“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Sen meniň ýyldyz süýnende eden arzuwym däl, okan namazymda dilän dilegimsiň #Arzuw

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Hatdatlykda täze täriň döreýşi
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 03.02.2024 / 20:03
 #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek

eýlelik bilen, takmynan, 1485-nji ýylda şeýh Hamdullanyň hatdatlyk sungatynda «Şeýh Hamdulla täri» diýen täze bir sahypa açmagy bilen Osmanly döwletinde hatdatlygyň Ýakut döwri öz möwritini tamamlaýar. Bu hakda:
Şeýhogly Hamdy täze hatdatlyk tärin tapdy,
Äleme äşgär Ýakut täri möwritin ýapdy.
diýen goşgy setiri hem aýdylypdyr. Häzirki Türkiýeden başga-da dürli ýurtlaryň muzeýlerinde hem nijeme ajaýyp eserleri duran beýik ussat şeýh Hamdullany «Türk Rafaýeli» diýip atlandyranlar hem bolupdyr.
Ekrem Hakky Aýberdi şeýh Hamdulla baradaky seljermesinde «Şeýhiň döreden ýazgysyndaky inçeden yzarlamalar we bu sungata getiren uly öwüşgünlerinden başga-da, tehniki tarapdan egri çyzyklar bilen şol döwre çenli birsydyrgyn dowam edip gelen hatyň galyňlyklaryna, harp we sözleriň kese hem-de dik böleklerine üýtgeşik bir gözellik goşýar» diýip belleýär. Bu usul bolsa Osmanly ýazgysyny bäş asyrlap, beýleki musulman milletleriň ýazgylaryndan göz-görtele tapawutlandyryp gelipdi.
Hatdatlyk sungatynyň ägirt ussady kyrk ýedi sany Kurany-Kerim, Enamy-Şerif, Kuranyň jüzleri, doga-dileg kitapçalary, goşgy setirleri we nusgalyk ders ýazgylary ýaly biri beýlekisinden gymmatly eserleri miras galdyrdy. Biziň döwrümize gelip ýeten eserleri muzeýlerde, kitaphana we hususy kolleksiýalarda görnükli ýerde durýar. Munuň bilen birlikde onuň Stambuldaky Beýazit, Firuzaga, Davutpaşa we Edirnedäki Beýazid metjitlerini bezeýän ýazgylary sözümiziň aýdyň delilidir.


31

5

1

1

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 BAY-HAN [off]
  gazak gözlüm
 03.02.2024 / 20:06

+0

Başynda Ş harpy galypdyr.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yekejelaai


Meni yoklugun bilen goreshdirme, utularyn... Meň mowzugymdada bardy.💚💚...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yekejelaai
rexha (Şugün, 17:19)

“Söýgi satylmaýar”


govken...dowamy...

Ölmän galan oglanjyklar


...dowamy...

Owadanlyk bagtmy?!


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
rexha (Şugün, 16:41)

Ajy hakykat!


💚💚👍💫...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ajy hakykat!
rexha (Şugün, 16:41)

Häzir bolmasa, hacan? (4nji bolum)


...dowamy...

Yuregimdesen 2 (soygi kyssasy)


Govken💫...dowamy...

Betbagyt gyz 6


💚💚💚👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 6
rexha (Şugün, 16:39)

Gysgajyk goşgyjyk


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
rexha (Şugün, 16:38)

Bilyan eje♡


Govken👍💛...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilyan eje♡
rexha (Şugün, 16:37)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика