“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Seniň gözleriňe bakan başka dünýâni görmez

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Oýunlar, testler we soraglar

Soragym
 Özümiziňki
 Belki [off]
 09.02.2024 / 20:18
 Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...

Salam hormatly poeziýa muşdagy!
Seniñ bilen poeziýa barada tegelek stoluñ başynda bolmasa-da,tegelek saýtyñ başynda pikir alyşaly
Bu gün poeziýany seniñ nazaryñdan synlamakçy.Munuñ üçin aşakdaky sowallara jogap bermegiñi haýyş edýärin:

1.Seniñ üçin poeziýa näme?
2.18-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
3.20-nji asyr türkmen şygryýetinden kimleri okaýarsyñ?
4.Döwürdeş şahyrlardan kimleri okaýarsyñ?
5.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñ arasynda iñ lezzet alanyñ haýsysy?
6.Eger-de söýen kişiñe söýgiñi aýan etmek üçin bir goşgy saýlasañ bu haýsy goşgy bolardy?
7.Eger-de saña bir şahyr bilen söhbetdeş bolmak mümkinçiligi berseler kimi saýlardyñ?
8.Şu wagta çenli okan şygyrlaryñda gabat gelen kapyýalaryñ arasynda iñ haýran galdyrany haýsydy?
9.Okan şygyrlaryñda gabat gelen iñ delje tapyndyñ we meñzetmäñ haýsysy?
10.Gel,seniñ ýazmaga bolan ukybyñy barlaly.Şu setiriñ yzyny dowam et:
"Maña gül getirme,
getirme hergiz..."

Ine,soraglarym we haýyşym şulardan ybarat.Onda näme,söz senden.


156

36

25

5

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Aydogdyyewa [off]
  Moti kiziň motisi söýýän sizi💖
 09.02.2024 / 20:25

+0

1 şygyr formasynda ýazylan çeper eserlere poeziya diy
Magtymguly pyragy
Kerim gurbannepesow
Okamyok
Tylla senin ysgynda
Magtymguly pyragy soymussm seni
Magtymguly
XVİİ asyryn gosgulary

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 09.02.2024 / 20:30

+1

halap okaýan şahyrym Kerim Gurbannepesow, mümkinçiligim bolsa Kerim aga bilen söhbetdeş bolmak islärdim.


Täzeje
Maksat  (09.02.2024 / 21:21) 

Arzuw, yok adam bn nadip sohbetdes boljak

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 09.02.2024 / 20:38

+1

,,Tylla seniň yşgyňda" kitapda ,,Tekepbir gyz" diýen powest bolmaly şo mende uly täsir galdyrdy. Kiçiräk wagtym okapdym

 Premium
 Perhatsabirovv [off]
  ☆SAÝT ADMINI ♡Virtual-ny köne möjek☆☆
 09.02.2024 / 23:38

+0

Söýgüli ýazyjym Rahman Zulfikarow bilen Ogulsenem Taňňyýewa gynansamda poeziýa bilen gyzyklanamok. Diňe Mistiki we Fantastiki žanr hekaýa we powestleri okamsoň

 Täzeje
 Ezi [off]
 29.03.2024 / 23:02

+0

Gowy temany halayan ugrym boyunca gozgapsynyz....Menem bildigimce jogaplamaga synanyshayn.. (yone turkmen harplarynyn kopisini ulanmasam bagyshlan)

1- poeziya Name... bu soraga 80-90 sahypalap dushundirish bersenem azlyk edermika diyyan ... Yone men Shahyr G. Ezizowa yadymda galan 6-setiri bilen seyle jogap beresim gelyar..

Ursa -yykyar. Yykylany galdyryar,
Tesneleri teshnelikden gandhryar.
on un serhet yok erkin ogul ol.
ol ahli serhedi yol bolup pozya
yurek -añyñ nikasyndan dogulan
Onun alyhezretleri Poeziya!

2- bu soraga 18 asyr cenli dp alayn.
Oñ kan okapdym bosh wagtlar yene kop gaytalap okayanlarym... Ferdewsi, Nesimi, Omar hayyam, Zamahshary, Dowletmammet Azady, Magtymguly, Zelili, Seydi, Kemine, Mollanepes, MatAji Magrupy, Gayyby, Katibi, Nurmuhammet Andalyp (gowy dessanlary) yene kan yone dilimiñ ujundakylar..
3-sunada 19-20 asyrda diyip alayn yatda galanlary,
Dostmyhammet, Yagmyr Sopy, Misgingylyc, Durdy shahyr, Durdy kor, Gurban saragytly,Atanyyaz, Balgyzyl, Bibijemal, Gymmat.. Molladurdy .. Aman Kekil, K.Gurbannepes. G.Eziz. Mamnet Seyit. Halyl kuly. Berdinazar Hudaynazar. Atakopek Mergen, 20 asyr. yadymda galanlary hazitlikce...

4-Dowurdesh shahyrlardan, Toyly owez, Shahri bossan, Kakamyrat Rejep, Nazar Gulla. Gozel shahulyyewa.. Sapar ore.. yashlardan Kerim hally, Asyr hanow.. yadyma dusenleri... hemen gazet zurnallardaky goshgular. Ceper eserler.. Galybersede Yurekdesh, Talyplar, ertir, Dostluk, yeneki saytlardaky goshgular olardan gaty gowy cykanlary kan.

5- Magtymguly. goshgylary gaty kamil. okadygyñca gownun galkyar lezzet alyan. Gurbannazary seyle goryan Kerim agany sheyle kop gaty.. yene

6- Kimiñkidigini bilersiñizle

Sen geldiñde garyp gownum bay etdiñ
yone name un ynjalygym yok
Sen mana bagt berdiñ oran ullakan
Ony nadip gorajagym bilemok

7- birini saylañ bilmezdim.. yone iñ az mukdarda azaldayyn.. Birinji bilen Magtymgulyny saylardym. Soñam Gurbannazar Ezizi..

8-Hayran galanym dal yone gowy gorysnim Mesnewi usuly..

9 Gurbannazaryñ Guyz hakyndaky goshgulary..

10. Bu setiri oz islegñize gora gyz hokminde alypsyñyz Men ondan dowam etmayin Siz dowam ediñ basharsygmyzdan Jogap berjek bolaly..


Özümiziňki
Belki  (29.03.2024 / 23:23) 

Ezi, Seýitmyrady, Begençgeldini, Aýgül Garaýewany, Nobatgulyny...kõpräk okañ. Entdk hakyky poeziýa aralaşyp bilmedige meñzeýäñiz Kerim Hally okaýan bolsañyz


Täzeje
Ezi  (29.03.2024 / 23:39) 

Belki, Belki, Men goshgy yazanok yone okamagy halayan Aydanlarñyzyñam goshgylary tanysh.. yone esasy unsi Magtymgula beryan onuñ shygyrlaryna dushunmek isleysn.. kop agtaryan..

Onuñ " Aryf bolsañ Senden habar alayn
Ne minnetdir kaydadygy bilinmez.."
dp bashlayzn goshgusynyñ.

"Magtymguly ucmuñ uc yuzi dursun
dort muñ dort yuz kyrk dort sapasyn Sursin.
Herkim alym bolsa jogabyn bersin
dort dalyñ bir nirdedigi bilinmez..
4 setiri manysyny bilmek un 8- yyldyr manysyny t


Täzeje
Ezi  (30.03.2024 / 08:55) 

Belki, tirip bilemok.. Mati kosayew dusundirish beren eken yone onuñ yaZgylaryndanam ony tapmadym. m. Sizem okumysha meñzeyañiz belki Siziñem komegiñiz deger...


Özümiziňki
Belki  (30.03.2024 / 09:21) 

Ezi, yuwasjadan galmaly. Ilki Kakamyrat Seyitmyrat Nobatguly son Lacyn Purje Begencgeldi Oraz, Sungat Gurbangeldi... basgançak-basgançak galmaly

 Täzeje
 Ezi [off]
 30.03.2024 / 05:26

+0

Salam shasy pikirlerimi beyan etmek un shahsa yazjakdym emma yspyk eken shol sebapli, teswire jogap yazdym we hat yazdym.. Biz goshgy yazamyzok biz bir okyjy owreniji. meselem men shahyrlary okayan.. olary owrenyan... Men tankyt edere derejam yok.. Yone Kerim agañ bir otursykds " biz shahyr bize halk baha beryar..halkyñ icinden bir dayhanyñ bizi tankyt etmage hulugy bardyr." diyen.. sozlerini ( ony Kerim shahyr baradaky cap edilen gazetden aldym.. sany nomeri, awtory yadymda dal eger esasyñy getir diyseñiz gozlap tapmaly bolar) mysal edip ol diyen bilimimiz bolmasada kicijek.. belliklerimi beresim gelyar... Siz Nobatguly shahyryñ yolundan yazyañyz.. gowy zad biriniñ yolundan yorap oz yoluñy tapmak gowy zad Yone Sizin dine sol shahyry okayanyz.. bashgalar gyzykly dal... Men sizin shygyrlarnyzda Nobatgulynun henini duydum we yanky sorag mowzukdaky teswirde bilgeshleyin Nobatguly barada agzamadym.. Sebabi Sizi gurletmek un.. Cakym cykdy... ))), Siz name un Nobatgulynyn yolundan gitmeyan shahyrlary gaty yazgaryanyz olara garshy gidyaniz... Wi howa Kerim Halyly gurrun geceli Malwina dp bilemok ertirdemika bir gyzjagaz bardy.. Kerim bilen jedel ederdiler.. dushunyan herkim oz yoluny tutar.. Basdasdy umuman.. Sonun un bilgeshli Kerim Hallyny one surdum.. Sizin gaharnyzyn gelendigini teswirnizden duydum.. Siz Malwinamy? eger yok bolsa menzesh... Son goshgylardaky temanyz soygiden yanmak.. hic hili shadyan setire dushamok.. Bir teswirde Zeyrenmek rahatlayar.. diyipsiniz.. bu yalnysh dushunje.. Name un taze acyshlar edenizok.. Meselem: Nobatgulydan dal Gurbannazardan mysal aljak.. Nahili tasin acyshlar edipdir.. her zad barada yazypdyr a Siz dine bir tema?
Howa name un tankytlarynyzy gaty jestkiy, edyarniz... yashlaryn ustuni basyanyz..? olaryn bady gacar howesi yiter diyenizok..

Dogrysy Size akyl satmak niyetim yok yoneje pikrlermi, paylashdym.. eger gownune degip gaharny getiren yerim bolsa bagyshlayn haysh edyan.. Dalin munisi telegdm bolsa bir gepi gerek diyyarler Belki menin aydanlarymyn peydaly yeri bolsr.. Howa yatda wagty aydayn.. Sizin ahli mowzuklarnyzy okadym.. gaty gowy lezzet aldym.. baryna+ goydym bashardygymca teswirledim.. yone bir gep bar. arada bir iki sanysy Mana - goyyandyym un jalbo etdi.. men hic wagt - goyamok, men + dp minus basan yerlerim kop cykdy... Sizdede sheyle yagdaylar bolan bolmagy ahmal .. oykekap ottrmak gerek dsldir aytsanyz + basmak biz bilen...

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 30.03.2024 / 06:36

+0

Ezi, ýo, Nobatgulydan başgasy gyzykly däl diýmäýin, okaýanlam kän, bir ýerde goşga duşsam okaýan. Siz meñ şu saýtda goýan iki-üç sany goşgymy okansyñyz, olarda Nobatgula õýkünme ýok. Size beýle pikir etdiren zat "Perýatdaky" Nobatguly hakdaky setirlerim bolmaly.
Malvina däl men.Kerim Hallyny halamazlyk üçin Malvina bolmak derkar däl. Islendik sowatly okyjyñ ýakasyndan tutsañam Kerim Hallyny halaýan däldir. (Dogrusy Kerim Hally okaýan adam bilen jedele girmegem ýaranok. Ýõne siz okaýansyñyz õýdemok)
Täze açyşly meseläñe goşulýan. Gõzlegde bolmaly. Bolarysam nesip bolsa. Edebiýatda tema gõzlegleri hakda edil şu gün goñşy saýtda "Teswire sygmadyk pikirler" diýip acylan mowzugy okap gõrüñ. Siz bilen deñ hõrpden gopupdyr...Gõwnüñize ýarar.
Tankyt meselesine gelsem, gõdek, gõnümel gylygym bar-da...Ýumşak boljak bolýan ýõne diýenleriñizden çen tutsam muny başaramok õýdýän ) Indikilerde has kõp yhlas edeýin. Sebäbi õzümem goşga ilki başlan dõwürlerimde gaty gowşak ýazýadym. Şo wagt gõwnümi dõwen bolsalar belki taşlardym ýazmagy.
Minus, plýus meñ çün mõhüm däl. Onda-da minnetdar! Esasy zat şeýdip pikirleri paýlaşyp bilmek!!!

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 30.03.2024 / 06:40

+1

Ezi, Mahym Nurgeldiýewa diýip google-dan gõzledip gõrseñiz, dürli dõwürlerde ýazan beýleki goşgularym bilenem tanşyp bilersiñiz. Dõredijiligim hakda has giñişleýin pikir dõrär. Ondan soñam tankydy bellikleriñize garaşýandyr (eger sabyr edip ýazanlarymy okap bilseñiz )


Täzeje
Ezi  (30.03.2024 / 09:48) 

Belki, hokmany okarys okamak biz bilen yazmak Siz bilen?

 Özümiziňki
 Belki [off]
  Ýüreğinden yaralı bizim hikayemiz...
 30.03.2024 / 06:42

+0

*garaşýandyryn


Täzeje
Ezi  (30.03.2024 / 23:08) 

Belki, ok hokman yone men sana nahili yazjagmy bilemok,, shu teswirde yazmalymy pikirmi?


Özümiziňki
Belki  (31.03.2024 / 04:15) 

Ezi, parhy ýok dostluk teklip edip şahsa-da ýazsañyz bolar

 Täzeje
 Muawiye [off]
 30.03.2024 / 07:55

+0

Ömründe bir zat başarmadyk, meşhurlyk gazanmadyk, halkyň söýgüsini gazanmadyk kişiler, özleriniň edil tersi bolan birini (Kerimi) gaty agyr görnüşde tankytlap bilýärler.
Kerim şeýle-de mediýanyň adamsy, bir halk adamy. Halk bu adamy söýüpdir, goldapdyr, bu ýerde "sowatly okyjy" şahyryň käbir goşgylaryny tankytlap biler, bu gaty adaty zatdyr. Ýöne bu Kerim Hallynyň erbetdigini, erbet bir ýazyjydygyny subut etmeýär. "Sowatly okyjy" diýip, adaty okyjylaryň sowatsyzdygyny, jahyl, gögeledigini ýaňzytmagam aýry bir masgaraçylyk.

Hemme kişiniň öz wkusyna uýýan zatlar bar. Hemme kişi bir kişini halamaga mätäç däl, men "Kerimi halaň" diýemok. Ýöne adamy bütinleý, hemme tarapdan tankytlap, diňe sowatly okyjylaryň onuň boşdugyny bilýändigini, halaýanlaryň sowatsyzlardan ybaratdygyny ýaňzytmak, öňe sürmegem dogry däl. Kerimiň goşgylary tankytlansa-da, edil 12-den uran setirlerem bar. Iň azyndan içi boş çişirlen şar ýaly şol bir zatlary agzap duran, diňe ders beriji gürleýän ýa-da käbir zatlary aşa ulaldýan, aşa çeperleşdirýän kişilerden-ä ussat.
Booordar-aý, kime näme düşündirýän diýsene.

Sorag beren bolup öz şahsy pikiriňi temaň arasyna salyp, hödürlemek diýleni şu bolsa gerek...


Özümiziňki
Belki  (30.03.2024 / 08:05) 

Muawiye, halkyñ (edebiýat boýunça sowatsyz bõleginiñ)Kerim Halla bolan sõýgüsini gazanmak üçin üýtgeşik yhlas derkar däl. Kõçe stilinde goşgylar ýazyp olaram mediada reklama etdirdiñmi al saña sowatsyz halkyñ sõýgisi.
Aslynda bu temada soñky jedele girişim bu. Sebabi manysyzdygyna düşündim. Men näme diýemde-de sen edebiýat düşünjäñi kämilleşdirmedigiñçe maña düşünmersiñ. Meselem, sen düýn şu ýerdäki kiçi ýaşlylaryñ birini tankytladyñ. Ol saña düşünmedi. Sen näme diýseñem ol saña ulalmasa


Özümiziňki
Belki  (30.03.2024 / 08:06) 

Muawiye, ol saña ulalmasa düşünmez. Meñkem şoñ ýaly-da


Täzeje
Ezi  (30.03.2024 / 09:38) 

Muawiye, Belki Digry Kerim Hally gowy goshgylary bar ony dowmage hakymyz yok,, Belki nikli gyzam gowy goshgylary bar onam Dowmage hakymyz yok, Elbetde hersiniñ kem yerem bar hersiniñ artyk yerem bar.. A men pikirim Birek biregiñ kemini gozleman.. Kem yerlermizi kamilleshsirmek Zerur... onunñ un jedel dawa gahar gazap oyke kine etmekligiñ zerurlygy yokdyrla..

 Özümiziňki
 halmyradov [off]
  #Singer
 30.03.2024 / 09:12

+1

Kerimä köp şahyryň arzuw edýän karýerasyny guran oglan ony asgermezcilik etmegiň özi hem akylsyzlykmyka diýän

 Täzeje
 Muawiye [off]
 30.03.2024 / 16:46

+1

Belki, Bir çaga düşündirmek başga zat, birtopar kitap okap özüniň super zehinlidigini pikir edýän kişilere düşündirmek başga zat. Çagalar şeýle-de jahyl. Olar bilenok. Ýöne öwretseň öwrenip biler. Ýöne sen ýa bileňok, ýa-da bilibem bilmediksireýäň. "Sowatsyz halk" diýip ýazmak eýýäm bir edebiýatça gelişýän zat däl. Bir şahyr halanylýan bolsa, bir edebiýatçy (sowatly okyjy diýeli) diňe onuň goşgylaryny, halkyň Kerime bolan söýgüsiniň sebäplerini edebi görnüşde beýan edip biler. Ýöne sen "sowatsyzlar halaýar ony" diýip, özüni reklama etdirip ösendigini, goşgylarynyňam bir gram manysynyň ýokdugyny öňe sürseň onda bu tankyt bolanok, hüjüm etmek bolýar, şahsyýete dil uzatmak bolýar, bütinleý garalamak bolýar.

Tankytda iki sany zat zerur:

1. Tankytlaýan zadyň barada ýeterlik derejede sowadyň bolmagy.
2. Tankydy hoşniýetli, medeni görnüşde beýan etmek.

Sen sowatly okyjy bolup hem-ä tankytlamagy başaraňok hem-de tankytlaýan zadyňam ýalňyş. Bizem bilýäris halkyň aglaba böleginiň sowatsyz, gözýetimi judaaaaa pesdigini. Ýöne bu edebiýat. Edebiýata bolan söýgüleri, gyzyklanmalary, dürli zatlary halamagy olaryň sowatsyzdygyny aňladanok, eger şeýle bolsa-da bu erbet zat däl sebäbi näme bolsa-da gyzyklanma bar. Seniň sowatsyz diýýäniňi başga zatlarda diýseň bolar. Meselem gyz-gelinler maslahatynda (linkda) adamlaryň nähili düşünje taýdan yzdadygyny görýäris. Diňe ýazgarýan, ömründe bir kitap okamadyk, aýyplaýan, sögýän, äriniň aldatmagyny gülüp gürrüň berip ýören, äriniň her eden b*kuny bagyşlamagy özüne abraý bilýän, pedofili bolan biri bilen ýaşaşylmagyny isleýän, "14-nji fewral kapyrlaňky" diýip ertesi "ejjeň-bajjyň" diýip ýörýän, hukugy äsgermän zyna edenleri janly-janly daşlamagy isleýän we ş.m birtopar adam bar. Müňlere ýetýär bularyň sany. Sen şol hasaby görkezip diýip bilersiň. Ýöne bu adyndanam belli bolşy ýaly edebiýat, çeperçilik. Oňa gyzyklanýanlaram beýle diýip bir kategoriýa salmak dogry däl.


Özümiziňki
Arzuw  (30.03.2024 / 16:56) 

Muawiye,


Täzeje
Ezi  (30.03.2024 / 23:14) 

Muawiye, Berekella tankyt barada gowy sozler aydyp syñyz.. Dushunjañiz gowy yone jedel etmek bilen birek birege gowne degmek Yok. Geliñ dogry pikir edeliñ biziñ maksadymyz edebiyatda birek bireginiñ kemini gozlemek dalde, Birek biregi osuse itermek.. bolsyn! Goy ahli shahyrlarmyz kamil cyksynlar..

 Täzeje
 Мерет [10s]
 16.04.2024 / 03:26

+0

Мена жогап берердим велин гижа галпдрын, жогап беренлерем голдаян!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Pirkoljyk


...dowamy...
Degişmeler älemi | Pirkoljyk
Kicxikge (Şugün, 09:04)

Oglanlara sorag


Инди менем хакыкы пикрими айдайын.. шу ики саны сораглы тема йыкды Гыз озине бахбитлисни оглан озине бахбитлисини язяр.. Йоне инди бир зат, Гызл...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Oglanlara sorag
Мерет (Şugün, 08:45)

Gyzlara sorag


Ай хоу Бу вагт Бейдип Сунналап отырман, Говжа машын мун, говжа геин, Азажык пул горкез гыза гыз экен велин.. аям дашында пырланжак шу довур, 60 я...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Gyzlara sorag
Мерет (Şugün, 08:20)

Pirkoljyk


Naamesi prikol...dowamy...
Degişmeler älemi | Pirkoljyk
rexha (Şugün, 06:41)

Gyzlara sorag


Aý barjak adamyňy ondan mundan sorap bararsyňa. Her vir gelen guda ärim dp ýapyşmarsyňa.söýşenem bolsaň tanap söýüşmeli her söz aýdana sallahdyr...dowamy...

gelmersin


Şol gidene ýazdyňmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | gelmersin
rexha (Şugün, 06:31)

Garynjalaryñ çozuşy


awtor kto?...dowamy...

Gara dasdan ayrylsa


👍👍👍👍👍👍👍👍......dowamy...

içiniz gyssa gelin sorag jogap alysalyn


1.adamyň içini ýakyp pejikdirmek. 2.Danya Miloxin. Egor Kreed. Egor Sheep. Tygo. Selena Gomez. Vanya Dmitrienko. Morgenshtern. Mot. Lyric. Bilyan...dowamy...

Betbagyt gyz


A bu bölümi bolsa hasda gyzyklandyrdy. Gyz näme ýazarka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz
rexha (Şugün, 06:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика