“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Pozguç ulanman çekilýän surata:"Durmuş" diýilýär:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ussat pedagoglaryñ bilim-terbiýe hakda aýdanlary
 Özümiziňki
 Belki [off]
 25.01.2024 / 21:41
 ...Sen maña seret, köñlümi eret!

Durmuşyñ ýeke-täk eşreti - bilim, iñ howply zady nadanlykdyr.

Okatmakda zorlap okatmaly däldir. Okuw işinde terbiýä uly üns bermelidir.

Gadymy grek akyldary Sokrat (b.e.öñ 399-469-njy ýyllar)

*******

Mugallym okuwçylaryñ ýykgyn edýän tarapyny we häsiýetini bilmelidir. Şol bir wagtyñ özünde- de olaryñ bilimli bolmagyny gazanmalydyr .

(Gadymy grek akyldary Platon)b.e.öñ.347-427 nji ýyllar)

*******

Eger-de çagalar zähmete mätäç bolmadyk bolsalar, onda olar sowatlylygy, aýdym aýtmagy hat ýazmagy ...öwrenmeýärdiler.

Gadymy grek akyldary Demokrit (b.e.öñ.460- 370-nji ýyllar)

*******

Çagalaryñ hemmesi mekdebe gatnamalydyr hem-de haýsy-da bolsa bir hünäri ele almalydyr.

Abu Aly Ibn Sina (980-1037-nji ýyllar) Orta asyr Gündogar akyldary

*******

Bir oglany okadyp sowatly etmegiñ sogaby on müñ ajy doýurmak hem ýene şonça adama egin- eşik berip sogap gazanmak bilen deñdir.

Túrkmen akyldary, alym pedagog Döwletmämmet Azady.

********

Ýer ýüzünde gün şöhlesiniñ düşýãn ýerinde iñ hormatly kär mugallymçylyk käridir.

Tertipsiz mekdep suwsuz degirmendir.

Hemme zady duýgy organlary bilen kabul edip bolýan bolsa, şeýle hem etmelidir(görülýän zady görüş,eşdilýän zady eşidiş... ys alyş, tagam biliş)

Çeh pedagogy Ýan Amos Komenskiý (1592- 1670-nji ýyllar)

*********

Çaganyñ doglan sagady ony okatmagyñ birinji sagadydyr.

Çagalary terbiýelemegiñ iñ gowy terbiýeçisi olaryñ enesidir.

Şwessar pedagogy Iogann Genrih Pestalossi (1746-1857-nji ýyllar)

******

Çagalar terbiýäni üç çeşmeden alýarlar: tebigatdan, daş-töwerekdäki adamlardan, derslerden .

Fransuz pedagogy Žan Žak Russo (1712-1778)

*******

Bir zady köptaraplaýyn öwrenmek köp zady birtaraplaýyn öwrenmekden has ähmiýetlidir.

Mugallym älem üçin gündür.

Nemes pedagogy gumanist Adolf Disterweg (1790-1866-njy ýyllar)

******

Mugallym özüne ynanylan gymmatly almazy ähli görki bilen şöhlelendirip biler ýaly täzeden işleýän jadygöýdür.

Mugallym hemişe intizar garaşylýan adam bolmalydyr.

Berdimuhamet Annaýew.

******

Adama bagtly bolmagy öwredip bolmaz, emma ony bagtly bolar ýaly edip terbiýeläp bolar.

Adama bütin ömrûnde berilýän terbiýäniñ togsan göterimi onuñ mekdebe çenli döwründe alýan terbiýesidir.

Rus pedadogy Anton Semýonowiç Makarenko (1888-1939-njy ýyllar)

******

Eger de pedagogika adamy hemmetaraplaýyn terbiýelejek bolsa, onda ol adamy hemmetaraplaýyn açyp öwrenmelidir

Çaga nätanyş bolan 5 sany sözi söz bilen öwretjek bolsañ, kyn düşer, emma şoña meñzeş 20 sözi suratlar bilen baglanyşydyryp öwretseñ, derrew öwrener.

Rus pedagogy Konstantin Dmitriýewiç Uşinskiý (1824 -1870-nji ýyllar)

******

Ene-ata iş wagty çagalaryñ aladasyndan azat bolmaly .Çagalary daşky gurşap alýan endiklerden daşlaşdyrmaly.

Robert Ouen

*******

Çagalar maddy ýagdaýyna we gelip çykyşyna garamazdan çagalar baglarynda bilelikde terbiýelenmelidir.

Rus pedagogy Ýelizabeta Iwanowna Tiheýewa (1866-1944-nji ýyllar)

*******

Çaga oýnamak üçin giñ mümkinçilikler döretmeli.Oýun boş güýmenje däldir.Ol çaganyñ durmuşydyr .

Rus Pedagogy Luiza Kaslowna Şileger (1863- 1942-nji ýyllar)

*******

Çaga 3 ýaşyndan soñ maşgala terbiýesi ýaramaz täsir edýär .3 ýaşan çaga köpçükleýin oýunlarda deñ-duşlarynyñ arasynda köpçülikleýin terbiýelenmelidir.

Rus pedagogy A.S.Simonowiç (1840 -1933-nji ýyllar)

********

Çaganyñ hereketleri, özüni alyp barşy onuñ akylynyñ görkezijisidir.

Çagalary akyl taýdan ösdürmek üçin olaryñ duýgularyny ösdürmeli.

Uşinskiniñ okuwçysy Ý.N.Wodowozowa (1840-1923-nji ýyllar)


55

14

2

4

1

0

1
Teswirler:
 Betinden
 xuliganka [off]
  la principessa di papà💚🌸
 26.01.2024 / 02:46

+0

Çaga oýnamak üçin giñ mümkinçilikler döretmeli.Oýun boş güýmenje däldir.Ol çaganyñ durmuşydyr .

 Täzeje
 Ezi [off]
 29.03.2024 / 23:44

+0

Gowy tema !

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

“Söýgi satylmaýar”


govken...dowamy...

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...

Owadanlyk bagtmy?!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
rexha (Şugün, 16:41)

Ajy hakykat!


💚💚👍💫...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
rexha (Şugün, 16:41)

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


...dowamy...

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


Govken💫...dowamy...

Betbagyt gyz 6


💚💚💚👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 6
rexha (Şugün, 16:39)

Gysgajyk goşgyjyk


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
rexha (Şugün, 16:38)

Bilyan eje♡


Govken👍💛...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilyan eje♡
rexha (Şugün, 16:37)

Dostluk barada


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
rexha (Şugün, 16:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика