öldürip ötüren mysaly, ýüzlerini awyň sapyna dönderişip, hemmesi bu janawerden ýamanalgylydyr.
Geň ýeri, bu-da gahar üstüne gözüniň agyny köpeldäge-de, iň çülpelerinden başlap, törde, telewizoryň çat maňlaýynda güberilip ýatan ärine çenli, ählisine birýan ujundan jabjynyp-jabjynyp, barysyny bir demde dalap alaýman, gaýta işinde egleneni üçin özüni müýnli duýar.
Onsoň bosagadan ätläp-ätlemänkä ajöze sirke içilen dek garşylanan ol hasyr-husur eşigini çalşar.
Biş-düş.
Äber-goý.
Aýyr-ýuw.
Iň soňunda özi garbak-gurbak ediner...
...Bu günem şeýle boldy. Ýatar çene barýançalar süňňi argynlykdanam geçip, halys julky çykdy. Öýdäkileriň hemmesiniň düşegini atansoň, özüniňkinem ýazyndy-da, ýerinde süýndi. Az-maz gerşini ýazmak üçin birsellem gymyldaman ýatan dessine-de, surnugan beýnisi öz-özünden köşeşdi-de, gözüni ýumjukladyp, ymyzganyp ugrady. Emma şonda-da özüne zor salyp dikeldi.
“Arly gün ýuwun-ardynsyz başbitin porsap gitdim-le... Suwa düşünsem, hasam rahatja ýataryn. Ertirem dynç güni. Tä ukudan bez bolup özüm oýanýançam asla turjakgä. Uzakly günem diňe şularyň eşiklerini kirmaşyna oklaýmasam, ýatan çöpem galdyrman, ine-gana dynjymy aljak. Gümüne gitsin-le, gyz! Ýö-ö-ne, bir-ä depäm birem dabanym ýere degip, tekiz-tepbet öläýdim-le. Nahar-şoram etjek däl. Hanha, jaň edibildigiň näme sargasaň iki esse edip döküp gidýärler. Zakaz edäýsinler...” diýibem, oýaly-ukuly aňynda niýetini ýaman berke tutup, matlabyny çeňkläp goýdy-da, hammama ýöneldi.
Emma-ki...
...Hammamdan çykyp düşegine jaýlaşanam şoldy welin, çagalaryň tamam uklandygyndan peýdalanan adamsy – esewansyz galdyrylan gaýmakly tabaga gözüni çarhlap, amadyny peýläp ýatan pişik deý usully ýalmanjyrap geldi. Gele-gelmäşe-de, hamana o ymaratlary özi ekip goýan dek onuň ýumry-ýumry ýerlerini endikli eýemseklik bilen sypaň-sermeň edip, gorsanjyramaga başlady.
Ýatanja ýerinden içjagazy dagy tütäýdi.
Tüýs ýöne: “geçä jan gaýgy, gassaba ýag” diýilýäni boldy bu-ýa.
Owhuldap içiniň tüssesini daşyna çykardy-da, alkymyna gysmyljyrap, içine siňäýjek bolup barýanyň böwrüne dogumly hürsekläp goýberdi:
-Goýsana oglan, şumat war-a... Meniň-ä saňa ýaranmaga ýagdaýym ýok şu pille...
Hemmä mälim, çynyňa çykyp al-petinden alaýmasaň, assa-ýuwaş ýüzüni alanyň bilen ýa-da sähel-mähel kowanyň bilen ýeňsesini tüňňerdip gidiberýän bolsalar, “pişikler” “pişik” bolmazdy-da, “güjük” bolardy.
Onuň gara çyny bilen içi tütäp bildirýän nägileligini “näz” diýip ýoran höwrem hürseklenmesine serpigmekden geçen, gaýta beter möwjäp, ýumry ýerleriň pynhanlygyny aýan eýlemäge has işjeň girişdi.
Muňa öňem ýadawlygyndan ýaňa gabagy gerjeşip gelýän onuň girre gahary geldi. Itdigiçe beter sokjarylmaga dalaş edýäniň döşüne elini diredi-de, sesine nazym berip hüňürdedi:
-Aýrylsana diýýän saňa, oglan... Aýdýan-a: “şu müddet janyma jaý tapamok, kelläm agyrýa” diýip...
Piňine-de däl.
-Kelläň bilen işimiz ýok biziň, agyrybersin ony:ňam öz maýdalyna...-diýip howurly pyşyrdap, beleň almasyny güýjedýär, gaýta.
Onuň ýüregi gysdy. Itmesinem, garşylyk görkezmesinem üzül-kesil bes etdi-de, bir demde sop-sowuk, jansyz töňňä döndi ýatyberdi. Hazanyň aňzagy çaýylan äheňde-de keltejikden boguksy pyşyrdady:
-Oýýýunnn edemmmokkk...
Gyzgalaňly gorsanmasyny tapba kesen äri ellerini göneldip keýerildi-de, ýüzüni gatadyp onuň ýüzüne çiňerildi. Sesini çykarman demsalym gymyldaman doňup durdy. Soň turdy-da, kelam agyz geplemän beýleki otaga ötägitdi.
“Öýkeledi...” diýip ol gözüni ýumup ýatan ýerinden oýlandy.
Öňki beden argynlygynyň üstüne ruhy ýadawlygam labyryny atdy. Hasam beter tukatlyk basmarlady.
Onda-da “öýkeläniň paýy süýji” diýenpisint owarramçylyga salyp, irkilmäge çytraşdy.
Bolmady.
Assyrynlyk bilen örboýuna galdy. Öýkeläniň kinesini ýazmaga ýüzlendi.
Gapdal otagda, ekranynda haýsydyr bir şekiller gaýda-gaýmalaşyk telewizor, sessize ýakyn düşnüksiz-pessaý hümürdeýär. Göwni galan kişi bolsa göwni galana meňzeş däl. Eýýäm, haçan ýetişipdir, hor çekip ýatyr. Onuň badyny gaýtaran özi bolsa-da näme üçindir ýeke sellemde kükregini lapykeçlik dolduran ol, höwrüni atdanlykda oýarmazlyk üçin pişik basyşyny edip yzyna gaýtdy. Ýanýoldaşynyň düşeginden ýeňiljek ýorgançasyny getirip onuň üstüne ýapdy. Soň özem ýerine dolandy. Indi köňli doly lapykeçlikdir ökünç zerarly ömralla-da uklap bilmerin öýden ol, birsalym gabagyny sallap ýatandan soň, özem bilmän uklady.
***
Ertesi günem onuňky paşmady. Niýeti günortana çenli ýatmak bolsa-da sekiz bolmanka biri böwrüne dürten ýaly oýandy. Soňam uklajak bolup şunça özüne zor salsa-da garagynda damdyk ukusyz, agdarynjyrady ýatdy. Ýarym sagada golaý şeýdip öz-özüni kösäninden soňam, ahyryn bolmajagyny boýnuna alyp turdy.
Öýdäkileriň hemmesi gyzyl-ýaýyrt, uklaşyp ýatyrlar.
Ol düýn agşamdan ýüregine düwşi ýaly, hemmäň kirli eşiklerini jemledi-de, reňme-reň saýlap, kir ýuwuja gapgardy. Işletdi. Soň eltelefonyna güýmenmäge oturdy. Emma biraz dümtünenden soň: “Gel-aý, eşikleri ýuwup dynýança şularyň ertirligine üýtgeşikgräk bir zatjyk bişirip bereýin-le” diýen pikir içine gyzylja gurt düşen dek müňňül-müňňül edip ugrady.
Şonluk bilenem ol äri-çagalary örýänçä pissa bişirmegiň ugruna çykdy. Hamyr ýugurdy, et üwedi, şötlat, pomidor, duzlanan hyýar dogrady. Öýlerinde ereme peýnir gutaran eken. Goňşy köçedäki dükana gidip alyp geldi-de, ony gyrdy. Hamyry alansoň pissany ýaýdy, üstüne hurşuny ýazdy. “Öýe ysy ýaýramasyn” diýen ätiýaç bilen howurpejini daşaryk çykaryp, simini dakdy. Howurpeç gyzandan soň pissalyklaryny içine saldy.
Üstüne sepelemäge gök ot kerçejek boldy.
Gutarypdyr.
Ýene dükana gidip alyp geldi.
Pissa bişdi. Üstüne ot sepeledi-de, “gyzgynjak dursun” diýip, mejimede basyryp goýdy.
Huruşlyk üçin dogran şöhlady, pomidory, duzly hyýary, gyran peýniri, kerçän oty artyk galypdyr.
“Goýsaňam ýatdan çykyp zaýalanar...” diýip, ujypsyzragam bolsa ol zatlary isrip etmäge dözmedi.
“Ýany bilen iýerler-dä...” diýen galan-gaçanynyň üstüni ýetirip, işdäaçar taýýarlamagyň kül-külüne düşdi.
Şöhlady gowurmyşlamak üçin sajy çykardy-da, günebakar ýag guýdy.
“Soganly bolsa süýji bolýa...” diýip pikir öwürdi-de, gidip kümeden sogan getirdi. Ardyp ugrady. Soň “käşirem tagam berýär...” diýen hümmüldi-de, öýde ýok bolansoň gidip dükandan käşir satyn alyp geldi-de, onam ýuwup, artdy. Gyrgyçdan geçirdi.
“Turmankalar ýetişeýin, ikisinem bileje iýseler oňat boljak-da...” diýip, öz-özüni gyssady-da, başagaý bolup işdäaçar taýynlamaga başlady. Ahyrynda işdäaçara maýonez garmaly bolanda, ýahdany açyp, gutuny açsa, düýbünde sähel çyrşak galypdyr. Ýene gidip dükandan maýonez aldy. “Birden bu-da baýan bolaýmasyn” diýen ätiýaç bilen ajy üwmejem satyn aldy. Öýe gelip, ýahdany barlasa, üwmeçli gabyň biri ellenmän dolulygyna dur. Biderek çykdajy edenine ökündi. Soňam işdäaçaryny dyndy.
Onýança kir ýuwujam garnyndaky ýüküni ýuwup, sykyp bolanyny mälim edip, jüýgüldedi.
Gidip, eşikleri çykaryp, bassyrmanyň astyna çekilen sime serip geldi. Nobatyna garaşyp depe turzup ýatan ikinji tapgyr geýim üýşmegini kir ýuwýanyň holtumyna dykdy.
Birsalym oturyp dynjyny almak isledi. Birdenem bäş-alty gün bäri howlynyň süpürilmändigi ýadyna düşdi. “Haýran, men samsygam bolmanda şu dünýeden bihabar myslap ýatan gara kelleleriň iň bolmanda birjigini gyz edip dogran bolsam, beýdip hemme zada özüm kösenip ýörmän, kömek bolardy, el-aýak bolardy...” diýip içinden nalynjyrapmy, zeýrenjiräpmi ýa zeýrenýänsiräp ýaşyryn guwanjyrap buýsanypmy, sübsesini aldy-da, giň howlyny syrmaga başlady. Gara dere batyp, süllümbaý bolsa-da kellesiniň gyzgynyna öz gabadyndaky köçä çenli süpürip, üýşüren tot-tozan zibilinem bedrä gapgaryp, zibilgaba daşady.
Hammama girip ýuwnup-ardynyp çykansoň, ýene ýuwlan geýim-gejimleri serip geldi. Yzyna girip sagada seretse, on boluberipdir.
Birsalym oýurganyp oturandan soň: “Äý bu-da bolup durdugy däl-le. Bolanyna görä bular-a ýaňky zatlaň gapdaly bilen süýjülik bir zadam bişirip bereýin-le...” diýen niýet öz-özünden göwnünde emele geldi. Näme bişirjegini azak-tenek içinde seçip-saýlandan soň, aşhana geçdi-de, gerek-ýaragyny jemläp ugrady. Öýde ýok zatlaryny belläbem zeruryny üpjünlemäge ýene dükan sary rowana boldy. Gidip barşyna-da öz-özüne hüňürdedi: “Akmak kelle akylly aýaklara hossa” diýilýän tüýs şü! Geregiňi ýazyp bir gezekde ýüküňi tutup gaýdaýman eýýäm näçenji sapar dükana zygyr-zygyr gatnamaly bolýan”.
Ýöne oňa gerekli wanil külkesi bilen goňur süýt goýultmagy dükanda-da ýok ekeni. Oljasy oňmadyk öýbikesi keýpsiz halda yzyna mytdyldap gelşine, süýjülik bişirmek niýetinden dänäýjegem boldy. Ýene heleý hötjetligi gozgady-da, onuň bikararlyk bedewini bazara sary atardy.
Öýüne dolanyp eşigini çalyşdy. Pul harjyny üpjünläp, ýola düşdi.
Dynç güni bolansoň, adaty günde her ýigrimi minutdan diýen ýaly biri dikilgazyk bolýan awtobus janawerlerem esli sellem gelmeze dönüp, ahyrsoňy, ilerki çatrykdan garasyny görkezdi.
Mündi. Gitdi.
Bazara baransoňam, ilkinji niýet-ä diňe wanildir kakao külkesini, onsoňam goňur goýultmak alyp gaýdybermekdi welin, ýene öýe gerekli, düýbi görnüberen zatlar ýadyna düşdi-de ýüklenip bilenini ýüklendi: kelem, şugundyr, batat, alma, üzüm, salfetka, sabyn, şampun, diş pasta, çagalara jorap, ärine tammam, täze sübse, gap ýuwujy serişde, kir ýuwujy serişde, aýna ýuwujy serişde...
Bazaryň hatarlarynda setirme-setir aýlanyp ýörşüne, bir ýerde desmala arzanladyşyk bar ekeni, gerek bolmasa-da ondanam aldy.
Ýene bir ýerde “elli göterim arzanladyşyk” diýen ýazgyly şypbyk harmanynyň daşynda şüweleň turýar. Nobata durup ondanam aldy.
Bazardan çykyp barýarka bäbek eşigi arzanjak satylýan eken. Uly oglunyň ýaşy ýaňy on alty bolsa-da, “uzagyndan gerek bolar” diýen pikir bilen ondanam aldy...
Garaz, bazarlap gaýdýança Gün günorta boldy. Hepdelik ýadawlygynyň üstüne mas ýüklenip zordanjyk öýüne özüni atdy.
Gelse, pissalaram ýom-ýok, işdäaçaram. Iýlip-içilen gap-gaçlaram boşadylany boşadylan ýerinde çalam-çaş bolup ýatyr. Ýorgan-düşeklerem ýygnalmandyr. Adamsy ýene garny doýansoň telewizoryň öňünde uklap galypdyr. Çagalaram smartfonlaryna ýelimlenen, dünýe bilen seri ýok.
Gazapdan ýaňa gany depesine urdy. Elindäki goşlaryny giren ýerinde taşlady-da, ulili bilen jabjynmaga başlajak bolup, döşüni çişirip, ýel alyp ugrady.
Emma-ki...
Ýene: “Ýatany oýaraýmaýyn, hepdeläp işleýär dynç güni bir imi-sala dynç alsyn-da...” diýen pikirde, süýji ukuda ýatan ärine dözmän, döşüne dolduran gahar ýelini dişinden syzdyryp pyssardy.
Soň eşigini çalyşdy-da, getiren zatlaryny ýerbe-ýerledi. Düşekleri ýygnady, Gap-gaçlary jemläp, ýuwup-artdy.
Sagada seredende sagadyň eýýäm ikiden geçendigine gözi ildi-de, aýagüstündä ýakyn howul-hara çam-çüm edindi.
Soň irdenden niýetläp goýan süýjüligini bişirdi. Ony dynýança sagat bäş boldy.
Äri oýandy.
Ýüzünden birwagtyň özünde hem-ä ýedi putluk nägilelik daşy asylgy, hemem gara gyşyň gary syraýar. Durky-durmuşy bilen bir tokga närzalykdyr näz-kereşme.
Bu görgüliňem müýni özünde, özüne ýüz berilmese-de ýalym-ýulum edip, çaý äberdi, ýanynyň süýjüligidir şokolad-kökesi, çigit-maňzy bilen.
-Nahar iýjekmi?-diýip sorady.
Jogap ýok.
Hamana özüne ýüzlenilmeýän mysaly, diýýämisiňem diýmän, telewizora gyzygansyran bolup otyr.
Ýen bir öwre hasam şelaýyn sorady:
-Ýumurtga çakaýyn bolmasa?!
-Çakaý... bolmasa...-diýip ylla bir oňa ägirt uly serpaý ýapýan dek, ummasyz gara minnet bilen dişinden syzdyryp, pyşyrda ýakyn jogap gaýtardy.
Pahyrjyk şoňa-da monça bolup, aşhana ýelk ýasady.
Ýadawlyk küje, argynlyk küje, ganat baglana dönüp, guş bolup uçup, ärine heýgenek taýynlap berdi.
Onýança agşamlyk naharyň ugruna çykmagyň wagtam alkymyna dykylyp, äňme-äň bolaga-da direndi duruberdi.
Ýene biş-düş.
Äber-goý.
Aýyr-ýuw.
Iň soňunda özi garbak-gurbak edindi.
Soňra hemmesiniň okuw, iş eşiklerini ütükleşdirdi.
Sagat 22:30.
Düşeklerini atdy.
“Gerşimi ýazaýyn-la...” diýip soňky deminiň bäri ýanynda ýerine geçip süýndem welin, uzak günki haltyldaýşy bilen endam-janynyň derdir-kirden ýaňa şepbeşip durany ýadyna düşdi. Ýene özüne zor salyp dikeldi-de, patanak-putanak hammama ýöneldi.
Mylaýym suwuň astynda süňňi ýeňläp, synasyny tämizläp çykdam welin, ýene düýnki “pişik” “esewansyz gaýmagyna” gözüni çarhlap, amadyny peýläp ýatyr...
“Owf!” etdi-de, takdyryna ten beren ol uludan demini aldy. Soňam: “Janlary sag bolawersin-eý welin, hemmesiniňem, sag-aman ertir işe bir özümi atsam! Dynç günem şol, mazaly dynç almagam...” diýip içinden umydygär oýlandy-da, garaşýana garşy boýnalyk ýöneldi.
...Gije sagat ikiden aganda, uklap barýarka-da ahmyrly oýlandy: “Wa-a-h, şo pissa näme üçin başladyň diýsene... Sargyt edip getirden bolsam müň paý gowy bolardy...”.
![]() 93 |
![]() 21 |
![]() 4 |
![]() 2 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |

Fantom [off]
Soramaklyk bir minutlyk utanç, soramazlyk ömürlik.
26.09.2025 / 21:28
+0
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!!
Gowy ýazlypdyr.
Enelermiziň jany sag bolsun.
Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi:
Äri aýaly bilen bile boljak bolanda hiç aýaly göwnänok diýär. äri herhiýli ýagdaýy emellesede bolanok. Onsaň çydap bilmän: - näme üçin? diýip soranda: aýaly ertir urolagyň ýanyna barmalydygyny aýtýar.
Äri ýatjak bolup eýläk urunýar, beýläk urunýar bolanok. Ahry çydaman: -Neme, e


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
27.09.2025 / 05:10
+0
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁
Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin.


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
27.09.2025 / 05:11
+0
Gurletsenem 6 otduh dokuza cenli galman yatjak diyen bolarsyn )


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
27.09.2025 / 16:22
+0
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim alyaka?
Işleyan zenanyn alty-otduhdaky birinji aladasy su bolmaly. Ozumiz-a seydip geciryas hepdede 2 gun bos bolsagam. Bu birhili mes zenanyn durmusy oydyan Dine nahar bisirip, howluny supurip geciripdir.

Fantom (27.09.2025 / 18:51)
Belki, Ýok, menä pikirim ol zatlary işden gelägede şakur şukur etýändir. onça çagalar poluň derrow işini görýändirler. Meňä etaž jaýlar gözegime geldi diýjekdim welin daşaryny arassalamandyrlar diýär. Dogrysy bärde jedelleşmäne zat kän. O diýänä 3 4 çagaly aýal bolsa eýýäm öwrenikli bolýar, ýöne magazyna gatnap oturşy birhiýli täze gelen gelni ýada salýar...
Gap gaçlar ýuwulmadyk diýär. O kimiň günäsi? sesini gataldagada eline oklag alyp çagalarna birki jekjanyň priýomyndan görkezse


Fantom, isden gelip nahary zordan edyan gelin o zatlary nadip etsin? Sakyr-sukurlyk is dal-a olar. Nahar etmek ansat gayta olary edenden.
Howwa magazina bazara gidip gaty kan wagt yitiripdir. Hepdede yekeje gun bos bolyan adam ucin gaty biderek gidirlen wagt.


Fantom, onsonam isden gelip olan baryny birden etmez-a poly yuwdy diyende apisgeler galar apisgeleri yuwdy diyende goslan tozanyny almak galar...
Isden gelip uborka edyan yok onsonam menem isleyan men kop isdes gelnimem bar hijisem isden gelip uborka edenok dine nahar edip gap yuwyalar, bolany. Akan-dokan zat bolsa yygnayandyrlar elbetde, ol basga gurrun. Yone pol, apisge, tozan almak olar dine bos gunun gurruni.
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




