Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ajayyp soygi rowayaty (bolan waka)
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 05.04.2024 / 05:30
 Durmuş doly yenil kelleden#

Bu synag dünýäsinde ýaşaýan ynsanyň başyna näler gelenok eken. Her adamyň öz durmuşy bar, agyr bir synagy bar, kynçylyk bilen geçýän, käte bolsa ýykyp togalanara getirýän böwetlere duşulýar.
Meniň durmuşym hem ajy başdan geçirmelerden doly. Yşkdan hakykata, hyýaldan çyna uzap gidýän ýadadyjy hem agyr başdan geçirmeler.
Taýýarlyk fakultetini bile okap tamamlan Kemal atly bir kursdaşyma garşy düýpli duýgylar besleýärdim. Onuň bular ýaly zatlar hiçhili işi ýokdy. Ol örän dogruçyl, örän ynsanperwer we juda akylly biridi. Üç ýylyň dowamynda oňa bolan yşgymy bilmegi üçin nämeler edendirn, nämeler... Emma erjellik edip bularyň hiç birini hem görmezlikden gelýärdi. Ahyry soňky okuw ýylymyza ýetipdik we bu hakda oňa aç-açan aýtmak isleýärdim.
Maňa üns bermezliginiň ýa-da gyzyklanmagyma hiç garşylyk bermezliginiň sebäbi, medeniýetimizdäki üýtgeşikliklerden ýa-da tapawutly sebitlere degişli bolmagymyzdandyr diýip oýlanypdym. Ine şu barada jikme-jik düşündirip oňa bolan söýgimi aýtjakdym.
Oňa birnäçe gezek “Seniň bilen gerekli bir temadan gürleşmek isleýärin” diýemde “ýok” diýmändi. Ýöne her gezeginde bahanalary bilen meni başyndan sowýardy. Gysgalap aýdanymda, oňa bolan gyzyklanmamy ýa-ha islänokdy, ýa-da durmuşa bolan tapawutly garaýşymyz sebäpli “problema bolar” diýen gorkusy bardy.
Hakyna seretsek, Allajana şükür, aslyýetimde men töweregimizde derrew tapawutlanýan bir gyzdym. Köp oglanlar meniň bilen bu temada gepleşmek isleýärdi, ýöne men olary ret edýärdim. Bularyň arasynda biziň kollektiwimize degişli ýaşlar hem bardy. Çünki, biz tapawutly däp-dessurlara, adatlara we durmuşa garaýyşlary bolan medeniýetimiz bardy. Bizde welin, daşky medeniýetlerden bolan kişilere gyz berilmeýärdi we olardan gyz alynmaýardy. Eger kimde-kim bu däbi bozsa, köplenç munuň üçin gaty köp azaba duçar bolardy. Menem muny bilýärdim. Ýöne oňa bolan söýgimden ýaňa bularyň barysyna gözümi ýumdum.
Ahyr soňy Kemal belli bir ýerde belli bir wagtda görüşmäge söz berdi. Şol ýerde duşuşyp gürleşjekdik. Ýöne Kemalyň bir şerti bardy:
“Meniň dinimiň talaplaryna laýyklykda, bir ýat gyz bilen ikiçäk galyp bilmen, ýanyňda islendik başga bir gyz maşgala bolmaly” diýdi.
Men muňa garşy çykmak isledim. Emma oňa bolan söýgim sebäpli dymdym we kabul etdim. Ýanyma bir joramy aldym, we bellenen ýerde duşuşdyk.
Men ýaňy bir ýygrylyp-ýugrulyp zordan öz duýgularymy bildirmäge başlapdym welin, Kemal meniň sözümi kesdi-de:
“Özüňi zorlama, beýdip ýygrylyp durma” diýdi. “Men 2 ýyldan bäri hemme zatdan habarym bar. Saňa garşy men hem uly bir gyzyklanma duýýaryn. Emma muny açyga çykaryp bilmeýän. Munuňam iki sebäbi bar.
Birinjiden-ä, meniň ynançlaryma laýyklykda, nika gyýylmadyk bir ýat gyz bilen beýle oýunlary gurap bilmeýän. Başlajak bolsamam, resmi ýagdaýda başlarnam gutararnam. Ogrynça ýaşyryn ýa-da ýalňyş işler edip bilmen.
Şeýle ýagdaýlar bolmany sebäpli hem seniň duýgylaryňa aç-açan jogap berip bilmedim. Ýöne sizi gaty gowy gördüm, duýgylarymy mydama içimde sakladym, içime gömdüm.
Ikinjisi hem, seniň özüň başga bir toplulygyň gyzy. Seni maňa bermejeklerini bilýärin. Bu mümkin bolaýan ýagdaýynda hem gaty köp ejir çekjegimizi bilýärin. Bu töwekgelçilige garşy gözümi ýumup bilmedim. Sen öz toplulygyňda arkaýyn ýaşarsyň, şol ýeriň bilen bol” diýdi.
Muňa doly garşy çykdym.
“Ýok” diýdim. “Kimiň näme diýjegi hiç bildirenok. Eger sen meni isleýän bolsaň, hemme zada gözümi ýummaga taýyn. Hemem sen meni munuň ýaly söýmegiňe garamazdan maňa hiç hili alamat görkezmediň, şony bilesim geldi.”
“Men öz töweregimizde dinimi doly berjaý edýän hökmünde tanalýan. Herkim bu yşk oýnuny öz isleýşi ýaly oýnap bilýär, emma men asla... Çünki maňa seredýänler, meniň aýdýan sözlerimiň, öz pikirlerimiň dogrulygyny hem-de meniň dogruçyllygymy özümi alyp baryşyma görä karar bererler. Onsoňam, Alla tagala, Pygamberimiz (s.a.w) we din ýaly, hiçbir kada laýyk gelmeýän bir söýgi sergezdanlygyny başdan geçirmek... bu meniň filosofiýama ters gelýär. Söýgimi içimde saklaryn, belkem öz otagymda oturyp aglaryn, emma ony äşgär edip, masgara bolup bilmeýän... Ýöne bu resmi ýagdaýda başlansa, ol eýýäm başga gürrüň...”
“Men muňa taýyn” diýdim.
Ol başyny ýaýkady.
“Gaty kyn, hatda mümkin däl” diýdi. “Muny başaryp bilmeris. Gowusy bu işden başlanmaka boýun gaçyraly. Maşgalam muňa asla razy bolmaz. Aýratyn hem siziňkiler, asla razy bolmazlar. Iki tarabyň hem islemeýän zadyny edip,öz başymyza maşgala gurup bilmeris. Duýgularymyza däl, akylymyza gulak asyp hereket edeli.”
Gaty köp erjellik etdim, köp ýalbardym. Hatda näçe sagatlap ýalbarandyryn, emma kabul etdirip bilmedim.
Ýöremekçi bolan wagtymyz men diýdim:
“Eger sen meni kabul etmeseň, ýa ölmegi saýlaryn ýa-da ölinçäm saňa garaşaryn.”
Ol sägindi.
“Saňa anyk belli bir söz beremok. Ýöne bu tema seniň üçin dolanmasyz bir ýol boljak bolsa, onda biz bilelikde çykyş ýoluny gözläli” diýdi...
Saňa anyk bir söz beremok. Ýöne bu tema seniň üçin dolanmasyz bir ýol boljak bolsa, onda biz bilelikde çykyş ýoluny gözläli” diýdi.
Wah, Allajan! Onuň bu sözlerini eşidip asmana uçaçjak ýaly boldum!.. Maňa bütin dünýäni sowgat edilen ýaly boldum. Özümi dünýäde iň bagtly adamdyryn öýtdüm. Şujagaz gürrüň hem maňa ýeterlikdi. Sebäbi ony janymdan beter söýýärdim.
Ýöräýmäkä meniň bir zada söz bermegimi isledi.
“Bu duşuşygymyz barada hiçkim bilmeli däldir” diýdi. Menem "bolýa" diýdim.
Ýene yzyna öwrülip:
“Gynanma,” diýdi. “Eger sen maňa ömürboýy garaşmaga hem taýyn bolsaň, meniň saňa bolan duýgylarym hem bolmanda seniňkiçe bardyr, bilip goý. Eger bile durmuş gurmagyň hötdesinden gelip bilmesek, onda bütin ömrümiz boýunça biri-birimize garaşyp o dünýä göçüp gitmeli bolarys.”
Emma şul hem meniň üçin eýýäm bir çykyş ýolydy. Dünýäde apy-tupanlar turuzýan bu söýgi diýilýän zat şeýle bir güýçli, şeýle bir ýakyp ýandyryp barýardy welin, “ýa-ha onuň bilen bolaryn ýa-da ölerin” diýdirýärdi.
Okuwymyzy gutarýançak ýene birnäçe gezek duşuşdyk, çözgüt gözledik. Emma muňa bir çykyş ýol, pähimli bir çözgüt tapyp bilmedik.
Okuwymyz hem ahyry gutardy. Ikimiz hem Allanyň bir peşgeşi hökmünde, şol bir welaýatyň şol bir etrabynda mugallym bolup işlemäge iberildik. Mekdebimiz hem bir-birine golaýdy.
Kemal özüne bir öý tapyndy, käbir okuwçylary bilen bile ýaşaýardy. Men bolsa bir şepagat uýasy bilen bir ýerde boldym. Ol gyz gyzyklyja dini kitaplary okaýardy.
Aşyk bolmagymdan soň, meniň dünýämde apy-tupan turýan ikinji döwrüm başlapdy. Men her-hili peýdaly dini kitaplar okamaga başlapdym. Bu şepagatçy gyz hem bul ugurdan örän gowy bilýärdi. Maňa-da oňardygyndan kömek edýärdi.
Kemalyň we şepagatçy gyzyň goldawy bilen dogry ýoly tapypdym. Namaza başlapdym, başymy hem örtünýärdim. Maşgalam bu edýänlerimi bilende kyýamat gopan ýaly boldy. Ýençýärdiler, sögýärdiler, göwnüme degýän gürrüňler edýärdiler. Kakamyň, ejemiň we jigimiň hamala demleri kesilen ýaly boldy. “O nähili beýdip namaz kylmaga aňyň çatýar, nädip öz däpleriňe, adatlaryňa garşy bolan hereketleri edip bilýäň?!” Sebäp diýseňiz, biziň durmuşymyzda namaz, agyz beklemek ýaly dini adatlarymyz ýokdy. Näme bolsa-da, Alla maňa sabyr-takat, güýç-kuwwat berdi, menem çydadym. Belli bir wagtdan soň, maşgalam meni öwlätlykdan we mirasdan mahrum etdiler.
Bu daş göräýmäge çydap bolmajak bir kösenç hem synagdy. Emma, gudraty güýçli Alla hiç bir guluny hem çäresiz goýmaýar. Maşgalamyň meni reddetmegi gaýta hemme zady aňsatlaşdyrdy.
Ahyrsoňy, Kemal bilen toý etdik. Elbetde, iki tarabyň maşgalasy hem muňa yrza däldi. Ýöne, Kemalyň maşgalasy meniň gowulyga üýtgänligime begendiler. Meni kabul etdiler.
Indi bütin kösençlerimiň dynyp, bagtyň bize ýylgyrýan wagty gelipdi.Öz ýagdaýymyza göräräk bir öý gurdurdyk. Kemalyň dostlary bize ene-ata hökmünde boldylar. Kän uly bergilere batmanrak öýümiz üçin gerek zatlary alyp gutardyk.
Durmuşa çykanymdan soň, Kemala bolan söýgim gutarmady, gaýta has-da beter güýçlendi. Ol ýanymda bolmadan bir sekunt hem geçirip bilemokdym. Gözüme ondan başga hiçkim görünmeýärdi. Ol, şeýle bir dogruçyl, batyrgaý we ýakymly bir adamdy weli, özümi dünýäde iň şowly adam hasaplaýardym. Emma, meniň durmuşymyň synaglary entek tamamlanmandy, hatda indi başlapdy.
Iň uly begenjim hem, göwreli bolup, geljekde kakasynyň ady goýuljakçagam Kemalymyň bolanyny bilen günümdi. Öň bile bir ýerde ýaşan şepagat uýasynyň ýanyna gidip barlatdym. Buşlugy alamsoň, öýe ylgap gidip, bu habary mümkin boldugyça tizräk Kemala ýetirmek isleýärdim.
Ýöne, dünýämi garaňkyladýan, bütin umytlarymy kesýän habary hassahananyň gapysynda bilipdim. Bir tiz kömek awtoulagy gelipdi, bir hassany getiripdi, daş-töweregi bilen adamlar ylgaşýardy. Biriniň “Kemal, Kemal” diýýänini eşitdim. Onuň kimdigini, haýsy Kemaldygyny soraman zat etmän, şol taýda ýere çöküp galypdym.
Hawa, ol meniň Kemalymdy. Şol belent söýgim, ýeketäk arzuwym, onuň ugrunda müň gezek janymy gurban etmäge taýyn bolan adamym, Kemal...
Bir ýük awtoulagynyň tormozy tutmandyr. Ol hem ýolda duran iki sany okuwçyny halas etmek üçin özüni oklapdyr, olary halas edipdir, emma özüni halas bolmandyr.
Daş-töwerekdäki herkim ýas tutdy, aglady. Men welin, gynanjymdan halys bolupdym, gurpdan düşüp galypdym, gezip ýören öli ýaly bolupdym. Milýonlarça gezek Alla ýüzlenip ýalbarýardym: “Haýyş edýärin, meniň hem janymy alaý!..” diýip.. Başa barmady. Ýöne, entegem söýgime, arzuwyma, yşgyma ýetmek üçin ýalbarýaryn. Enşalla o gapy kän uzaga çekmän açylar. Alladan umyt kesmeli däl.
Buwagt bolsa, oglum Kemaly ysgaşdyryp, durmuşyma daýanç we kuwwat goşmaga çalyşýaryn. Ol heniz iki ýaşynda. Men bolsa mugallym. Özümi entegem ele alyp bilmedim. Öýlenmek niýeti bilen söz aýdyp gelýän juda köp. Ýöne hemmesini hem käýäp kowup goýberýärin. Ol diňe maddy dünýäde ýogaldy. Emma öýümiň içindäki şol nurana ýylgyryp bakyşlary entegem ýaşap ýör. Şol süýjije sözleri entegem maňa eşidilýär...
Onuň ruhyny şat etmek üçin her gün Gurhan okaýaryn. Her hepdede bir günümi ýörite onuň mazaryny zyýarat etmäge sarp edýärin.
Kemalyň magalasynyň jany sag bolsun, meni ýalňyz goýanoklar. Ýöne öz maşgalamdan ses-üýn ýok. Jigim hem “Bolaýypdyr!” diýen atly bir hat iberipdir. Aý, näme edeýin, olaryň pikirine görä dogrusy şeýledir-dä, hata jogap ýazyp bilmedim. Ýöne olar üçin hem doga-dileg edýärin, gowulaşmaklary üçin..
Başyňyzy agyrdanym üçin bagyşlarsyňyz!..


85

8

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 05.04.2024 / 14:12

+0

Yene 1-nji

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bar eýle!


Oz goşgyñyzmy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bar eýle!
@menin_dunyam (Şugün, 01:58)

💎💎💎💎


Ustinlik...dowamy...
Erkin mowzuklar | 💎💎💎💎
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Ýüregimiň armanydyr


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýüregimiň armanydyr
@menin_dunyam (Şugün, 01:57)

Gel seýle çykaly


Berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gel seýle çykaly
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Adamlara ynanyp


Ÿetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Adamlara ynanyp
@menin_dunyam (Şugün, 01:56)

Dillen..!


Tuweleme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dillen..!
@menin_dunyam (Şugün, 01:55)

Owgan pähimleri


Ÿetirip dur...dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

Dutar heňi🙂


Mlds. Ustinlik...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Dutar heňi🙂
@menin_dunyam (Şugün, 01:54)

At yazmak


Aýşöhle,Muhammet...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Owadanjam (Düýn, 23:20)

Owgan pähimleri


Öre Daşgynowyň goşgularyndan ýokmy Sizde? Ýetiräýiň, bar bolsa....dowamy...
Erkin mowzuklar | Owgan pähimleri
Gulmahrem (Düýn, 23:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика