122 |
18 |
6 |
3 |
1 |
0 |
2 |
Mlds birinji like menden
BAYOGUL, sps okadynmy eyyam
Aydymcy_Jemile, hawwa gozum bln
BAYOGUL, bax
Aydymcy_Jemile, ha men gozum bln okayana reski
BAYOGUL, mlds
Aydymcy_Jemile, tuweleme diy
BAYOGUL, tuweleme
Aydymcy_Jemile, ap betekella
Başdaky sorag ýaly dünýäde manysyz sorag ýokdur. Muny bir üýtgeşik, täsin zat ýaly birsyhly soraýan düşünjesi kämilleşmedik, köplenç gybatçy bolup çykýan daýzalar aslynda çaganyň aňyna bir ýük salýarlar.
Bir çaga üçin ejesi hemme zatdyr. Çaga ilki doglanda, dogulmazdan öňürti wagta garaňda gaty az zat duýýar. Ol henizem özüni enesi bilen bir hasaplaýar. Bir bütin hasaplaýar. Sebäbi heniz bäbekde "men"-lik duýgusy kämilleşmedik. Ol diňe iki sany esasy zady duýýar, gyzgynlyk we naharyň berýän oňaýly täsirleri. Eje gyzgynlykdyr, eje nahardyr, eje ynamdyr, eje lezzetdir, eje hemme zatdyr.
Ejäniň söýgisi şertsizdir, ýagny ebedidir. Kakanyň söýgisi bolsa tersine, şertlidir. Ejäniň söýgisini gazanmak üçin, artykmaç zat etmegiňe gerek ýok. Hiç zat etmegiňe gerek ýok, diňe bar bolmagyň ýetýär, ejeň çagasy bolmagyň ýetýär. Ýöne kaka söýgisi beýle däl, kaka söýgisi gazanylýan söýgi. Kakanyň söýgisini gazanmak üçin bir zatlar etmegiň gerek, kakaň aýdanlaryny berjaý etmegiň gerek.
Eje "seni söýýärin sebäbi sen meniň çagam" diýýär. Kakanyň söýgisi bolsa "seni söýýärin, sebäbi diýenimi edýärsiň, sebäbi wezipeleriňi ýerine ýetirýärsiň, sebäbi meni söýýärsiň"-e daýanýar.
Ene söýgisiniňem (şertsiz), kaka söýgisiniňem (şertli) oňaýly we oňaýsyz taraplary bardyr.
Kakanyň berýän terbiýesini agzapdyrlar. Bolman bu kaka söýgisiniň tebigatynda bar. Eje ummandyr, eje tebigatdyr. Kaka bolsa bu tebigatda aslynda kän zat aňladmaýar. Ýöne kaka disiplinadyr, kaka düzgün-kadadyr, kaka düzgün-tertipdir, kaka mugallymdyr, kaka ýol görkezijidir. Munam diýenlerini ýerine ýetirmegi üçin buýurýar, çaga ýoldan çyksa welin ata söýgisi ýitýär, çaga-da ol söýgini gazanjak bolup, mejbury ýagdaýda kakaň diýenini etmeli, ýagny kakaň terbiýesini almaly, onuň ýolundan ýöremeli, adam bolmaly umuman.
Muawiye, Õzůñ bor çagañ kakasy bolup ,çaga terbiýelap gõrmäñsoñ ( aslynda çagañ bar, ýõne bile ýaşañok sen) bu seniñ duşünjäñ.Kakalar şertli sõýenok.Kakalar üçin hem edil ejede bolşy ýaly çaga hemme zatdyr.
Muawiye, **bir çagañ
Candi, Sen aýdan bolsaň dogrudyr @Belki.)
Muawiye, hotya şu teswirimdenem bilip bolya meniñ Belki däldigimi
Candi, Bolýar sen özüňi subut etjek bolaňok bolýar-bolýar sen "õ" diýip ýazaňok, bolýar...)