“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
“How can I give up on you? I’ve finally found the one.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gaýgysyzyñ söýgi synagy./dowamy2
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 05.04.2024 / 06:04
 #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek

Gaýgysyz nädibem bolsa birzat edip Leýlasyny tapmalydy. Kellesini işletdi, ýere gaçan zatlar nämedi? Attestatdy ahyry. Ana doñdy ýene kelle. Ýok bu gezek doñmady, sebäbi bir ujunda Leýla bardy. „Diýmek ol mugallym bolmaly-da. Hawa hawa. Garaş maña Leýla!“ diýip ýola düşdi. Şol süsüşen ýerleriniñ töweregindäki mekdepleriñ sanawyny ´google map´den derrew bilen Gaýgysyz, mekdepleri añsatlyk bilen tapdy. Birgün o mekdebiñ öñünde, birgün bu mekdebiñ öñünde. Leýla bolsa otpuskada(zähmet rugsady). Gün geçdigiçe Leýlañ otpuskasy, Gaýgysyzyñ bolsa umydy tükenýär. Eý borlaý olar ýalam nejis bolmaly. Ýa Gaýgysyza näme bolsa bolsunmy? Gaýgysyz owarramla welin, Leýlañ näme günäsi bar. Oýun edýän how Gaýgysyz, olar ýalam erbet biri däl men. Gowuşdyrjak sizi, arkaýyn bol. Ýöne iñ soñunda pasy saña berjek, bar jogapkärçiligi özüñe goýup, bir gyrada duran ýassyjagymy gujaklap arkaýyn ýatjak. „Şugünem gabatlaşmasam boldulaý indi, ýöne bir salgyma kowalaşyp ýörn.“ diýdi Gaýgysyz. Şol gün ýazyjyñ, ýagny meniñ rehmimiñ gelen günidi. Biri gynansa maña bolonok, ýüregim agyrýa. Meñki dogry hem bolup, garşymdaky gynansa bolonok. Gaýgysyz şular ýaly ýuka ýürekli bir yazyjynyñ eline düşeni üçin örän bagtlydy. Ýöne mundan onuñ özem bihabardy.

„Birgiden adam özüniñ bagtsyzdygyny bilýär, ýöne ondan has kän adam özüniñ bagtlydygyny bilmeýär.“

Şol gün Leýlañ otpuskasy dynypdy. Aslynda Leýlañ otpuskasynyñ dynmagyna ýene 1 aý bardy. Ýöne şuwagt güýç bizde. Biz haçan dyndyrsak dynybermeli. „Gowurga dişliñki, döwür güyçliñki“ diýipdirler. Ýöne buwagt dişli bolubam gowurga iýmek gaty añsat däl. Bu ýazgynyñ gutarmagyny menem gaty isläp baramok, ýöne hemme gowy zatlar ýaly bu yazgynyñ hem soñy ýakyn.

Olar ýene öñküje süsüşen ýerlerinde gabatlaşdylar, tanyşdylar. Leýla Gaýgysyzy birnäçe kişiden sorady, soratdyrdy. Ol Gaýgysyzdan näme-de bolsa birzady gizleýärdi. Gaýgysyz Leýlanyñ oñat gyzdygyna gözi yetensoñmy ýa ýokary-ýokary bilimine guwanany üçinmi nämemi Leýlany hiçkimden soramady. Ýok ondan dälle, ol Leýla ynanýardy. Soraýanda-da Leýlany ýamanlap biljek adam ýokdy. Sebäbi oña yazyjy kepildi. Leýla gizläp ýören zadynyñ birgün ýüze çykjakdygyny bilýärdi, ýöne şonda-da ol gizlemegi saýlady. Günler geçdi, birek-biregi oñat tanadylar. Yna-da bugün Leýlañ gizläp ýörenje zady hem gün ýüzine çykdy. Gaýgysyzyñ üstünden gaýnag suw dökülen ýaly bolup gitdi. Leýla şeyle owadan, agras, asylly, terbiýeli başly, aýdymdaky ýaly („Aýdyma laýykdyr seniñ jemalyñ, Aýdyma laýykdyr seniñ kemalyñ 🎶🎼🎶”) jemaly-da kemaly-da aýdyma laýyk. Ýöne ýekeje kemçiligi bardy. Näme, bir kemsiz gözel barmy? Tikensiz gül barmy?


36

8

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAY-HAN [off]
  gazak gözlüm
 09.04.2024 / 00:53

+0

Boş durmasyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kim haysy Welayatdan


Dasoguz Gorogly...dowamy...
Tanyşlyklar | Kim haysy Welayatdan
BAYOGUL (Şugün, 22:37)

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Awtory?...dowamy...

EJEME HAT


Mlds likee...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | EJEME HAT
10asevdali (Şugün, 22:11)

Yalnyzlyk


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
BAYOGUL (Şugün, 21:58)

Söÿgi pursatlary..


Mlds...dowamy...

Gysgajyk goşgyjyk


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
BAYOGUL (Şugün, 21:50)

Bilyan eje♡


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilyan eje♡
BAYOGUL (Şugün, 21:50)

Dostluk barada


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
BAYOGUL (Şugün, 21:49)

Diñe seniñ üçin!


Mlds...dowamy...

Agsamlyk nahary ( hekaya)


Mlds...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика