“❤️ Saýtdaky reklamalary aýyrmak isleseňiz PREMIUM hasapdan peýdalanyň.❤️ ”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Yeketak.ru - ýenede siz bilen
Ýürekdeş sözler!
Öñler gamlananymda ýylgyrmagyma sebäp bolýardyñ, indi ýylgyranymda gamlanmagyma sebäp bolýarsyñ. #Belki

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gyzlaryma
 Özümiziňki
 halmyradov [off]
 30.03.2024 / 19:35
 #Singer

Dört gyzym, dört nury didäm,
Gulak goýuň sözlerime:
Dört ogul deý, dert iner deý
Kuwwat beriň dyzlaryma.

Biriň ýazym, biriň arzym,
Abadym, säherim meniň.
Dört diregim, dört pasylym,
Baryňam baharym meniň.

Dört pasylym, dört diregim,
Gündiz günüm, gije aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym.

Namartlar kä mert ýigde-de
Nahak ýere şyltak atar.
Ýöne welin, gyz halkyna
Olaň sözi has köp ýeter.

Emma, biliň, buýsançlylaň
Utdurany ýokdur heniz.
Lak atylar ýeňleslere,
Hormatlydyr edaly gyz.

Durmuş guruň, ylalaşyň
Ýöne ara düşen söze
Orun berip köňlüňizde
Dyzap durmaň öýüňize.

Ýigit kimin, bir är kimin
Iliň-günüň hoşy boluň.
Adyňyz-abraýyňyz bilen
Bir hataryň başy boluň.

Oguldan ýanyp ýörenler,
Çeke-çeke ahy-zary,
Diýsin sizi ýüze sylyp:
«Wah, gyz dogsa bolmaýarmy!»

Yhlas bilen dileýärin
Ýüze sylyp günüm-aýym.
Size giň dünýede abraý
Miýesser etsin ylaýym!



Gurbannazar Ezizow


48

12

3

5

1

0

0
Teswirler:
 Premium
 Dreamfull [off]
  Цамие лутшие сказки живут наших сердцах
 30.03.2024 / 19:36

+1

braaawo brawola

 Gytyndan
 Aypipijik [off]
  #Pubg🫀🔫))ganymda záher bolsoñom dìne seni soyjek
 30.03.2024 / 22:13

+0

 Täzeje
 Mekan02 [off]
  Onunden akyan suwun gadyry yok
 30.03.2024 / 22:28

+0

Gowy gosguda su

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Toýy guni oli jesedi geldi. Bolan waka...


Bah myn bolupdyr...dowamy...

Toýy guni oli jesedi geldi. Bolan waka...


Toyy goybolsun edipdirler dami onsan?...dowamy...

Millioner


mlds dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Millioner
YekeMen (Şugün, 21:11)

“Söýgi satylmaýar”


okamany yaltanyan...dowamy...

“Söýgi satylmaýar”


"Boldy-geçdi", hakykatdan juda uzak hekaýajyklaryň biri....dowamy...

Owadanlyk bagtmy?!


interesnoe.me den alypsyn dogrumy???...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owadanlyk bagtmy?!
YekeMen (Şugün, 21:07)

Ölmän galan oglanjyklar


Manysyzlaio...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ölmän galan oglanjyklar
YekeMen (Şugün, 21:05)

Betbagyt gyz 5


Ýetirip dur ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
10asevdali (Şugün, 20:35)

Betbagyt gyz 5


Beýleki saýtda hemmesini okap çykdym gaty gowy hekaýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
10asevdali (Şugün, 20:35)

Betbagyt gyz 5


Daşda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Betbagyt gyz 5
10asevdali (Şugün, 20:35)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика