Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
rexha : Uykulu gözlerini sevdigim adam#ponchik pandam))

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Gaýgysyzyñ söýgi synagy/dowamy3
 Gytyndan
 Aypipijik [off]
 05.04.2024 / 06:08
 Durmuş doly yenil kelleden#

Dokuzyny düzüg edip bilen ýoga. Bir kakam bar dokuzyny düzüg eden, olam zor bilen. Öñler içäýýän ekendä birazajyk. Türkmen pahyr gaty zehinli bolonsoñ ‘içýär’ diýilse göni näme içýänligine düşünýär. Häzir gidip ýewropaly yza galaklara ‘içýär’ diýseñ „Näme içýär?“ diýip sorar jahyllar. Birazajyk içýär eken ýöne, peýan bolýança. Peýan bolandan soñam içýän eken welin, olar hasap däl. Sebäbi ondan soñ bilip içenok eýýäm. Menä bilemok, ýöne gürrüñ berdiler. Şol wagtlar birgün içip otyrka almany bir dişläp gygyrypdyr “Biziñ dokuzymyz düzüg dälmi?” ýanyndakylar “Hawwaaa” bir dişlenen alma malç istena. Ýene bir zat alýar “Biziñ dokuzymyz düzüg dälmi?” “Hawwaaa” malç. Başga-da ýok bolaýmasa dokuzy düzüg bolan. Bar bolsa aýtsyn. Hä däliler bar biram dokuzy düzüg bolan. Nä dokuzyñ düzüg bolsa-da söýgiñ özi tapýar seni.

„Söýgi näme?“ diýdim zynjyrly dälä.

(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)

Däli jogap berdi elhenç ses bilen:

„Men, men, men…

Ynha, Söýgi men!..“

Allajana şükür soñ toba etdi. Şuwagt şolar ýaly zatlary ýatlatsañ „Agzyma alyp gören zadym däl. Töhmet atma.“ diýýär. Kakam dogry aýdýar. Sebäbi:

„Toba eden(soñ gaýtalamasa) ol günäni hiç işlemedik ýalydyr.“

Nireden nirä geldigaý Gaýgysyz? Seni aýlajakdym aýlamasyna welin, bular ýaly aýlajagymy özümem bilemokdym. Hawa hawa, yekeje kemçiligi bardy Leýlañ. Ol hem, Leýla ýokary bilimini Türkiýäniñ kiçirajik şäherleriniñ birinde, kiçiräjikligi adyndanam belli şäheri bolan Uşakda alypdy we Leýla gynansakda uniwersitede attestat bilen giripdi. Muny öwrenen Gaýgysyz indi näme ederkä? Gaýgysyz Leýlany bu uşak, ýöne oña görä ullakan kemçiligi bilen kabul edermikä ýa öz söýgisinden ýüz öwürip ony yüreginiñ, yürejiginiñ jümmüşine gömüp özi uşalarmyka? Munuñ jogabyny men hem bilemok eziz okyjylar. Munuñ jogaby diñe baş gahrymanymyz Gaýgysyzda. Ýöne menä „Gabyr bol attestat.!“ diýip öz Leýlamy kemçiligi bilen kabul ederdim. „Hemme kişi artykmajy bilen söýüpdi, men bolsa kemçilikleri bilen hem söýüpdim.“

„Söýgi näme?“ diýdim şahyra garap.

Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.

Diýdi: „Sorag bar-da, jogap ýok yşka,

Jogap bir başgadyr,

Söýgi bir başga!”


143

9

0

3

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Düýn, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Düýn, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Düýn, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Düýn, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Düýn, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Düýn, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Düýn, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика