“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
“I like her, not as a friend but as a woman.”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Şu günden başla!
 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 15.03.2024 / 01:34

Şu günden başlap, düýnüň pikiri bilen ýaşamakdan el çek. Düýn geçmişde galdy we sen ony asla üýtgedip bilmersiň. Sen diňe özüňi üýtgedip bilersiň, ony hem eger isleýän bolsaň.

Ertiriňi alada edip ýaşama! Sebäbi ertir entek gelenok. Ertiriň senden garaşýan ýekeje zady bar, olam – eliňden gelýänini aňryýany bilen orta goýmaklyk. Ýagny şu gün eliňden gelýänini gaýgyrmazlyk.

Durmuşyň her bir pursatynyň nähili gymmatlydygyny, bu dünýäde gazanan zatlaryňy özgeler bilen paýlaşmagyň nähili bagtdygyny duýup ýaşa!

Käte torç edilen köne ýodalardan daşlaşyp, täze açyşlaryň üstünden barmagyň lezzetinden gan!

Seni ýoluňdan alyp galmaga çalyşýanlara tutanýerlilik bilen gaýtawul ber. Öňüňden çykýan päsgelçiliklere aldanyp, ýoluňdan galma!

Kalbyňy giň tut! Başyňa gelenleri kaýyllyk bilen kabul et. Özüňden hem-de özgelerden aňrybaş ajaýyplyga garaşma! Bu dünýäniň ýasalşy şeýle, bärde aňrybaş ajaýyplyk diýen zat ýok. Bir zady boýun almagyň gerek, bu dünýede bagtly bolup bilmeseň, günäkär ýene özüňsiň. Şonuň üçin hem saňa bagtlylyk duýgusyny eçiljek zatlar bilen gümra bol!

Gijä galaýma, şu günden başla.


74

18

6

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perman [2m]
  ▪ Ýylgyr, gussalarñy unut bir sellem◀
 15.03.2024 / 05:09

+0

Nesip bolsa, şu gün başlarys

 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 15.03.2024 / 08:04

+1

Käbirimiziň işimiziň şowlap gidibermeýänliginiň esasy sebäbini bilýäňizmi? Bu sebäp ýaşaýyşdaky käbir syrlardan bihabarlygymyzdyr.

Günüň dowamynda ýa geçmişimiz, ýa-da geljegimiz hakynda köp pikirlenýäris. Dogry gerek?! Ine, şeýdibem ýene bir güni bihal geçirýäris.

Geçmişden sapak alyp, geljegi meýilleşdirmek hem gowy zat. Ýöne hut şu günki güni hem birperwaý geçirip goýbermek dogrumyka? Şu gün nämedir bir işi amala aşyryp, ykbalymyzda nämedir bir zady özgerdip bileris ahyry!

Ýaşaýyş ― «häzir» diýmekdir. Ol geçmişem, geljegem däl. Hut, häzirki wagtdan netijeli peýdalanjak bolmaly.

Hakyky ýaşaýyş, aslynda, näme edýänimiz däl-de, nämeleri başdan geçirýändigimizdir.

Şonuň üçin hem ÝAŞAMAK diýlen beýik sungatyň ilkinji açary, hut, häzirki pursatdan peýdalanyp bilmekdir


Özümiziňki
Burning  (15.03.2024 / 08:30) 

Unknown_, dogry, gowy zatlary ýetirýäñ bize, Minnetdar!


Öwreniji
Akademik2  (15.03.2024 / 09:22) 

Unknown_, minetdar yasyn uzak gorjen gowlyk sowjagyn turkden gelen dolar bolsun

 Özümiziňki
 Crazy-boy [off]
  Yamaçlarından sapsarı saçlarından avuçlarından A❤️
 15.03.2024 / 09:17

+0

Gowy pikir

 Täzeje
 Mekan02 [off]
  Onunden akyan suwun gadyry yok
 15.03.2024 / 16:48

+0

Gowy sozleray

 Premium
 BAY-HAN [off]
  gazak gözlüm
 17.03.2024 / 23:13

+0

hmbah


Özümiziňki
Unknown_  (18.03.2024 / 00:01) 

BAY-HAN,baý-bow


Premium
BAY-HAN  (18.03.2024 / 00:04) 

Unknown_, hä?

 Täzeje
 Kevin [off]
 17.03.2024 / 23:44

+0

Boldy indi dine su guni yasajagay

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kim haysy Welayatdan


Dasoguz Gorogly...dowamy...
Tanyşlyklar | Kim haysy Welayatdan
BAYOGUL (Düýn, 22:37)

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Awtory?...dowamy...

EJEME HAT


Mlds likee...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | EJEME HAT
10asevdali (Düýn, 22:11)

Yalnyzlyk


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
BAYOGUL (Düýn, 21:58)

Söÿgi pursatlary..


Mlds...dowamy...

Gysgajyk goşgyjyk


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
BAYOGUL (Düýn, 21:50)

Bilyan eje♡


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilyan eje♡
BAYOGUL (Düýn, 21:50)

Dostluk barada


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
BAYOGUL (Düýn, 21:49)

Diñe seniñ üçin!


Mlds...dowamy...

Agsamlyk nahary ( hekaya)


Mlds...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика