Ýürekdeş sözler!
Admin : «Gel» diýlip çagyrylan söhbet hemme zatdan süýji bolýar.
Gaýgysyzyñ söýgi synagy.)
Gytyndan Aypipijik [off] 05.04.2024 / 05:33 Durmuş doly yenil kelleden#
Baş gahrymanymyz Gaýgysyz, ady Gaýgysyz bolsa-da özi gaýgyly, bar gaýgysy siz bolan Gaýgysyz, ýokary bilimini Türkiýede tamamlap, „Hasam bilimli bolaýynla“ diýip ýewropanyñ iñ ösen şäherleriniñ wii ýurtlarynyñ biri bolan Estoniýa mastera gitdi. Öran üstünlikli okap nijeme konferensiýalarda çykyş etdi. Aý indi ata watana gaýdyp getiräýelile, ýa ýene ýewropada galjakmyka? Borla men bir getireýin. Türkmenistana giñ düşünjeli adamlar gerekdä, bolmasa ýewropadan, medeniýetiñ ojagyndan(!) ony nämçün goparaly? Ana onda geldi ata watana. Uçardan düşdi. Tomusyñ birinji aýy we howa yewropañ howasyna „bar añyrrakda dur“ diýjek derejede ýyljajyk. Ýyly ýürekli adamlaryñ ýurdy nädip ýyljajyk bolmasyn? Gaýgysyz näçe wagtlap öz ýurduna gelmänligi üçin migrasiyanyñ işgärleri ony gaty gowy garşylady. Hiçhili kösenmänjik geçip gitdi, “Jigim hol gapa bar.” diýen gepi eştmedi, eştdirmersem. Sebäbi buwagt bar zat biziñ elimizde. Meniñ hyýalym. Gaýgysyzam otur diýsek oturar, tur diýsek turar. Başga alajy ýok, ýöne biz ony gaty hezil, ajaýyp wakalara duçar ederis nesip bolsa. İlki aşyklar şäheri bolan Aşgabada aýlaly. Aşyklar şäheri Aşgabat bolsa-da oña öz yşgy bilen Daşoguzda garşylaşdyrarys. Ýewropada herhili gelşiksiz, her tüýsli reñkli jaýlardan bizar bolan Gaýgysyz Aşgabadyñ ak mermerden salynan birmeñzeş jaýlaryna haýran galyp, olardan gözüni alyp bilmeýär. Maşynlara çenli akja. Asmanda-da diñe ak kepderi, gara gargalara ýer ýok.
„Söýgi näme?“ diýdim bir gara garga.
Ol diýdi: „Sataşyp yşk diýen urga
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal.“
İtlerine çenli akja. Gaýgysyz bu ýagdaya ak guş yaly uçaýjak bolýar, ýöne bu başartmaýar, sebäbi onuñ egnindäki ýük şeýle bir agyr.
„Söýgi näme?“ diýip ýüzlendim serçä.
Ol diýdi: „Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşkym.
Men ozal dünýäde
İñ uly guşdum.“
dowamy bar
Teswirler:
Täzeje Asgabatlylay [off] 05.04.2024 / 05:34+0Gowy eken
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk