“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Uff ýadadymouu ALLa bar #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Iñ agyr jeza...
 Täzeje
 Ezi [off]
 30.03.2024 / 19:31

Ol meni uryardy. Tayak bilen, el bilen. Eline näme gabat gelse şonuñ bilen yençyärdi, kerpiçmi, kesekmi. Gaçsam tutardy, biri gorajak bolsa elinden alardy, gayta beter yenjerdi. Men aglardym sebäp agyrylara çydamazdym. Agzyna gelenini sögerdi, gorkardym gaçypatalga gözlärdim tapmazdym. Köşeşdirmäge söz gözlärdim, dilime söz gelmezdi, gorkardym aglardym. Sebäbi gaçypatalgamam, goragymam onuñ özüdi.
Soñra azajyk ulalamdan soñ mana el galdyrmasyny goydy.. Ters bir hereketime "Häk seniñema" diyerdi.. bu sözi diyeninden öldürer yaly yenjeni gowydy. Sebäbi utanañoky diyen yalydy, gaty agyr degerdi. Yüregimi gamcy bilen saygylan yalydy, başymy sallap, burlup durardym.
Soñ-soñ beyle diymesinem goydy.. "beyle etmek gelishmez" diyerdi.. bu hasam agyry duyuldy. Sebäbi onuñ ynamyndan gaçmagyndam gorkardym yüzünede seredip bilmän yüzümi sallap otyrardym. Seydip terbiyelän eken pahyr.
Garry çaglarynda bir gün aglany gördüm, pahyryn bu gozyashlary mana ölüm hanjary bolup degyärdi..
bu agyr jezady. Wagt geçdi.. Kakam ellerimde jan berdi. Şonda özimi yitirip, aglap edil çaga yaly "tursana Kakajan, turayda kaka meni ur, sök, islän zadyñy diy, yöne turay, jan kakam men Sensiz naderin" diyip aglapdym. Sebäbi bu iñ agyr jezady..


69

16

4

4

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 30.03.2024 / 19:39

+1

apberekella

 Öwreniji
 Росия [off]
  Arzuwlaram arzuw bolup galdy
 30.03.2024 / 20:03

+1

gynanyp gitdim soňuny okamda


Premium
BAY-HAN  (30.03.2024 / 20:25) 

Росия, waheeý


Öwreniji
Росия  (30.03.2024 / 20:28) 

BAY-HAN,

 Täzeje
 Fantom [off]
  Allah görýär, Perişdeler ýazýar, Ömür geçip barýar
 31.03.2024 / 07:33

+1

Beki aga aýdýara, meni kakam 1 gezek uran bolsa 1 gezek aglardym goýardym.
Emma indi men ömür boýy aglaýan...
Bilmeýänlere:
Beki Seýtäkow ýaşlykda pyçak oýnap 1 gözüni aldyran. "çep".
Ýöne çagaňy beýdip urmag by zalymlygyň, wagşylygyň alamaty...
Nä dogry hereket etse söz bilen düşindir, urmaklygam dogry, emma ýokardaky ýaly saýyp ýençmek by gözýetimi pesligiň alamaty.
Aý howwoda, sada türkmendä...


Täzeje
Ezi  (31.03.2024 / 12:16) 

Bilyanmi dostym caga terbiye her hili caga bagly bolyar... bu yazgylary kakamyn depderinde gocurdim, Atam caga terbiyesine uns beren adam, caga terbiyelemek, herhili caga bagly bolyandyr, kabiri yuwash kabiri bet, kakam cagalykda wagty koceden gecyan dayzalaram keseklar eken, shondandyr, shol dereja elten bolmaly, kopler adamlary tanaman aslyny owrenman baha bermegi gowy goryarler. owmek islamok yalnyshlaram kop bolandyr belki,, yalnyshmayan adam yok, yone atam bilen kakamyn ata ogul soygisi g


Täzeje
Ezi  (31.03.2024 / 12:18) 

soygisi gaty yokarydygyny bilyarin, Sebabi, atam has garry wagtlaram, kakam bir zad diyse hormatlap yerinden turup gol gowshurup duryanyny, sahel biryerik cyksa hic kime etdirman jordabyny cykaryp ayagyny yuwyandygyny bilyardim.. Ony gorkusyna edyandir diyip bilemok, eger atam Ona zalymlyk eden bolsa onda beyle hormatlap, soymezdi.. gynansakda ata enesini beyle edip, hormatlayan gaty azdygyny bilyarin... Men kakany ejani hormatlamakda kakamdan kop zad owrensemem onun ozi yaly bolup bilemok.. H


Täzeje
Ezi  (31.03.2024 / 12:23) 

howa atam barada aytsam ol okumush adam, kitaphanacy bolanson shahyrlar , Kerim aga, Gurbannazar, Gara Seytli shular yaly yene kop adamlara gerek kitaplaryny tapyp beren adam, kop eserlerinin gol yazmalaryny aladygyny bilyarin.. Muny aytmak bilen Men dostym sana hic hili garshylygym yok belki senki dogrydyr... yone atam menin un in uly hormaty uly, nusga, soygili ynsan bolandygy un, ona bir zad diyilmegi yakmadygy un.. bu teswiri yazdym.. oterak gecen yerim bolsa otunc sorayan!


Täzeje
Fantom  (31.03.2024 / 13:07) 

Ezi,
Her adamyň öz pikiri bar. Biz beýlekilerden ýäni "mahluklardan" öz başdak pikirimiz bolany sebäpli saýlanýas. Diýjek bolýanym, ýazyň, belki menem sizden bir zatlar öwrenerin...
Ýöne dosjan, ol urgylary _ýaman gaty urýan edip görkezilipdir. Şondan diýdim.


Täzeje
Fantom  (31.03.2024 / 13:16) 

Ezi,
"kakam cagalykda wagty koceden gecyan dayzalaram keseklar eken, shondandyr, shol dereja elten bolmaly,"
Ana-ana, dosjan şeýdip mowzuguň başynda görkezen bolsaňyz, örän gowy bordy.
Siz bolsa, göni ýenjip başladyňyz... ) onsaň sizem maňa dogry düşiniň...
Şunuň ýaly gürrüňleşmäni örän gowy görýän, ýäni, adamlaryň pikirini bilmek olardan bir zatlar öwrenmek gör nähiýli gowy!!!

 Täzeje
 Geldimyradowa [off]
 10.04.2024 / 00:15

+0

näme edendede taýak bilen adamy düzedip bolmaz tersine şol adama tarap ýigrenç döredäýmese: (


Täzeje
Мерет  (10.04.2024 / 01:47) 

Geldimyradowa, бах говы экен велин.. сен пикирини тассыкласым гелип дур!


Täzeje
Geldimyradowa  (10.04.2024 / 08:42) 

Мерет, pasibo

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Kim haysy Welayatdan


Dasoguz Gorogly...dowamy...
Tanyşlyklar | Kim haysy Welayatdan
BAYOGUL (Şugün, 22:37)

MEN — ÝÜREGINE URLUP GÖZI GÖGEREN"


Awtory?...dowamy...

EJEME HAT


Mlds likee...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | EJEME HAT
10asevdali (Şugün, 22:11)

Yalnyzlyk


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yalnyzlyk
BAYOGUL (Şugün, 21:58)

Söÿgi pursatlary..


Mlds...dowamy...

Gysgajyk goşgyjyk


Gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gysgajyk goşgyjyk
BAYOGUL (Şugün, 21:50)

Bilyan eje♡


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bilyan eje♡
BAYOGUL (Şugün, 21:50)

Dostluk barada


Mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Dostluk barada
BAYOGUL (Şugün, 21:49)

Diñe seniñ üçin!


Mlds...dowamy...

Agsamlyk nahary ( hekaya)


Mlds...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика