“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
ertir.zya.me/ Häzirlikçe şu ýere üýşüp bileris, çatsöýerler :)
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Tanyşlyklar

Ýagyş ýaganynda agla
 Özümiziňki
 IDEALLIDER2 [off]
 02.03.2026 / 09:36

Aý howwa. Düşünýän. Onyňam bir hasap, gowün ýürege gireni sogurup taşlamak gaty kyn, tas özüňi-özüň operatsiýa edýänýaly. Ilki pyçak bilen özüň-öz gursagyňy kesmeli, soň ol gursagyňa eliňi sokmaly, ol kesen ýeriňem dar kiçi bolup eliň sygmasa ýene pyçak bilen kesip ulaltmaly bolýar. Pyçagyň öňki kesiminiň agyrysy ýadyňa düşüp ýene pyçak bilen kesmäge çydaman-dözmän, iki eliň bilen gursagyňy ýyrtyp ulaldyp, içiňden şol adamy gözläp tapyp, soň tapanyňy hem goparmaly bolýar. Goparmak üçin çekýän wagtyň hem damarlar ýüplerýaly üzülip, her üzüleni hem endamyňy titreder derejede agyrdýar. Ol damarlar hem müňe golaý, sebäbi ol ýakyn hasaplan adamyň gaty göwüne-ýürege ornaşypdy. Ahyry goparanyňdan soň hem "Ýene yzyna giräýmesin" diýen gorky bilen, ony oda atyp şaşlikýaly bişirmeli bolýar. Bu zatlara çydap, gözden ýaşlary saklamak mümkindäl, şol sebäpli ýagyş ýagan wagty, ýagyş damjalary gözýaşlarymy gizlär. Görüpler göz-ýaşlaryma begenmesin.

112

20

3

3

0

0

0
Teswirler:
 Täzeje
 Outlier [off]
  25 ball sarp edendirin şuňa!
 02.03.2026 / 18:25

+0

Muny bir ýerlerde paýlaşmaga rugsat barmy?


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (02.03.2026 / 21:28) 

Outlier, nikim bilen paýlaşsaň bolar.


Täzeje
Outlier  (02.03.2026 / 22:17) 

IDEALLIDER2, bolýa

 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Wagtyňyzy manysyz geçirmäň, çünki her bir pursat altyndan gymmatlydyr...
 02.03.2026 / 18:41

+0

köşeş how. ondan öň kään görnişleri bar. iň ýönekeýjesi psiholag. ))

Adam ýakynynynyň ölenine döz gelýär, ol baky ýok bolup gidýär, emma adam başy daşdan gaty diýilmändirmi näme???

çekersiň, ýada суицид. olam herkimiň ýandakylara bagly diýäler welin, menä şony ýalňyş hasaplaýan. ol diňe özüňe bagly. pikirleriňe erk edip adamyň soňunda nämeleriň garaşýanyny bilip gowy edip oturyp oýlanyp bilse ýene gowy. ýok, gowşadyňp gürrüň gutorýar...

garaz, biziň beýnimiz bize zyýan berýän ýatlamalary awtomatik ýagdaýda hoool arhiwa salmana çalyşýar. özüň şony gorjalap durmasaň zöhre tahyryňky ýaly söýgi ýokdyrlaý...


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (02.03.2026 / 21:30) 

Fantom, mowzukde ýeke ýerde söýgi ýatlamadym. Umuman dost, ýakynyň, hossaryň, garyndaşyň ýada söýgüliň.


Özümiziňki
Fantom  (02.03.2026 / 22:12) 

IDEALLIDER2, Gowy... özüňkimi?


Özümiziňki
IDEALLIDER2  (03.03.2026 / 02:59) 

Fantom, umuman

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şu ešigi dikýänçi bir kiçiräk seh açaýsammykam...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Bu surat ýygymçylaryň şo eşikde ýygyp ýörüşi☺️

...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Şumy?
...dowamy...

Bu dogry emma bu aldaw.


Vine oynama gowy senariya eken...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Diri sylan beg bolar ölini sylan baý bolar diýip eşitdik bizä haýsy dogryka indi bularyň?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Ondan pagtany sorup alýan enjam çykarylsa gowy bolmazmy. Meselem, sen enjamy eliňe geýýäň, özi pagtany hanasyndan sorup alýar we fartugyňa geçirý...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňem mazarstanlygyň gapdalyndan geçip barýan taksist, gapdalyndaky ýolagça: - Hany ýaşuly okap göýber diýende, Ýaşuly aňarsyna bärsine seredip: -...dowamy...

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Molla kop ekenow barde 😕...dowamy...
Ylym-bilim ösüşi | Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.
HUNTER369 (17.07.2026 / 23:34)

Ýaşuly hem bolsa 1.2.3.4.5.


Öňüräk bir deň-duş adamyň biri Namaza okamok, ýöne biri ýogalsa ugratmaga barýan, birde gonamçylygyň deňinden geçenimde el galdyrýan diýipdi. Ol...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->