Ynanmalymy ýa ýok (bolan waka )
Gytyndan Aypipijik [off] 05.04.2024 / 12:24 Durmuş doly yenil kelleden#
Kakyş Mähri bilen 3 ýylyň dowamynda bir birini halap halaşdylar. Ikisi hem bir obada ýaşansoň, tanyş ýerler diýip Kakyşyň ene atasy uzaklaşdyrman Mähri barada aýdan badyna gudaçylyga gitdiler.
Iki tarapyň ylalaşygy boýunça toý sähedini derrew bellediler.
Toý adaty oba toýlary ýaly köçäni bekläp ulydan tutyldy. Kakyş maşgalaň körpesi bolanyndanmy nämemi ejesi Kakyşy has hem gowy görýärdi.
Türkmen däp dessuryna görä toý däp dessurlaryň bary hem berjaý edildi.
Toý gijesi bularyň däbine görä has hem gyzykly gurnalandy. Bar hossarlary üýşüp toý gijesinde, toýdan soň täzeden oturyp gutly bolsun diyip, aýratyn oturyldy.
Daň bilen Kakyşyň gelinejesi bularyň işigini çalaja kakdy. Kakyş işigi açdyda,
-gelneje hemme zat gowlyk, Mahri meniň diýýän gyzym, oňa eýle beýle zat diýip azar bermaň, maňa bolýa, meni toýdan soňky çykarylan däp dessur gyzyklandyranok, diýdi.
-Bor Kakyşjan saňa ýarasa bolar, ýöne däp däp bolýada, daşardakylara näme diýeýin
-olarada näme diýseň diýiber gelneje, ýöne şo zada şolara görkezilenok.
-bor
Gelnejesi daş çykyp gaýynyna bar zady aýtdy.
-wah gelinjan yuwan bolýada, iň bolmanda sen bir gördüňmi?!
-ýok daýza, maňa hem görkezmediler
-wah göwnüm suw içenokda, gelin
- daýza olar 3 ýyl söýüşen bolsalar, o işi toýdan öň bir ýüzli eden bolaýmasynlar, we bizden gizlän bolsalar näme
-oda bolup biler, bu zamanyň ýaşlaryndan her zada garaşaýmaly
-Daýza şondada eňňe saçak äkideli, syr syr bolyp galsyn, oba biläyse Kakyşyň gelini gyz çykan däldir diyip, çaýyr ýaýran ýaly ýaýrar
-bor gelin
Bular däp dessura görä geliniň atasy öýüne eňňe saçak äkidip geldiler.
Bir meňzeş günler geçip durdy, öýde täze gelin girip çyksa ýakymlyja ys bolýar, bularyň daşyndan Kakyşyň ejesi guwanyp begenip ýördi, ýöne ejesi oglunyň gün geldigiçe ýigdelmän saralyp solup barýanyny görüp howsala düşýardi, soramaga welin enelik söýgüsi sebapli çekinýärdi, gelininden oglundan siziň ýagdaýlaryňyz gowymy diýse diňe oňat diyip baş egilýärdi.
Aradan 2 aý geçdi.
Howa çigrekdi. Güýziň sowujak howasy ýüzüňi çawlap alýardy. Kakyşyň ýanyna çagalyk dosty Mergen geldi.
-gelineje salowmaleýkum, Kakyş öýdemi?
-aleýkumsalam Mergenjan gowymy balam, geçiber mal ýatagy arassalap ýördi ýaňy, baraý ýanyna
-bor gelineje
Mergen Kakyşyň ýanyna baryp ondan mundan gürrüň etdiler. Kakyş hemme kişiden yürek syryny gizlesede dostyndan gizläp bilmän ýaryldy we Mergene
-dost men Mähri bilen 3 ýyl söýüşdim, sen bar zatdan habarly ahyry
-söýüşdiň hem aldyň, indi näme kem tapýaň, söýen gülüň ýanyňda, näme boldy, hany gizlemede aýt, belki kömegim deger
-dost bu syrdyr, gep şu ýerde ölsün
-alaýt natdiňa dost,seniň syryňy öňem bilýäna, bu syryňy hem aýtmajagym bellidira
-wah dost bu syr öňküler ýaly däldä
-hany onda aýt
-dost Mahri meniň 2 aý gelinim bolsada onuň ýanyna men bir gezegem barmadym, ol heniz hem gyz, el degiremok
-nämeeeeeeeeeee
-ýuwaş ejem eşidäýmesin
-Mergen,men naçe barjak bolýan ýöne bolanok, ol ýanyna eltenok, başga bar zada kaýyl ol, gyzza gyzza gelýar welin ürküp dur, meni itekleýär we basyr busur etmäge hem güýjüm ýetenok, özä bir çepiksije welin edil şo wagt 10 erkegiň güýji bar ýaly, erkim yok, dilim tutulyp özüm baglanan ýaly, ýada meni gaty güýçli doga edilen ýaly
-ejeň dagy bilýämikä
-ejem bilenok, gelinejem ýöne birinji gijämiziň ertesi biljek bolup jan etdi, özüm işiňiz bolmasyn diýip onuň hem ýüzüni aldym, bolmasa gelnejem meni nähili gowy görýardi
-wah dost bula mundan çykdow, seni geliniňi molla okadyp täzeden nika gyýdyryp bagly bolmakdan açmaly, şeýle ýagdaý 100 adamdan birinde gabat gelýarmiş
-bilmedimdä dost, söýüşip alamsoň ejem daga nädip aýdaýyn, günüme kaýyl bolup ýöründä
-dost bir alaja bardyr özä, bolmasa çörege çagyrdylar diýen bolup lukmana görünseňiz nätýar?
-Oda birhili, zat başarman geldiňmi diýayjek ýaly
-aý ýok lukmanlar beýle diýmeza, ýagdaýyňy aýtsaň bir çekinjeňlik bar bolsa aýyrylarda
-wah ondan güýçlirak syr bar ýaly bolup durda
-gaýgy etmesene dost, ine öwrenişersiň we hemme zat gül alagüllik bolup gider
-şeýle bolsunda herna
-bor onda dost,menä ýöredim
-bolýa aýlanyp dur
-bolýa
Mergen gitdi. Ogly bilen Mergeniň gürrüňini tamyň ygyşygynda diňläp duran Kakyşyň ejesiniň ýüregi ýarylara geldi, oglynyň gün geldigiçe saralyp solýanynyň bir syrynyň barlygyn öňem aňýardy.
Uly gelinine derrew bar zady aýtdy we obadaky uly mollaň öýüne gidip ony getirdi, bulara täzeden nika gyýdyrdy, molla okatdy.
Kakyşyň oglan dogany Kakyşdan günde irden sorap başlady, Kakyş bolsa diňe bir jogap berýardi hmmmm ýok bolanok, bu söze agasynyň gaty gahary gelýärdi, yumryk ýaly geliniňe güýjüň ýetmän masgara etýaňow sen bizi
-bilmedimdä agam, maňa kän sorag bermäýiňdä
Kakyşyň ejesiniň gitmedik ýeri galmady
Ol mollada okatdy, täzeden nika hem gyýdyrdy, öwülýä çenli aýlap geldi, palça pal atdyryp gördi, näme etsede ýagdaý şo boluşydy, üýtgeýan zat ýokdy.
Aradan 6 aý geçdi. Kakyş bolsa horlanyp çöp bolup barýardy, özi bilen deň toý eden klasdaşynyň gelini göwrelidi,bu bolsa şo durşyna durdy.
Ahyr bolmajagyny bilip Kakyşyň ejesi bulary welaýat çagalary we eneleriň saglygyny goraýyş ene mahri merkezine äkitdi.
Lukmana 6 aýlap bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi we ogluny we gelinini barlagdan geçirmeklerini sorady, bularyň durmuşynyň syryny çözläp bermeklerini haýyş etdi.
Lukmanlar Kakyşy ilki bar barlagdan geçirdiler. Kakyşyň bar analizleri kadaly çykdy, indi gezek gelini barlamalydy.
Geline gezek gelende gelini özüni barlatmajak bolup nadaralyk edip başlady, gaýyny şu taýyk gelip barlatmana gitmersiň sen diyip gygyrdy
Kakyş bolsa diňe eje geline azar bermaýdä diýip dur.
Ejesiniň gahary gelip Kakyşa sögüp gelinini basa düşüp ginekologiçeskiy kresla mündürdiler.
4 sany lukmana baş berer ýaly däldi, özi çepiksije bolsada 4 lukmany dagy gördüm hem edenokdy, barlajak bolan lukmanyňa göni döşüne depip goýberdi.
Yene 2 lukmany çagyryp, hersi bir ýerinden berk saklap, biri barlajak boldy, towlanjyrap baş berer ýaly däldi, ahyry basa düşüp barlasalar? waaaaaaah Allajan näme diýsemkäm indi, size yalan maňa çyn, bu gelin gyz,ýagny daş keşbi zenan bolsada, içki gurlyşy erkek bolsa nätjek???.....
Kakyşyň ejesine ýagdaýy
sada dilde aýtdylar, (medisinada bu kesele Germafrodit diýilýar) munyň daşky keşbi gyz bolsada içki gurluşy erkek bolansoň, haçanda mahir gatnaşyk wagtynda erkek adamyň mahir küsegi güýçli bolup ol öz ýanyna getiresi gelmeýäni hem şundan, heýde erkek erkek adamy ýanyna getiresi gelýami,edil mahir gatnaşygyň gyzza gyzza döwründe 10 erkek oglanyň güýji ýaly güýç gelýandir, onsoň ol oglyňa başardarmy, gördüňä 6 bolup zordan barladylar, bu gelinde ýatgy, ýumurtgalyk ýok, bil açylma hem ýok, gyzynyň beýle ýagdaýdalygyny gyzyň ejesi biläýmeli, ýöne düşünemok bu ýagdaý bilinmez diyip muny durmyşa çykardylarmyka,durmyşa çykarmak gadagan ahyry, her hili adam barow dünýede, gül ýaly yigidiň ömrüni kül etmeli däldirä bilip durkaň, duyip bar zady sada dilde düşündirip netijesini aýtdylar
Kakyş diňe dym-gyzyl bolup dymdy.
Ejesi gelinini alyp şo taýdan göni atasy öýüne eltip gudasynada ite diýmesini diýip diýip gaýtdy, gyzyň ejesi hem aglap eňrap belki operasiýa etdirsek gowy bolar, diyip aýtsada Kakyşyň ejesi önmese oglyma ýaramadyk gyzyň derkaryma däl diyip, gapylaryny batly ýapdyda gaýtdy.......
Bu gürrüň tüweleý ýaly tutyş oba ýaýrady, nira seretseň diňe şu gepdi...
Aradan 3 aý geçenden soň Kakyşyň ejesi aýal doganynyň eltisiniň gyzyna guda baryp, aýal doganynyň kömegi bilen uly toý tutyp, Kakyşy täzeden öýerdi.
Bu gezek gelinejesi näme diýse bar zat däp dessur boýunça edildi we yigidimiz yigidelen ýaly ýüzjagazy gülüp durdy...
Teswirler:
Täzeje BAY-HAN [off] 05.04.2024 / 14:09+01-nji layk menden
Soňky teswirler