Öwreniji Prenses [off] 01.05.2024 / 22:54 Her sey bitermis zamanla :(
Hakykatdanam, bir zatlary başarmak üçin hiç wagt giç däl. Ählisini täzeden başlamaly, durmuşymyzda täze bir sahypa açmaly we ýitiren gaýduwsyzlygymyzy täzeden dikeltmelidiris. Gýotäniň aýdyşy ýaly: «Malyny ýitiren bir zadyny ýitirer, hormatyny ýitiren köp zadyny ýitirer, batyrlygyny ýitiren bolsa hemme zadyny ýitirer». Gýote 82 ýaşynda aradan çykýar. «Faust» atly eseri onuň ýazan iň uly eseridir. Başga-da birnäçe mysal getirmek isleýärin. Çarli Çaplin 76 ýaşynda hem ajaýyp kinolaryň režissýorydy. Dünýä belli opera kompozitory Werdi meşhur eseri bolan «Otellony» 74 ýaşynda ýazýar. Ýene-de şular ýaly ençeme mysallary gözlegler esasynda okap bilersiňiz.
Men bir sözde özümi tapdym, bir söz bilenem durmuşa täzeden başladym. Şeýle pursatlar her adam üçin dürli ýerlerde saklanýar. Belki, bir aýdymyň sözlerinde, belki-de, okan kitabyňyzyň bir sahypasynda ýa-da bir goşgy setirleriniň arasynda. Belki-de, taryhy çeşmelerden şu güne çenli saklanyp galan birje sözdedir. Ýa-da sizde täsir galdyran filmiň bir böleginde. Ýöne bir ýerlerde hökman bolaýmaly, ol özüni taparyňa garaşýar. Sen nämä garaşýaň? Bir gudratyň bolarynamy?
Adam:
— Taňrym, meniň bilen gürleş — diýip pyşyrdady.
Şol wagt agaçda bir guş saýrady, ýöne adam eşitmedi.
Soňra adam çasly ses bilen:
— Taňrym, meniň bilen gürleş! — diýip gygyrdy.
Asmanda ýyldyrym çakdy, ýöne adam oňa hem gulak asmady.
Adam töweregine göz aýlady:
— Taňrym, seni görmäge rugsat et!
Asmanda bir ýyldyz şöhle saçdy, adam muny görmedi.
Adam ýene çasly ses bilen:
— Taňrym, maňa bir gudrat görkez! — diýip, asmana elini serdi.
Bir ýerde bir çaga dünýä indi, adam mundan hem habarsyz galdy.
Soňra adam umytdan düşüp aglady:
— Taňrym, seniň şu ýerdedigiňi maňa habar ber.
Bir kebelek gelip, adamyň egnine gondy.
Adam ony eliniň arkasy bilen kowdy-da, ýoluny dowam etdi.
Durmuşymyzda ýüzlerçe gudrat bolup geçýär, emma, gynansak-da, biz olaryň käbirini görüp bilýäris. Sebäbi durmuşyň akymyna düşüp, ençeme zatlaryň deňinden geçýäris. Sussupeslige düşüp, birneme wagt geçeninden soň, ähli zatdan ýüz öwürýäris. Men bularyň ählisini başdan geçirdim. Hemme zadyň gutarandygyny, hiç bir zadyň öňküsi ýaly bolmajakdygyny, hatda gudratlar diýen zadyň asla ýokdugy barada pikir eden günlerim hem boldy. Boýun egdim, ýeňildim. Ähli zady täzeden başlamaga güýjümiň ýetmedik günleri boldy. Ýaşamagyň manysyzdygyny pikir eden günlerim... Durmuşyň ähli agyr ýüki meniň gerdenime ýüklenen ýalydy. Daş-töweregimdäki adamlaryň ählisi bir bolup, meniň şowsuzlyga uçramagym üçin ellerinden gelenini gaýgyrmaýandyklaryny pikir eden günlerim...
Şeýlebir agyr günleri başdan geçirdim welin, durmuşymyň şol pursatlaryny hakydamdan söküp aýyrmak isledim. Ähli şowsuzlyklarymdan saplanyp, aýaga galanymda bolsa, içimdäki käbir duýgularymy ýitirendigime göz ýetirdim. Hawa, hiç bir kynçylyk seni öldürenok, emma ýüregiňden köp zatlary alyp gidýär. Elmydama başgalaryň pikirlerini göz öňünde tutup, öz duýgularymy gizledim.
Turuwbaşdan şowsuzlygy kabul edip, ýerine ýetirip bilmedik birnäçe işlerim, amala aşyryp bilmedik ençeme arzuwlarym bardy.
(Dowamy bar).
145
8
6
2
0
0
1
Teswirler:
Premium BAYOGUL [on] 01.05.2024 / 22:57
+0
Men birinji like
Öwreniji Prenses(01.05.2024 / 22:57)
BAYOGUL, sps
Premium BAYOGUL[on](01.05.2024 / 22:57)
Prenses, okey
Öwreniji Prenses [off] Her sey bitermis zamanla :( 01.05.2024 / 22:58
+0
bir zatlary başarmak üçin hiç wagt giç däl. ☝
Premium BAYOGUL [on] 02.05.2024 / 00:37
+0
Like
Premium BAYOGUL [on] 02.05.2024 / 09:43
+0
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 03.05.2024 / 16:41
+0
Gytyndan Kicxikge [off] Durmuş doly yenil kelleden# 05.05.2024 / 21:14