“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Durmusxymda biri yok, birinde durmusxym bar. #Xuliganka

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gara dasdan ayrylsa
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
 26.04.2024 / 18:51
 ♡Balkanlyja gozel gyzy♡♡ Söýmesin hiç kim ♡

Gara daşly, seri duman bu daglar,
Toprak bolar, gara daşdan aýrylsa.
Sil bolar, agdarlyp akar bulaglar,
Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa.

Dünýäde bir gowga uzakdan bolar,
Göz gowasy gandan, bak ýaşdan dolar,
Gurhan görmeý gezen pirler aç galar,
Ili undup, seri peşden aýrylsa.

Çoh diýer men: dünýä galdy ýamana,
Rehim etmez boldy, gör, musulmana,
Laçynlar pel-pelläp galar asmana,
Haram ölen porsy läşden aýrylsa.

Zynahor sylamaz ilin-ýurduny,
Gaýra teser, görse äriň merdini,
Adam ogly diýe bilmez derdini,
Ýürek ýanyp, çeşmi ýaşdan aýrylsa.

Namart juwanparaz haly zebundyr,
Merdi görse ýyglar, gözleri hundur,
Dosty garyp düşse, mertler mejnundyr,
Namart dost istemez aşdan aýrylsa.

Ýurt derdine gider ilde merdanlar,
Namart gaçyp barar, bakyň, ýaranlar,
Mal diýip, ýurt gezer bahyl-nadanlar,
Gussa batar gözel düýşden aýrylsa.

Namart – zenan gepde hiç durky bolmaz,
Wezirler nadandyr, bir erki bolmaz,
Güler ýüzli ýaryň hiç görki bolmaz,
Syýa zülp, gara göz, gaşdan aýrylsa.

Bezirgenler mydam ýola bil baglar,
Nadan ötse yrak, giden il çaglar,
Magtymguly, Haky ýatlar, gan aglar,
Şa, gedalar akyl-huşdan aýrylsa.


47

16

5

1

0

0

3
Teswirler:
 Täzeje
 Мерет [off]
 26.04.2024 / 20:54

+0

Мм бах говы Шыгыр!

Айрылсааа Айрылсахов.. Атабайын оз айдышны динлайсен!

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 26.04.2024 / 21:55

+0

 Öwreniji
 Akademik2 [4m]
  Ayyrylman diyip yone aldan ekeni
 26.04.2024 / 23:46

+0

Ozun duzdunmi ds


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (26.04.2024 / 23:47) 

Akademik2, hc km blnok oytyan muny


Öwreniji
Muawiye  (27.04.2024 / 02:29) 

Akademik2, Pyragynyň goşgusy. Hemra hem gowy edip aýdym edip aýdýar.

 Betinden
 rexha [off]
  Рaзочарована, но них*я нe удивлена🗿
 27.04.2024 / 06:30

+0

👍👍👍👍👍👍👍👍...

 Täzeje
 10asevdali [off]
  Жизнь-это не игра #
 03.05.2024 / 00:42

+0

Gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Durmuşa çykmagyň sogaplary we günäleri


Hakyky zat bular...dowamy...

Ronaldonyň Puluny Sowmak İslärdiňizmi? Nämeleri Satyn Alyp Biljekdigiňizi Görüň


Ilki bilen jany ölüm ýassygynda ýatan naçar garyp hassalara, ýetimhanalara, garrylar öýüne kömek, öýsüzlere öý, köpri, ýol gurdurardym...dowamy...

Yurekdesh.ru


Üstünlük...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yurekdesh.ru
Perhat_Sabirovv (Şugün, 02:20)

Durmuşa çykmagyň sogaplary we günäleri


Käbir häzirki zaman gyzlarymyzyň biläýmeli zatlary, haladym....dowamy...

Yurekdesh.ru


ya men şäň:/...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yurekdesh.ru
Diamante_08 (Şugün, 00:03)

Yurekdesh.ru


hiiiç hili yaryşma nm etmelidigine düşünmedim:/...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Yurekdesh.ru
Diamante_08 (Şugün, 00:01)

Yurekdesh.ru


okadm...dowamy...

Yurekdesh.ru


nama basmaly indi gatnashjak bolsan vapse dusunemok...dowamy...

Hic kime nesip etmedik gyz 2


Dowamynda karoche sho hickime nesip edenok...dowamy...

Hic kime nesip etmedik gyz 2


Serial gitya suwagt gunde 1 serialy goyylya. Hindi kino yaly 500 zat serial daldirlay ...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика