Ýaňajygy çukurjam 



Düýn, 19:39
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Şu mahal şeýle bir küýsedim seni,
Ýañakda enaýy çukurjyk ýasap,
Ýylgyryşlañ gelip gidýär gözöñme,
Ýyllardan ýellerden goraglap gezdim,
Ynanyp bilemok, nädip ynanjak,
Bu ýyllara, bu ýellere dözenñe.
Men saña beledä ýüregi ýuwkam,
Sähel zada ynjap gyýylardyñ sen,
Ýollaryña bakyp sabyry suwkam,
Dünýäñ dünýäm bilen bolanynda deñ.
Dilleriñe badak atylan ýaly,
Aýdaýmaly sözler damaga düwün,
Älemdäki bar syrlaryñ aýany,
Bir sözde jemlenip diýilse şu gün.
Iñ soñkymdan söýýän diýip gygyrjak,
Gygyrjak başymdan pyrlap pyrlaplar,
Sen ony duýarsyñ, duýarsyñ bir çak,
Eneleriñ duýuşy deý islegin,
Bäbejik aglanda çyrlap çyrlaplar.
Bagt guşy saña höwrügen bolsa,
Uçuryber, gaýdyp geler, uçur kän,
Söýgiñ bakylyga öwrülen bolsa,
Şol mendirin ýañajygy çukurjam.
Myrat Gurbanow.
![]() 32 |
![]() 20 |
![]() 2 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:

Altyn_asyr [off]
Şugün, 06:51
+0
Sen geldiň,
Men bildim.
Gelşiňem gowy,
Bilşimem gowy.
- Gazetden yzyna gaýdan goşgym

Mizandy [off]
Şugün, 07:46
+0
Harp ýalňyşlarny bir dogry ýazyň! ýuwkam *ýukam


Mizandy, edebiyat grupbamyzda seyle paylasyldy. Awtordan birugsat yekeje oturyna-da el degirmeyan men.
Soňky teswirler
Ýaňajygy çukurjam 
Sen geldiň, Men bildim. Gelşiňem gowy, Bilşimem gowy. - Gazetden yzyna gaýdan goşgym...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Indi mowzik açmana bolarsyňyz zar... Admina gelenok, Moderator bar... )) Bolmasa üýşip ýazalýyň şoňa, Mümkin peýda eder, _Goýmalyň soňa...

Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Näme sebäpden mowzuk açmakçy bolamda, "günlik limidiňiz gutardy" diýýär, hiç zat açmakaň nähili gutarýar!?...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
2011 bolsa men bardym şol döwürler saýtda...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.
Meň 13 yasan gunum acylan mowzuk eken )...dowamy...