Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Diñe seniñ üçin!
Premium
 Belki [off]
 03.05.2024 / 10:13
 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Mahym Nurgeldiýewa (goşgular)

JOGAPSYZ SOWAL

“Kim sen?”
Öwran-öwran berdiñiz sorag,
Nätanyş nazarlar atdylar öwşün.
Ahmal,biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

Kä dünýäñ derdine biparh düñle men,
Kä mätäje ýetirýärin delalat.
Kä ummanda damja saýýan özümi,
Kä kimsä meñzemez şeýle del adam.

Käte şowhun gaýy turýar ýürekde,
Gussalarym damar dartýar käýarym.
Kä zyba zemine sygmaýar göwnüm,
Käte gum deý ýeke gysym galýaryn.

Mahal-mahal çet künjege çekilen,
Bar närseden elin üzen ýalñyz men.
Birden ejiz gorkylarmyñ gaşynda,
Birdenem merdemsi,batyr, algyr men.

Danadyryn,öwüt berýän käýarym,
Kä aklyn ýele taladan diwana.
Söz aşygy,suhangöýdûrin käte,
Kä dymma men,söz tapmaýan diýmäge.

Kämahallar ýomak atýan alçak men,
Kä agraslyk serde sürýär hökümin.
Ynanjañdan sada göwnüm bar käte,
Kä astynda ezilýärin şekimiñ.

Kim men?
Ornum niresinde älemiñ?
Gowsy,hezzet etmäñ soraglañ söwşün.
Bilýän,biçak geñlärsiñiz aýdaýsam,
Özümiñ kimligim agtaryp ýörşüm.

Agtarmaklyk çözgütmikä,eýsem-de,
Akyldan süzülen şerbeti içip,
Tar-u mar etseñem dünýäñ dört künjün
Ýitirmedik närsäñ tapyp bor niçik?

******
Dertdeşine dert ýolugsa,
"Duýarmyş diýdiler ynsan."
Sözlemäge sözi känkä,
"Dymarmyş diýdiler ynsan."

Ýüregi gan aglap käte,
Ynanany ýalan çyksa,
Gözýaşyny gökde gizläp,
Ýylgyrarmyş ýalanjykdan.

Atan oky boş bor öýdüp,
Emgenermiş çenenmäge.
Ýa:zar saýyp soñy gama,
Wehm eýlärmiş begenmäge.

Göwni gubar baglaýarka,
Mätäçkä nesihatlara.
Ýakyna syryn ynanman,
Için dökermiş ýatlara.

Kä heserli günlerinde,
Kä şowhundan daşaýanda,
Elin goýup ýüregine
Diñlärmişin gürs-gürsüni
Ynanman ýaşaýanyna.

...Söýenine hany-manyn
"Serermiş diýdiler ynsan."
Özüni söýene hesret
Berermiş diýdiler ynsan.

GELÄÝIPSIÑ

Ýyllaryñ ýygyrtly ýüzüni ýazyp,
Geläýipsiñ!
Ötünç çogýar aýañdan.
Garaşmak endigim wadañ deý bozup,
Özümi agtardym özge hyýaldan.

Men özümi del gözlerden agtardym,
Tapmadym, kejikdim duýgym deý ylla.
Bagt ýüwrüge berilsedi aljakdym,
Arman,bagty alyp bolmaýar ylgap.

Duýgularyñ adasynda gezm edip,
Ýitiren ekenim parasadymy.
Hiç bir parahatlyk aýryp bilmedi
Kalbymda oýaran harasadyñy.

Ah ,şonda-da söýgä duş eden ýollar
Unutdurmagy hem gylyk bilipdir.
Bak,saña şepagat eçilen ýyllar
Meni birehim gyz kylyp bilipdir.

Barybir, ýatlaram bagt be:r gönendi:r
Şat etmek dälmidir bagtyñ ukyby.
Emma diñe berilýändir söýenñe
Öz göwnüñi ynjytmaklyk hukugy.


******
Aýaz tigirläp ýör köne tekerin,
Menem durmaýaryn sowukdan nalap.
Ýadyñdadyr gara ýürek çekeniñ
Süññi sowan gyşyñ oýnuny halap.

Yşk üçin eýlenen pidadyr öýtdüñ
Gar içinde ýitip gitse barmagyñ.
Ýöne kalplar şol gardaky şekil däl,
Ýollary köteldir oña barmagyñ.

Keýp edip synlardyk doñan buzlaryñ
Hyýal köşgi bilen reñkdeşligini.
Asyl,şonda düşündirjek bolupsyñ
Garyñ söýgimize meñzeşligini.

Ýeke tapawut bar siññin garasañ,
Özün aýan eder dykgatly göze.
Ötürdi-de ýaşamaly möwritin,
Gar ýyla: eredi,yşk sowuk söze.

AÝRATYNLYK

Ýazgardyñ.
Dymmakdan dalda gözledim.
Dünýäñ gozgalaña salmaz bilýärin.
Kemçilik hasaplan närseleriñe
Özboluşly aýratynlyk diýýänim.

Ynsana basylan tagmadyr olar,
Añ etseñ,bu ylahy bir senetdir.
Gülüñ tikeninde awandyr eliñ,
"Gan görüner sûýde siñe seretseñ"

Jedelleşmek netim bolmandy.
Aklyñ
ýeterinden ýetmezligi ýakyndyr.
Akyp duran tereñ suwlaryñ asty
Ownuk-iri daşdan hyryn-dykyndyr.

Gije mäkäm synla,ýykjakdyr hökman
Birkemsizlik hakda "ymaratlaryñ"
Ýalpyldawuk zerin boýnuna oran
Aýyñ tegmillerden ybaratlygyn.

DIÝEBILMEDIKLERIM

Mähir diläp galypdyryn el sere,
Umyt çäkli bagt menzilne eltere,
Bu gün sözlenmeli sözler ertire
Galmasyn,saklan!

Göwnümden nur,aklymdanam dür saçan,
Arzuwlam ak bolup,siñipdir saça,
Heserlenmiş datly duýgym dil aça,
Armasyn,saklan!

Belledim janaljy çeşmiñ öwzarym,
Syzman ýerde-gökde başga öý baryn,
Gaýnan gussa gözlerime ö:l baryn
Garmasyn,saklan!

Ah,bilseñ ýalñyzlyk niçiksi azap,
Geldim syr seçelän syrdaşym a:ra:p
Lebimde gülleýän gülküler aga
Ýa:zmasyn saklan!

Owaz düzülermiş sada ses-üýnden.
Geljegiñ agtarsañ,habar al düýnden.
Emsiz-ýomsuz söýgim özüni müýnden
Saýmasyn,saklan!

Bulut gögüñ ýañagynyñ halymy?
Damjalar pyşyrdap sorar halymy
Kejir takdyr wadamyzdan aryny
Almasyn,saklan!

Goja ýer mysaly aýlanyp añym,
Ädimleriñ sanap aýñalyp galdym.
Kalbyñ kirişleri aýralyk sazyn
Çalmasyn,saklan!

GORKY

Men ýagyş-ýagmyry söýmekden gorkdym.
Ýogsam iññän lezzetlidi bulutlañ
Çar ýan göçüp seýil etmesi asmanda,
Aýamda tans etse damjanyñ yzy.
Iññän ajaýypdy toprakda goýan
Yzgarynyñ ysy,neminiñ ysy.
Ýogsam terk etmegem islärdim gamy
Sap owaz-heñine durşuna uýup.
Men ýagyş-ýagmyry söýmekden gorkdym.
Olar ahyrsoñy diñmeli diýip.

Men süýji düýşleri görmekden gorkdym.
Ýogsam hyýal kibi datlydy olar.
Rugsatsyz,idinsiz juwan ýüregiñ
Işiginden assa ätledi olar.
Hatda köp halatda ýakynlarymdan
Haýyş ederdimem "oýarmañ"diýip.
Men süýji düýşleri görmekden gorkdym.
Çünki ahyrsoñy "oýanýan" diýip.

Wehm eýledim güle göwnüm bölmekden
Ýogsam behişt ysyn pürkmeýärmi gül?
Men diñe gorkýaryn ýekeje zatdan
Şundan özge zatdan ürkmeýänim bil.
Ýogsam halardym-a alsam aýama
Gyrmyzy meñzini goýýarlar diýip.
Men gözel gülleri söýmekden gorkdym
Olar ahyrsoñy "solýarlar"diýip.

Başarmadym şemala-da bil baglap,
Ýogsam,serginligi aklym alardy.
Öwrenen gylygmy bolmady örkläp,
Çagalykdan saýlanmanym aý aýdyñ.
Bagtly pursatlara berilmedim kän
Ahyrsoñy duşdan ötjegin duýup.
Gel,gör,indi seni söýmekden gorkýan
"Bir gün duýman durkam ýitirin" diýip.

ÖWGÜÑ GÜÝJI

Öwgüñ güýji asla edilmez inkär,
Ören kerebine çolaşyp ýörmek
Meger bagly däldir bilgirligiñe.
Garga onlarça gez "Sen bilbil"diýip,
Ynandyrmak mümkin bilbildigine.

GARYNJA

Ýersiz ýere zeýrenç baryn suñşurdym
Öwündümem gaýa-gopuz ýok ýerden.
Işlimişim,başagaýmyşym biçak
Ornumda özgesi durmazmyş bir dem.

Ýetişerden agdyk ýumuşy neneñ
Sygdyrýarkam salymyñ gujagyna?!
Işeññirlik ornapmyşyn süññüme
Haýranmyşym özümem gujyryma.

...Öñümden garynja barýar howlukmaç
Çybşyldap tapanyn daşýar öýüne.
Howalaly jümlä degenok eli,
A sen bognyñ yssa otur,öwün-de.

Akyl,taşla bu bipeýda pyglyñy
Göwün,senem başgarak heñ çalawer.
Heran-heçan şol peslige ýüz ursam
Dikelläýýär añymda şol janawer.

Gözüñe söweýin birkemsiz Awtor
Sünnä ýaradypdyr,gel-de kemin tap.
Kiçijik jandaryñ hortap süññünde.
Ägirt dersi gizlän eken tebigat.

Ýok,zeýrenç gapysyn kakmaryn asla,
Egnim iş-pişeden atsa-da labyr.
Çünki,garynjanyñ göterýän ýüki
Hut öz agramyndan on esse agyr.

NAKYLDAN ÇUÑ PELSEPE

Sen ol kişi dälsiñ.
Meniñ gözlänim.
Ýitirmekden wehm eýlänim sen dälsiñ.
Gije düýşde samrap gündiz sözlänim
Hossañ ýeke zerresine dözmänim
Serde hallan atyp oýy-pikiri
Akyl çözläp,pähm eýlänim sen dälsiñ.

Sen ol kişi dälsiñ.
Ýagmyryñ oklan
Damjasynda husny-roýun gördügim.
Arzuw deý göwünde tijänim dälsiñ.
Köñülde köşk gurup,patyşa saýyp
Azabyna "lepbeý"diýip ýördügim,
Mährine suwsanym,ymgyr çöllügim
Ykmanda şemaldan idänim dälsiñ.

Howwa,synanmagam bir üstünlikdir
Gyýylaýma,galanyña çenenip,
Seret,älemgoşar doguldy gökde
Şoldur meniñ oña baglan çemenim.

Baş heserde,
Göwün otda,
Ruh yşkda
Başagaý dünýämde meñ etsemim kän.
Durnadan gönderen salamlarymyñ
Gowuşmaly ýeri señ mesgeniñ däl.

Sen ol kişi dälsiñ.
Meniñ gözlänim.
Eýmenen gözlermiñ eýesi sen däl.
Otdan alyp,suwa salyp örtänim,
Ýüregiñ boz meýdanynda örklänim
Syrdam umydymyñ seresi sen däl.

Bir gün şindikiden has çuñ söýersiñ
Öten barmy yşk toruna çolaşman
Men onuñ geljegin güman edýärin
Ýüzüp ýörün hyýal deñzin gulaçlap.
Adamda-da ýowuz,elhenç gylyk bar,
Gelmejege has intizar garaşýar.

Sen ol kişi dälsiñ.
Nazaryñ sepip
Takrap ýatan köñle ham-hyýal eken.
Durmuş pelsepesi nakyldanam çuñ:
Munda her agtaran tapmaýan eken.

BIR DILEGIM

Golum çyzgap, girsem durmuş jeñine,
Ummasyz ýük ýüklenäýse egnime,
"Başarmaz"diýp il-gün tutsa heñine,
Hatda, dertdeşlerem bor ynanmasa,
Bir dilegim:Eje,sen ynan maña!

Eltmese bagt kenaryna gaýygym,
Gyýa garap,ýazgarylsa gylygym,
Onuñ üçin egmen başym gyýylyp,
Ýeñişlerme özge bor guwanmasa,
Bir dilegim:Eje, sen guwan maña!

Ömrüme deñ yssy sözleñ gymmaty,
Şolardyr gamçylan arzuw gyratyn,
Hoşlaşaýsa myhman alan gurbatyñ,
Söýget gözläp dellere garama-da,
Bir dilegim: Eje,sen daýan maña!

Üýşürip gaşyña ylham üşügim,
Men "käbe" diýilse, saña düşündim.
Gyş deý ykbal goýsa göwnüñ üşüdip,
Setirim ne derkar kalp ýylytmasa,
Bir dilegim:Eje,sen ýylyn maña!

AŞYGYÑ AHMYRY

Zaryn nagmam,çekäýmeli jezamdy
Gulak gapan güwwüldisi depregiñ.
Añşyrabilsedim, käşgä,takdyryñ
Arzuwymy top mysaly depjegin.

Boýun aldym sessiz-üýnsüz, bialaç
Gedemligiñ päk söýgiden ozanyn.
Bagtymy hem süýregläpdi yzyndan
Zowwam geçýän gelnaljylañ tozany.

Umyt guşum telwas urar asmana,
Şypa a:ra:p dagyñ örküçlerinden.
Isrip etme, bagt binasyn gurgunyñ
Ýykylan göwnümiñ kerpiçlerinden.

Hakyñ ýok,ýygşyrma,duýýarsyñ äşgär
Yşk çölünde azaşanyñ kimligin.
Häzir ezilendir şor gözýaşyña
Pynhan gezäp,janym alan kirpigiñ.

Kalbym,syzýansyñ-a tozdurlan şähriñ
Dikelmejegini diläniñ üçin.
Onda dat eýledip nurly didäñe
Gelnaljyñ yzyndan garamak neçüýn?

Irde-giçde söýermikäm,kim bilýär,
Ömür tanapyny baglanym sensiñ!
Sen şeýle bir bagtly bolgun,mähriban,
Hiç bolmanda söýgim harlanña degsin!

ÖÝKELEMEK

Geldiñ ganatyñ ýaýyp,
Assa gonduñ gaşyma.
"Derrew tap kagyz, galam"
Diýdiñ,a men bolşuña
Ýygyrdym señrigimi:
"Häzir ýazmak wagty däl.
Ýetik öýüñ iş-derdi,
Ejemiñem ýumşy kän."

Soñ gije kakdyñ gapy:
"Indi gelsem bolarmy?"
"Aklyñ ýerindemi señ?!
Wagtdan habaryñ barmy?
Göreñokmy gözümiñ
Ýumlup-ýumlup barşyny?!
Ukym aljak mazaly,
Ertir geläý, ýagşymy?!"

Häzir bitdi işlerim,
Dynjymam aldym oñat.
Tüýs ýazmagyñ wagtydyr,
Kalbym şat,keýpim gurat.
Setirdir kapyýany
Boýlap lezzetin alsam,
Men bireýýäm taýýar-la,
Ýöne, sen hany ylham?

HYÝAL

Meniñ şol gözele meñzäsim geldi.
Hyýalym durmady durar hetdinde.
...Ýadyña düşýändir,mahmal baharda
Duýdansyz yzymdan ýüwrüp ýetdiñ-de:
"Bir gyza sataşdym, agynjak peri."
Diýdiñ."Hä" diýmäge beräýmediñ maý.
"Görsediñ düýş deýin gözelligini,
Assaja ýylgyrşy tüýs özüme taý."

"Dag jereni".
At dakypsyñ enaýy,
Bol-bol aşyk bolnan peri-peýker bol.
Duýdymyka sada yşgyñ uçgunyn?
Niçik bagtlydygyn bildimikä ol?

Minutlarym sagatlara deñleşdi,
Şemal öwüsmedi gyýlyp halyma
Meni seni şeýlebir eziz görüpdim,
Heniz gazanmadyk hany-manyma
Deñäp ýördüm.
Goýaýyn-la gûrrüñim
Indi bermez ikimize nep baryn.
Çar tarapa dagan arzuwlarymy
Ýörelmedik ýodalardan çöplärin.

...Ynsan hak yşkyny duşdan geçirip,
Elmydama ýowuz daraýarmyka?
Ýa-da ýöntem görüp ynam-yhlasyn
Söýgüsini syndyranlarym üçin
Ykbal menden şeýdip ar alýarmyka?



HAÝP (degişme äheñinde)

Boldy.
Besdir.
Hol deräniñ göwsünde
Özüme ümsümje çadyr guraýyn.
Gurbannazar Ezizow.

Şeýleräk karara gelerçe boldy.
Gulaga hoş ýakýar.(Neneñ onda-da!)
Iri-ownuk ünji,aladadyr iş
Barçasyny düñderip bir zarbada
Oklamaly zir-zibile oklan dek
Yzyña garaman gaçmaly hökman.
Çadyr agtarmaly,tapmaly çadyr,
Boljakdyr ynanýan ruhuma lukman.
Mejnun çöle çyksyn,men ýaýla çykjak,
(Meñzetmäñ nä,ýanañog-a söýgüden)
Ýel nirä öwüsse şo ýana baka
Melul göwnüm durky bilen öwrüler.

Şeýleräk karara gelerçe boldy,
Dertler durnañ üstüne bir urnady.
Huşum gursun,çykaýypdyr ýadymdan
Haýp, men başaramok çadyr gurmagy.

KÖÝEN SÖÝGI HAKDA ŞYGRY OKAP...

Galamdan çekilen gyzgyn perdäni
Syryp, göwne ýazdym setirdir bendi.
Bu niçiksi şygyr?
Aýtsana,şahyr.
Maña agyr geldi çekerden derdi.

Ýyllaryñ böwründen geçipdir parran,
Gülle deýin çümüp, galdyryp yzyn.
Bir gyzyñ ýüregne ýetmedik duýgyñ
Kalbyn paralady özge bir gyzyñ.

Ýer bagyrtlap galanyña gyýylma,
Howlukma,pursat ber dañyñ atarna.
Wysal alawyna çoýmadyk yşkyñ
Goşdy adyñ beýikleriñ hatarna.

Dünýäñde kök urup,ösüp,ulalyp,
Daragta dönüpdir müddet gelende.
Uç-gyraksyz şahasyndan aslyşyp,
Aklyñ onyñ bilen çykdy belende.

Ýazgarma ýar saýyp ýada ýazanyñ
Näwagt boldy yşgyñ ýoly bol-telki?!
Gözýaşyñ görmedik gedem dildara
Duşsañ minnetdarlyk aýdarsyñ belki.

Myradyna gowuşmadyk yhlasyñ
Talant kepderiñi göge ýetirýär.
Duýup ruhuñ şahyr eýlän elemiñ
Ornuñda däldigme begenýän çensiz,
Hemem kemsinýän.

HAÝSYSY ÝAMAN?

Sözler!
Herdaýym hemdemim,
hatda her demim,
Ussat yzçy bolup yzlanym hergiz.
Satyjyñ iñ oñat harydyn satman,
Ýygşyryp goýşy deý gizlänim hergiz.
Galyñ kitaplaryñ gatyn waraklap,
Beýik danalardan diñlänim hergiz.

Müddeti gelende diýdim "gowşyryn"
Müddeti gelende salaryn ýola.
Hyñ berip dur kisäm yssy jümleden,
Aýdymdan,
şygyrdan,
kelamdan ýaña.
Ýok,bala dönmeli nan däldir diñe,
Zerur çagty sözem öwrülýär bala.

Sözler!
Derdim diñlän dertdeşlerim siz,
Garagol ruh gama batsa haçan-da
Çöplänimde zer dänesi deý çöpläp,
Seçdim gelnaljyda teññe seçen deý.
Kelamlara gallaç garanjaklasa,
Açdym hazynaly humy açan deý.

Emma käte aýdabilmän örtendim,
Çeýnedim dahanda ýuwdunyp bilmän,
Kä gowşak guwwas men,jümleler derýa.
Bolmalysy şudur diýip sypyp bor.
Ykbala ýöñkäp bor paşmanlygyny.
Haýsysy has ýaman,çataýmaz aklym:
Aýdylmadyk sözüñ ahmyrymy ýa,
Aýdylan kelamyñ puşmanlygymy?

...GÖWNÜM GAÇDY

Bulut gamdan gözýaş dökdi
Siz oña "ýagmyr" diýdiñiz.
Bereketin seper durar
Topragy gandyr diýdiñiz.

Demin üfledi Biribar
"Mylaýym şemal"diýdiñiz.
Derýa janpena tutundy
Siz oña "kenar"diýdiñiz.

Ýer üşäp, ýapyndy ýorgan
Siz "Mawy asman" diýdiñiz.
Synaga salyndy ömür
"Aladam,gussam" diýdiñiz.

Gül uýaldy öz görkünden
"Reñkidir gyzyl"diýdiñiz.
Ak kagyza göwnüm gaçdy.
Siz oña şygyr diýdiñiz.

*****
Ýagdaýymy soradylar,
Bir söz bilen diýdim:"Gowy"
...Hasrat tans edýär howada,
Gündizlem gijeden goýy.

Günüñ geçirmez ýagtysyn
Ýalñyzlygyñ penjiresi.
Kinniwanja umyt görse,
Hyýallarym eljireşer.

Çeke-çeke baba oýnap,
Göwnümi dartýar elemim.
Dünýämi gysyp-gowuran
Ägirt boşluga eýe men.

Çukur döräpdir ruhymda,
Kä şoña ýykylýar duýgym.
Sanarymdan geçip gitdi
Ýüregime alan urgym.

Şu günler diýseñ intizar,
Ýagdaýymdan däl-ä hoşal,
Boşlaw göwün asmanymda
Dogmazmy heý älemgoşar?

Uzaga uçup bilenok
Arzuw guşym eldeki deý.
A tozana gaplan yşgym
Bir bar,bir ýok,erteki deý.

...Ahwal,oýlar çuññur bolsa,
Ýetmez eken sözlük gory.
Bulary niçik aýdaýyn?!
Bir söz bilen diýdim:"Gowy"

*****
Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar.
Ylhamy gözünden awlaram, ýogsa,
Kagyz üste toýnuk guran kelamlañ
Howalasy gökde galganam bolsa.

Çakdanaşa çuñluk zelelmikä ýa?
Bilmez bu ahwala el öwrenşip teý.
Intizar garaşyp,gowşulan bala
Arzyly at tapman elewrenşi deý.

Atsyz bolar eken zyýat şygyrlar.
Lezzeti uçmahyñ iýmişi kimin.
Watan söwdasynda baş goýan merde
Anyklaýabilmän at-neberesin
Näbelli gahryman diýlişi kimin .

KÖNE HEÑ

Birden tanyş heñ ýañlandy radioda:
"Aglama,Mahym jan,gitsem geler men!"
Oña hiñlenerdi tanyş-bilişler
Hökman, meni görerine mähetdel.

Irkilen deý süýji düýşüñ içinde,
Gözüm ýumup gönügerdim hyýala.
Gadymy dessanda galan köne heñ
Özüm üçin ýazylan deý hamana.

Senem hiñleneñde köpüñ ugruna
Öñkülerden has-da ünsli diñledim.
"Aglama,Mahym jan, gitsem geler men!"
Ýöne nämüçindir gitdiñ, gelmediñ.

Eliñden uçursañ arzyly guşuñ,
Nepi degmez asla,ahmyr-ahlaryñ.
Köşeşdire Tahyry-da bolmansoñ,
Özi aglap özi diñýär Mahymyñ.

...Ýyllar soñra kalbym gozgan köne heñ
Giñ pursat döretdi ýürek dökmäge.
Oýuña gelmesin ýazgarýar diýip
Aýby ýokdur duşan bolsañ "Zöhräñe".


TOWAKGA

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Sütüni söýgiden,
Kerpiji bagtdan,
Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn.
Asudalyk ornaşsyn üçeginde,
Dolsun süýji sözden alynan batdan.
Reñkläñ ony datly düýşleñ reñkine,
Poluna düşäýiñ pikir keçesin.
Şatlyk sesi ýañ berip diwaryndan,
Gozgalaña salsyn ylham köçesin.
Penjiresi sap duýgydan gurulsyn,
Syrylmasyn perde, men göge bakjak.
Ýagty günüñ yssysyna çoýunsa,
Pejem derkar däldir, bolmañ siz ýakjak.
Gapysyny açyp goýuñ her daýym,
Tanyş-nätanyşdan gizlemäñ ony.
Goý, bezegi ýöntem bolsun,zelel däl,
Hoş niýetler bilen siz bezäñ ony.

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Gaýry zada tamakin däl, dokmäde.
Azat ediñ ýaramaz gylyklardan
Men içinde zat tapmaýyn dökmäge.
Aýdymlardan gül ekerin,güllär ol
Penjirede küýzejigin goýaryn.
Gaýtalaryn diñlense-diñlenmese,
Biygtyýar synlap durman solaryn.
Sallançak deý törde sallansyn umyt,
Elmydam mähirden dolsun pürepür.
Oýun-baza gyzan körpe mysaly
Töweregin şowhun-şoha büresin.
Orny mäkäm bolsun goja dünýä deý,
Gozganmasyn, ýyllar geçsin,ýel geçsin,
Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Ol jaý siziñ ýüregñizde ýerleşsin.

28.08.20 ý


KÜLBIKEJIK

Ertekiden inen ýaly lybasym,
Gözleñ ataş,duýgularym lerzana.
Köwşüm däl,kalbymy gaçyryp ýere,
Eñip barýan nirelerdir bir ýana.

Gorkup,gaçypdyryn bagtly bolmakdan,
Parhy nä,ýollarym tekizmi,gumak.
...Emaý bilen kalbym galdyrsyñ ýerden,
Birgeñsi gürsüldär,salarsyñ gulak.

Adyñy pyşyrdar ritmi,urgusy,
Dartgynlydyr aşa, duýgudan tümmek.
Seriñde oýadar bilmek hyjuwyn
"Kimiñkidir maña aşyk bu ýürek?"

Onsoñ sen - görmegeý şazadam meniñ
Çar tarapa çapar ýollarsyñ derhal:
"Bu kalbyñ eýesin tapyñ tizden tiz!
Ýer ýarylyp giren däldir-ä,herhal."

Ah, şazada!
Akýürekli şazada!
Göwnüñ aldanmaga meýilli kimin.
Gorkýan,onça gözelleriñ içinden
Adyñ bilen ýaşap ýören ýüregiñ
Neneñsi tanarsyñ meniñkidigin?!

NÄTMELI (özüme)
Şübhesiz,sen meniñ gözlänimsiñ.
Şolsuñ!
Ýöne men seniñ gözläniñmikäm?
Nätmeli?
"Ine,tapdym!
Ol sen ahyr" diýeñde
Nazarlary garap dursa biperwaý.
Söýen ýüregiñe girmeklik üçin
Dowam edip bilersiñmi tijenmäñ?

Umydyñy syndyrarmyñ synlasañ
Gözlerinde sorag alamatyny?
Çekip bilersiñmi ýeke başyña
Iki kişiñ söýgi garamatyny?

Nätmeli?
Nätmekden saklasyn Hudaý!
Seriñde eýýämden aýdymka ady,
Yssy mähre teşne bolup ýörşüñe
Sowuk sözleriniñ üşetse dady.

Gitmelimi?
Alajyñ ýok gitmeli.
Onuñam söýmegi hökmanmydyr nä?!
Senem birmahallar "Sen şolsuñ!" diýen
Ýigitleriñ göwnün ýykmanmydyñ nä?!

MINNETDARLYK

Kämahallar käýinýärin özüme:
Nämä derkar ol günleri ýatlamak?
...Ýylgyrdyñ,ýanymda gülledi zemin,
Ýalbardyñ,ýadymda goýduñ ýatlama.

Şeksiz ynandyryp "aşyklygyña",
Salym döretmezdiñ ýürek gysmaga.
Desse-desse gül gujaklan gollarym
Uzadaýsam ýetjek ýaly asmana.

Onsuzam,ganata gowuşan göwnüm
Alty gün gökdedi,ýeke gün ýerde.
Galamymda gögerçine öwrülip,
Kapyýalar uçup başlady serde.

Wagtyndan giç gelen aklym kösedi,
Gözlerimem gapyl boldy görerden.
Irde-giçde terk edýänler ekeni,
Söýmän,yşky endik saýyp ýörenler.

"Mahym-Tahyr" kimin beýik söýgüniñ
Aşmadyk bolsagam çygyrlaryny,
Sag bol uç-gyraksyz ylham eçilip,
Ýazdyranña söýgi şygyrlarymy.

JADYGÖÝ

Bu niçiksi jadygöýlük,aýtsana?!
Yşkyñ bilen gelen ylham başgamy?
Birmahallar gökde saýan goşgulam
Ýuwaş-ýuwaş ýere düşüp başlady.

Keýpim des-deñ Ezizowyñ "Keýpine",
Geýýän başa "Saturnyñ halkasyn".
"Saña ne döw çaldy?" diýýär joralam,
Şol "döwe" müñ kerem tañryýalkasyn!

Ýeriñ ýarygy-da bahana kalba,
Soñky günler çendenaşa gülek men.
Düşündim dünýäme girmedik çaklañ
Ýylgyrşymam däl ekeni ýürekden.

Ýakyn dostum boldy yşky aýdymlar,
Hiñlenýärin,unutdyrdyñ gaýgy nä?
Sesimiñ orny bar giñ tebigatda,
Bilbilmişim,gargamyşym parhy nä?

Günde müñ gez gaýtalaýan, şondanmy?!
Gulagyma yssy gelýär adyñam.
Eger jady bolsa,haýyş edýärin:
Jadygöýüm,açma meni jadydan!

********
Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy
Gün birçak hoşlaşyp girdi öýüne
Asman bolaýmaklyk ýeñil däl,bilseñ
Bagryn beribilmez ýeriñ teýine .

Aý görüner çagda görünmedi.
Ol
Mürähet eýleýip diýjekdi "Gel,geç"
Birdenkä çytyldy asmanyñ ýüzi
Soñam gaharlandy gürledi elhenç.

Halysyny kakaýjakdy kalbynyñ
Töwerekde syrdaşy ýok seretse.
Arman bilmeýärdi adamlar deýin
Aglap bilse köşeşjegin neresse.




NÄTANYŞ GYZA

Göwni sypap geçýän säher şemaly
Umytlarym gorjar misli kesewi
Ynha-da oturys ýat oturgyçda
Düýpgöter nätanyş iki keseki

Ýaşapdyrys barlygmyzdan bihabar
Tä gabatlaşýançak,şu güne deñiç.
Kim bilýär büdretdi haýsy ýodalar
Haýsy ýodalarda gazandyñ ýeñiş.

Ümsümligiñ "sesi" ýakýar gulaga
Dymyp,onuñ sesin goraglalymy?!
Ýogsa-da aýt senem mahal-mahallar
Neçüýn ýaşaýanyñ soragladyñmy?

Başyñ egýäñ,gaçgynyñmy sowallar?!
Söhbetdeş küýsänim däldirem belli
Düşünýärin ýetikdirem öz derdiñ
Özgäniñ ahmyry artykmaç belki.

Ýeri bolýar,gepleme-de gulak sal
Ýa sowal gönükdir :"Adyñ nä? kimsiñ?
Söhbete gyzaýyn,göýä senden öñ
Adamzat nesline duşmadyk kimin.

Ýüregim aýañda kitap deý açyk
Agdar sahaplaryn ownuk "dünýämiñ"
Çünki,duşan haýsydyr bir nätanşyñ
Syrymy hiç mahal açmajaklygyn
Bilýärin.

ŞYGYR KIBISIÑ

Nazaryñ kalbymdan parran geçende
Şygyrdyr öýtdüm.
Hyýalyñ hyñ berse aklyñ içinde
Şygyrdyr öýtdüm.

Dar gursagy ýaryp gitse közleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.
Sarç serime baş öwreden sözleriñ,
Şygyrdyr öýtdüm.

Otly didäñ sowrup birehim uçgun,
Köñlümi çakmaksyz ýakyberýärdi.
Megerem,şygyrsyñ.
Üzñe närse däl
Ýylgyrşyñ şygyr deý ýakym berýärdi.

Dünýäm,dünýä deýin dymýarsyñ neçüýn?
Dillensene,göwnüñde bar nä hyýal?
Sen şygyr kibisiñ,şol deý jadyly
Husnuñ setir,bakyşlaryñ kapyýa.

Çawuş çakan pyşyrdyña imrinip,
Gökden uýaljyrap aý indi,hana
Bu niçiksi giriftarlyk, eý, Hudaý,
Öñ söze bendidim,a indi saña.

Gelebilmez dahana özge kelam,
Tüçjar zyban misgin düşdi neýläýin.
Togap edip aman diýr şygyr saña,
Aklym telbe,ruhum serhoş eýlänim.

Sen ynsan roýuna girmiş şygyr sen!
Waspyñ sada söze şan girizendir.
Owalynda seni sünnälän Ýazar
Kitap gatlarynda galarña dözmän,
Jan girizendir.


*******
"Bir derdim var artık tutamam içimde..."
(Aýdymdan)

Bir derdimiz bardy, añmady hiç kim.
Bizem diýäýmedik:"Serediñ bärik!".
Onsoñam,nä oña dert diýiljekmi?!
Ýeñil ýollar bilen tapylsa däri.

Öz-özümiz aýdym düzüp, hiñlendik
Unutdyk ertiri,öýle,giçligi
Dünýä gurduk ikimizden ybarat
Soñam oña salaýmadyk hiç kimi.

Ökünýäñmi?
Egmesene başyñy!
Indi yza garamaklyk nä gerek?!
Bu dünýäde bizden özge artykmaç,
Çünki,olar ruhumyza näbelet.

Näbelet ahyry,syrlarymyza
Kösendiler biljek bolup synanyp
Uzakly gijeler bilmezdik uklap,
Ýagyş ýagsa üşänlere gynanyp.

Diñe bahar ýaşar ýüregimizde
Ýeke boşluk durar onda garalyp.
...Bir derdimiz bardy añmazam hiç kim
Galamym!

27.11.2021.

BIR GÜN...

Bir gün duşjagmyza şübhe ýok mende,
Ol gün haçan geler?
Neneñ bor howa?
Tebigat hödürlär haýsy nygmatyn?
Belki,aýazly gyş höküm sürende
Ýa ülkäm ýazlara bolanda rowan
Duşarys ikimiz ynan,bigüman.

Näz etme nirede,özge gyzlar deý.
Hemişekim deýin juda gönümel,
Hem agraslyk bilen sataryn akyl.
Sen näderkäñ şonda?
Näme diýerkäñ?
Gaşyñ çytarmykañ gözlerme bakyp.

Ýeriñ ýarygyna gülýänim assa,
Käte özüm bilen gepleşýänimi,
Sary zülplerini zemine döken
Güýzüñ gussalarma sepleşýänini,
Duýguçyl aýdymlañ duýgur ruhuma
Ýapylan ajaýyp engamlygyny,
Hyýallañ bikenar köçelerinde
Ykmandalar deýin entänligimi
Bilseñ niçik bolar?
Dymarmyñ,
ýa-da
Ýazgaraýarmykañ içki dünýäñde.
(Ýa hormatym artarmyka aýtsana
Kän geplemän,degişmäñe gülmämde.)

Geñlemesin göwnüñ duýdurman bize
Ýyllar deñämizden geçende ýel dek.
Bir gün sataşarys.
Şol güne çenli
Diñe sabyr bilen garaşmak gerek.

03.02.2021

ÝAGYŞLY GÜNÜÑ OÝLARY

Herimize aýry ahmyr kän ýaly,
Ikimizem şol bir söýgiñ gurbany.
Umyt edýän ýüreklermiz başarsyn
Mundan soñra özi üçin urmany.

Bir-biregi ýazgarmaklyk ne derkar,
Ýatlamalañ azary-da ýetikdir.
"Hiç zada ýetenok"diýme göwnüme
Ilki senden, soñ bar zatdan geçipdir.

Damjalar zemini basanda bagra
Göwnüme bolmasa, adyñy tutýar.
Seret, bu gün gara geýinen asman
Soñlanan söýgüniñ ýasyny tutýar




“ÇAGALYK" GOŞGULAR TOPLUMYNDAN
SARGY

Çagakam almaza dildirdim golum.
Şonda içimde bir ünji galdymy?!
Ýadymda:çagalar ýüpbökdi bökýär,
A men synlap durun goly sargyly.

Köçe - çagalaryñ mesgeni köçe,
Köçe- çagalygyñ mesgeni köçe.
Oýun başlanardy.
"Gyzymyz" bolsa,
Öz kemini bilip çykardy çete.

Ne "gel" diýerdiler,ne ol barardy,
Agyr oýa çümüp synlardy sessiz.
Içinden ýeke-täk dileg ederdi:
"Bu günler geçsin".

...Çagakam almaza dildirdim golum.
Şondanmy ykbaldan galdym algyly?!
Bu gün durmuş oýnun synlaýar çetden
Goly gutulyşan,kalby sargyly.


EŞEKÇI

Hol araky ertekini aýdyp ber,
Şazada hakynda gürrüñ gozgaýan.
Henizlerem ulalmadym görýäñ-ä
Sözler bilen kowalaşdym oýnaýan.

...Iññän başarjañdym ördekawçyda
Her kim bir topara girjek meñ bilen
"Akpamyk deý ýedi doganly bolsam"
Diýip arzuw ederdimem dañ bilen.

Göroglyny aýdyp bererdi daýzam
Ähli zatdan şony görerdim ýagşy.
Söweş etjek bolanymam ýadymda
Gyraty ogurlan kempire garşy.

Gurjaklar bezenip giderdi "çaýa"
Indi özüm barýan delje eşikli.
...Sözler bilen kowalaşdym oýnaýan,
Ýaman ýeri,mydam men-dä "eşekçi".

13.06.2021 ý.


Mahym NURGELDIÝEWA.


227

41

16

4

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  En büyük hatanız kör sandınız🍃
 03.05.2024 / 14:11

+0

Hersini aýratyn mowzuk edäymelä.Gaty köp

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 04.05.2024 / 21:48

+0

Mlds

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 05.05.2024 / 21:21

+0

 Premium
 Belki [off]
  Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
 15.06.2024 / 22:16

+0

Senydil agam, ine gosgularym tankydynyza garasyan.


Täzeje
 (15.06.2024 / 22:38) 

Belki, ok hazirlikce bir goshgynyzy etdim, gowy goshgylar..

 Gerekli
 Yekejelai [off]
  Özime_dönein.♡
 16.06.2024 / 00:17

+0

beyba hacana okap bolorkam muny

 Özümiziňki
 Diamante_08 [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 16.06.2024 / 00:33

+0

Saratyan saratyan yzy gutarsnoga maladis galamyn yiti bolsun

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 16.06.2024 / 00:47

+0

Galamyn yiti bolsun sagbol yetirenine

 Özümiziňki
 Agzamen [off]
  ☪️🇹🇲
 16.06.2024 / 08:16

+0

"Söwüşli" gürrüňä bilmedim ýöne gadymy sözleri, ulanmak baradaky (öz boýumyň ýetmejek jedeline goşulýan bolmagymam mümkin belkem tankyt eden agza dogry aýdýandyram) gürrüňe bolsa goşuljak. Edil awtorlyk hukugynyň hem awtoryň dünýäden öteninden soňra belli bir wagtlyk möwrütiniň bolşy ýaly gadymy sözlerem eýýäm belli bir awtora eýe sözler däl. Beý diýmek bilen gadymy sözleri kopýalap basybermeli diýjegem bolamok, öz adyňa geçirip. Onam edýänler az däl ýòne bu ýerde (mowzukdaky goşgularyň awtory) bulary ýazan kişi olar ýaly zat etmekçi bolandyr öýdemok


Täzeje
 (16.06.2024 / 13:58) 

Agzamen, Agzamen siz dushunmediniz gadymy soz ulanmaklyk barada gurrun gidenok,
Has takygy onki shahyrlaryn goshghlaryndaky setiri kopiya etmek,lik bolanok, egerde siz yany owrenje bolsa bolyar, men gowy dp duzedish berjek, yone Belki atly gyz kamil cykypdyr, ona gelejekde sheyle bolmazlygny islap aytdym,..


Täzeje
 (16.06.2024 / 13:58) 

Agzamen, Agzamen siz dushunmediniz gadymy soz ulanmaklyk barada gurrun gidenok,
Has takygy onki shahyrlaryn goshghlaryndaky setiri kopiya etmek,lik bolanok, egerde siz yany owrenje bolsa bolyar, men gowy dp duzedish berjek, yone Belki atly gyz kamil cykypdyr, ona gelejekde sheyle bolmazlygny islap aytdym,..

 Öwreniji
 Gormegeyje [off]
 16.06.2024 / 18:10

+0

Senydil shu Awtoryn Islendik goshgylaryna teswir syn tankydy belliklernizi berip bilersiniz, Biz hem jogabyny yetireris, Wi yene bir hayshym Yashlary tankydy belliklerniz bilen gorkuzyp yormawerin..Sizinki yaly Tankytlamaga resmi bilimimiz yogam bolsa, Sizin islendik soragnyzy jogaplamaga mumkinciligmiz bardyr.. Meret Geldiyew, Lukman


Täzeje
 (17.06.2024 / 00:15) 

Gormegeyje, Siz shol Meretjigimi Belki agzan dogty??


Täzeje
 (17.06.2024 / 00:45) 

Gormegeyje, Siz psihologiki aylowlaryn usti bilen menin onimi baglajak bolyanyz,.. siz psihologiya sozlerden peydalnypsynyz bize jogap tapmak kyn, bu yazanlarnyz boyunca kelle doweris we Goshgydaky hakyky kemcilikleri bilen hakykaty kopcilige yetirilmegni isleyansiniz ony yetrip bilers,

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
 16.06.2024 / 19:07

+0

Senudil ! Haýsy dilde teswir ýazýaňyz , senu dilindemi? Ile tankyt etmeden öňürti özüňizi tankyt etseňiz gowy bolmazmy? Bolmanda sözleri dogry ýazmagy öwrenseňiz.


Premium
Belki  (16.06.2024 / 19:39) 

Gerceknazar, su yerdaki @Agzamen agza saytynyza agza bolup bilmedim diyya. Mana edisiniz yaly nik acyp sahsyna ugradayyn.


Täzeje
 (17.06.2024 / 00:38) 

Gerceknazar, gramatiki oshipka dine diktantda soralyar, sonam herkim bir zadda yazmaga okde biri elde, biri telde biri kompyuterde men elde yazmaga okde, barde zordan yazyan eger gramatiki yalnyshlyk duzetmeklik gerekdir oytseniz onda dogry yazmagy endik ederis... sag bolun belliginize

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
 16.06.2024 / 19:15

+0

Edilýän tankytlarňyzam manysyz gördüm. O setirde ol söz ulanypdyr. Öz ene dilimizi ulanman haýsy dili ulanaly? Bolmanda hemme şahyrlaryňam setirleri gabatlaşyp biler.


Premium
Belki  (16.06.2024 / 19:40) 

Gerceknazar, aytmasanyzlan haliden sony dusundirip bilmedim-da.


Täzeje
 (17.06.2024 / 00:25) 

Gerceknazar, bagyshlan sizin islendik hili yagny erbet ya gowy, ya manyly ya manysyz hokminde kabul etmage hukugynyz bolshy yaly, manysyz yerini punktma punkt esaslandytmaga borclysynyz jemgyyetin onunde bir adama at dakmakdan onurti gardashym, niresi manysyz niresini halamadynyz, acyk aydyn. Onsan jogaplayn


Täzeje
 (17.06.2024 / 00:26) 

Belki, dushunjesizliginizi gorkezdiniz

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Ýüregini ýazyp ýören ýazyjy
 16.06.2024 / 21:01

+0

Bolýar Mahym @Agzamen agzanam saýtymyzda agzamen edip goýaly.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Düýn, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Düýn, 21:22)

Gel...


Gowy eken haladym...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel...
BAYOGUL (Düýn, 21:07)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика