“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Diri bolup sanda ýok, öli bolup görde ýok... #Ali

Forum | SUNGAT ÄLEMI | Umumy bölüm

150-ball we gizlin baýrakly oýun
 Özümiziňki
 Perman [off]
 11.02.2024 / 21:20
 ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀

Hormatly agzalar, size bir teklibim bar: Geliñ öz aralarmyzda bir oýun gurnalyñ. Geliñ özimizi barlalyñ, neneñ görýäñiz?

Bu pikire garşylar makala zad ýazmasyn, garşy däller bolsa aşakdaky şertleri bitirsin.
Düşünmedik aramyzda bar bolsa gaýtadan okap düşünmäne synanşsyn emma şertleri ýerine ýetirmekden başga zat teswirlere ýazmasyn ýa-da umuman gatnaşmasyn.

Bu oýuna gatnaşjaklar, üns bilen okañ: ( Diñe oýunyna gatnaşjak agzalaryñ teswirlerne garaşýan. )

Oýunda diñe bir harpdan manyly sözlem düzmeli.

Unutmañ, bu oýunda düzülen sözlem manyly bolmaly, iñ esasysy hem, sözlemiñ baş harpy we galan sözleriniñ hem harplary, şol birinji ýazan söziñ baş harplary bilen bir bolmalydyr!

Meselen: Meniñ milletime, myhmanlara, mydama mähirli, Merdana, mert, mylaýym mylakatlylara minnetdarlygymy makalamda magtamakçy men...

Şeýle, sözler bilen oýnumyz dowam etýändir we bu şertler düşnükli bolandyr diýip umyt etýärin.

Her oýuna gatnaşyjy agza beýleki teswirçilermize ,,plyus" belgilerini basyp garşdaşlaryny hem goldamaly (eger şo düzen sözlemi manyly bolsa)

Şeýle ýagdaýda oýnumyzyñ netijesi belli bolar.
Oýnumyzda ,,manyly" diýilip köp plýus gazanan agzamyz ýeñiş gazanar, birinji ýer hasaplanyp şoña 150 ball beriler.

Oýnumyzda 2 (ikinji) ýer we 3 (üçünji) ýerdäki ýeñiş gazanan agzalarmyza, indiki tapgyrdaky Gizlin baýrakly oýnumyza gatnaşmaklyk mümkinçiligine eýe bolarlar!

Birinji ýer alan ýeñijimiz bolsa, ikinji we üçinji ýere eýe bolan agzalarmyza, gyzykly oýun makala) taýýarlamaly bolar.
Şeýle edip oýun taýýarlany sewäpli, bu ýeñijä ýenede 200 - bal beriler...

Unutmañ: Gizlin baýraga eýe boljaklar, şu oýunda 3 ýenijileriñ arasyndaky geçiriljek oýunyñ indiki sanlarynda eýe bolarlar !

Oýunda adalatly bolmagymyz üçin gatnaşyjy hemde emin diñe öziñizdir.
Kim köp plyus gazansa şol ýeñijidir.

Oýnumyz 12-nji fewral sagat 22:00-da tamamlanýandyr, howlugyñ!

Üstünlik

Ball baýraklaryñ üstüne ýenede...(dowamy) (+/-)


169

35

8

3

0

1

2
Mowzugy vip edenler:
Perman - 22 sagat vip etdi!
(11.02.2024 / 21:47)
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perman [off]
  ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀
 11.02.2024 / 21:42

+1

Bu oýuna tomaşa etjekleriñ köpligi meni ýenede ylhamlandyrdy. Ylhamlanmak bilen çäklenmän şeýle ulanyja hormatym gaty ulydyr. Bu agzamyz bu oýundaky ball baýragyñ üstüne ýenede +150 ball goşdy we baýrak 300 ball boldy. 150 ball-y goşan agzamyzyñ niki @BAY-HAN agzamyz. Minnetdar sizden


Özümiziňki
Crazy-boy  (11.02.2024 / 22:04) 

Perman, beh oyuny rexha we aypipijik alar 77%i


Täzeje
Kuryazov  (12.02.2024 / 04:43) 

Perman, menem goshjak Shona 200 ball agam bolarmy?!


Täzeje
Kuryazov  (12.02.2024 / 04:46) 

Perman, okladym agam shonam goshay agam kyn gorman


Özümiziňki
Burning  (12.02.2024 / 06:15) 

Kuryazov, Axa minnetdar

 Täzeje
 Id_327 [off]
 11.02.2024 / 22:40

+5

Gözleriňde gözlem galdy,
Gel, gözel gyz gaşyma gel.
Göwnüm güýz, gel, gyşa galma,
Gama garma, garşyma gel.

Gerdenimde gam göterip,
Garap galdym gideniňde.
Gowsy gel-äý, garaşdyrma,
Güme gitsin "gedemligiň".

Güller golda guramasyn,
Gel, gör, garaşýan gursagym
Gara güman, gabaýmasyn,
Garaşdyrma, gelsene, gel!
"Goşularmyza" garaşýan
Günler goý gargaýmasyn!

 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 11.02.2024 / 23:26

+4

Ýaşaýyş ý:az ýaly, ýöne ý:az ýaly ýaşabilseň.

 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 11.02.2024 / 23:50

+3

Gyş gününiň garly güni, gar gaýmalap gökden gelýär.
Gözýetimde giň gerişleriň,gujagynda gar görünýär.

 Täzeje
 Diamante_08 [off]
  Yalnızlık paylaşılmaz, paylaşılsa yalnızlık olmaz
 12.02.2024 / 00:27

+3

Söýgülim seni soraglap,
Seň saýaňda saýalaýyn.
Saba säher seni synlap,
Seň saýaňda saýalaýyn.

Sözlem seňki, sazlam seňki,
Sagym seňki, solum seňki,
Syýa saçlam, salym seňki,
Seň saýaňda saýalaýyn.

 Özümiziňki
 Belki [off]
  ...Sen maña seret, köñlümi eret!
 12.02.2024 / 06:03

+1

****
Gabanjañlykdan göwne giden gümany, gala galdyrsañam ga:ldyrabilmersiñ.

******
Sözlerim sözleriñe sessiz-sessiz ser saldy.

*****
Aýdabilmediklerimi aýdabilsedim, añyñda açyş açylardy.

*****
Şonda şo-oool şadyýanlygym şowsuzlygymyñ şanynady.
****
Ertirimiz eýmendirijimi, ertekimiz ejirlimi,eýsem, ezizim?!

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  Haýyşt saňa, Öňki meni gaýdyp ber!
 12.02.2024 / 06:22

+2

Garabasma
Gülälekli gülzarlykdan
Gyz gelýär görki görkana.
Gara gözli galam gaşly
Göz gerek görkün görmäge.
Gulagynda gulakhalka,
Gaşy göwherden gupbasy.
Geýen geýnüwne gelişýär
Guýma gaşly gülýakasy.
Gözastyndan gyýa garap,
Gyz gelensoň golaýyma,
Görmegine göwnüm gidip,
Gollarym goýdum goýnuna.
Guçdum gysyp gujagyma,
Gursagyma göwsün goýup.
Ganatlanyp göwün guşum,
Ganat gerdi gökde gaýyp.
Garsa gözlerim gerildi,
Görenlerim garabasma.
Galdym garaňky gijede,
Göwnüm gaplap gaýgy-gussa.
Gultundyryp gözden gaýyp,
Gitdi görkana gözelim.
Gursakda galdy gaýgyly
Goşan gysgajyk gazalym.

Awtory: Gurbangeldi Miralyýew

 Täzeje
 Id_327 [off]
 12.02.2024 / 09:48

+0

Oýunda diñe bir harpdan manyly sözlem düzmeli.
Bäh...
Düşündirmändir köp agzalar düzülen sözlemleri, goşgulary ýazyň diýilmedig-ä
Göçüriň däl-de sözlemdüzmeli diýýär


Özümiziňki
Arzuw  (12.02.2024 / 09:54) 

Id_327,

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Diñe seniñ üçin!


Ммм Бах Йурегин 10-на уруды бу гошгылар!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Diñe seniñ üçin!
Мерет (Şugün, 14:31)

Gitdi.


Özüň düzdüňmi ?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
10asevdali (Şugün, 14:24)

Gitdi.


Gaty gowy gosxgy eken ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
Yekejelai (Şugün, 14:24)

Gitdi.


Gitdi - arzuwlarmy süpürip gitdi. Umydymyñ kökün goparyp gitdi. Ne-hä "Durma!" diýdim, ne-de "Dur!" diýdim, "Diñe ýeke zada jogap ber!" diýdim: "...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
10asevdali (Şugün, 14:23)

Gitdi.


Ilkinji teswir menden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gitdi.
10asevdali (Şugün, 14:22)

Gecip barya


Baýram Bejidowyň goşgulary gow-aý....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gecip barya
rexha (Şugün, 14:14)

Diñe seniñ üçin!


Hersini aýratyn mowzuk edäymelä.Gaty köp...dowamy...

Ýeňiş (hekaýa)


Govken👍💚...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýeňiş (hekaýa)
rexha (Şugün, 14:08)

Biläýmeli zatlar (1


Bilip goýdum👍👍👍👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Biläýmeli zatlar (1
rexha (Şugün, 14:03)

Ilkinji gijäni aldan ýigit...(bolan waka)


Şywara...söýgime ýetjek diýip ynsanlykdan çykýanlarda şular ýaly oglanlar. Ne söýgisine ýetdi ne-de özünde ar namys mertebe goýdy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика