“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Elmydama gyz bägüller ýaly bol

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Sanamagy öwredişim
 Özümiziňki
 Belki [1m]
 02.02.2024 / 13:35
 ...Sen maña seret, köñlümi eret!

Çagalar bakja-bagynda alyp barýan her bir okuw-terbiýeçilik işimiñ doly we dogry guralmagyny üpjün etmäge çalyşýaryn. Bu ugurda aýlyk iş meýilnamamda we gün tertibimde görkezilen sapaklarymy dürli usullaryñ, öwrediji oýunlaryñ üsti bilen guramaga ýykgyn edýärin. Körpeleriñ ýönekeý matematika düşünjelerini ösdürmek sapagyna hem edil beýleki sapaklaryma bolşy ýaly yhlas bilen çemeleşýärin. Körpelere sanamagy öwretmek boýunça birnäçe usullardan peýdalansa bolar. Meselem, bir sapagymda almajyklaryñ şeklini sanatsam, beýleki sapagymda towşanjyklaryñ şeklini sanadýaryn. Indiki sapagymda balyjaklaryñ şeklini sanamagy tabşyrýaryn. Şeýtmek arkaly çagalaryñ şol bir usuldan, şol bir şekilden irmezliklerini gazanýaryn. Bu usuly indiki sapaklarda geometriki şekilleri sanamak arkaly dowam etdirse bolar. Sanamak işini diñe bir şekilleriñ üsti bilen däl-de, janly görkezme esbaplaryñ üsti bilen hem dowam etdirmeli. Meselem, çagalaryñ hersine birnäçe galam berip, " Sende näçe sany galam bar? " diýen sowaly bermeli. Çagalara birnäçe suratlar görkezip, olardaky predmetleri sanamagy-da tabşyrsa bolar. Sanamak we sanlary tanamagy öwrediji oýunlar bilen berkitmek mümkin. Bu babatda birnäçe oýunlaryñ toplumyny hödürleýärin.
1. "Tap we ýerleşdir!" öwrediji oýny. Bu oýun paýlama esbaplar arkaly guralýar. Terbiýeçi çagalaryñ hersine 10-a çenli sanlary we 10 sany jüýjäni berýär. Soñra haýsy hem bolsa 10-a çenli bolan bir sany aýdýar. Çagalar şol sany tapýarlar we ol san näçe bolsa, şonça jüýjäni sanyñ gapdalyna ýerleşdirýärler.
2. "Jadyly haltajyk" öwrediji oýny. Terbiýeçi haltanyñ içine 10-a çenli sanlary ýerleşdirýär. Soñ çagalardan birini ýanyna çagyrýar. Haltajygyñ içine seretmän, bir sany çykarmagyny tabşyrýar. Çaga bir sany çykarmaly we şol sany tanamaly.
3. "Geliñ, alma alalyñ" öwrediji oýny. Bu oýun ýaryş hökmünde geçirilse gyzykly bolar. Terbiýeçi synp tagtasynda iki sany sebet ýerleşdirýär. Sebetde 10 sany alma bar. Iki sany çagany ýanyna çagyrýar. 10 sekunt wagt belleýär. 10 sekundyñ dowamynda çagalara sebediñ içinden alyp ýetişdikleriçe almany almagy tabşyrýar. Bellenen wagtdan soñ her çaganyñ alan almasy sanalýar. Kimiñki köp bolsa, şol ýeñiji hasap edilýär.
4. "Goñşusyny tap!" öwrediji oýny. Bu oýun dilden oýnadylýan oýunlara girýär. Terbiýeçi haýsy hem bolsa bir sany aýdýar. Meselem, 3. Çagalar bolsa şol sanyñ goñşy sanlaryny aýtmaly. 2 we 4.
5. "Näçe ýok?" öwrediji oýny. Terbiýeçi synp tagtasynda 10-a çenli sanlary yzygiderliligi boýunça ýerleşdirýär. Soñ çagalara gözlerini ýummaklygy tabşyryp, haýsy hem bolsa bir sany tagtadan aýryp, gizleýär. Soñam: "Näçe ýok?" diýip, sorag berýär. Çagalar haýsy sanyñ ýokdugyny aýdýarlar.
6. "Näçe gezek?" öwrediji oýny. Bu oýun duýma synalarynyñ üsti bilen oýnalýan oýundyr. Terbiýeçi partanyñ üstüne ýumrugyny düwüp kakýar. Çagalar partanyñ üstüne näçe gezek kakylandygyny aýtmaly. Umuman, öwrediji oýunlary tapmak we guramak terbiýeçiniñ döredijilik hemem pedagogik ussatlygyna baglydyr.


57

12

2

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Ezi [off]
 29.03.2024 / 23:24

+0

Edil bakja bagda, Mekdepde cagalary terbiyelemekde, ukybym tejribsm yok, yone Psihologiya ylymyndan habarym bar, Shonun bir uly esasy ugurlarynyñ biri Pedegoka psigologiyadan azajyk bilenligim ucin Caganyñ unsini cekmekde, oña terbiye bermekde gowy usullar bolar.. Gowy mowzuk!

 Täzeje
 Мерет [10s]
  ... perýadym-ahym, Bir ömür ýanymda bol sen ylahym
 16.04.2024 / 03:37

+0

Мм бах Менем чага болайсамдым дийдиржек бу гыз! говы!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gitdi.


Söýmedik adamyny unutmak hezil-ä. Dälilerçe söýüp, kä sebäplere görä birigip bilmedik bolsañyz şonda unutmak kösär, asyl onsuz durmuşyña dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
Belki (Şugün, 16:09)

Ene yuregi


Sxeydp yazanna gora kim okar oytyanai sxugiden zady ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ene yuregi
Yekejelai (Şugün, 15:25)

kakam barka


...dowamy...
Erkin mowzuklar | kakam barka
Yekejelai (Şugün, 15:23)

ayal dogan


Manysyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | ayal dogan
Yekejelai (Şugün, 15:21)

Yalnyzlyk


Ile akyl berp oznde akyl galmannr...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
Yekejelai (Şugün, 15:19)

Yekejelaai


Gelse bagyshlajakdal diyan yone adyny eshidende gozlerine yash gelyara dossum Gowy setirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yekejelaai
Guljagaz (Şugün, 15:17)

Betbagyt gyz 6


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 6
Yekejelai (Şugün, 15:17)

Gysgajyk goşgyjyk


Hmmmm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
Yekejelai (Şugün, 15:16)

Dostluk barada


Yaltanmanam goyya sxugiden zady ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
Yekejelai (Şugün, 15:14)

Aýralyk pursady...


Mnm yazpdm...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýralyk pursady...
Yekejelai (Şugün, 15:12)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика