“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Gelin
 Täzeje
 Dreamfull [off]
 07.04.2024 / 00:15

Rysgally öýümiz gupba dek bolsun, Ýakyndan,alysdan myhmanlar gelsin,
Şeýle gelinimiñ bardygyn bilsin,
Bir çetdejik senem guwananja bol.

Dostlarym gelende höwes etsinler,
Hyzmatdan ganygyp,gelip gitsinler,
Olaram sen ýaly gelne ýetsinler,
Gelene hyzmatda duraganja bol.

Birinden aýama hijem gök çaýyñ,
Ol meniñ kakamdyr,saña bolsa gaýyn,
Goý nahar iýlende,haýyşym aýym,
Öýde tapdyrmasa elde çemçe bol.

Munym kemsitme däl,sylagdyr uly,
Gelin bolmak diýmek synagdyr uly,
Haýyşym bolmagyn baýlygyñ guly,
Garyp,ýöne ýüzi gülegenje bol.

Allam bize ogul bersin,gyz bersin,
Biri daýhan,biri asperant bolsun,
Beren mähriñ ikisinden deñ gelsin,
Görkezen mähriñi göregenje bol.

Buýruk däl,haýyş däl öwütdir bilseñ,
Toýa çen şulara taýynlyk gör sen,
Ýene bar, aýdaryn ony toýdan soñ,
Oña çen sabyrly ýöregenje bol.


174

11

3

4

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->