“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
New ,,ertir" chat - Biz bärde🙂
Ýürekdeş sözler!
Ayjahan : Eger men ölen bolsam onda meni jaýlaň-da, müň gezek ölip direldim seniň saýaňda....

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Sapakdan soň
Premium
 Ahmal [off]
 19.12.2025 / 21:46
 Old school

Matnazar Abdulkarim (özbek şahyry)

Ot gorsaýan bir okuwça käýedi,
Alyp goýdy ondan otluçöpi hem.
Ýumuş depderlerin toplady, soňra
Bir-bir sanap gördi. Ýedi depder kem.
«Her gezek siz şeýle,
Utanaňzokmy?


Gelýäňiz okaman, gezelenje siz,
Bu sapar hem iki goýmaýyn, ertir
Galanlaňam depderleri jemlensin».
Gyş güni — bir tutum.
Garaňkyrapdy.
Ýaýdandy. Aşmaly boljakdy gyrdan.
Äri hem gelmedi alyp gitmäge,
«Göwni geçdimikä…» — tisgindi birden.

Uguny ýekeläp işdeş jorasy:
«Ýatyp gidiň — diýdi — indi giç boldy».
Göwnemän, goltuklap şol depderleri,
Pyýadalap öýe sary ýol saldy.
Obadan saýlanyp, gyra çykanda,
Agşam düşüp, daş-töwerek tümlükdi.
Ýoldan dönmekçi hem boldy bir göwni,
«Oglum dertläp galan bolmagy mümkin».
Ýüregine dowul düşüp has erbet,
Gurşap aldy gorky tümlükden beter.
Büdür-südürlikmi, çukur, gyr diýmän,
Gidiberdi, şeýdip ahyry ýeter.
Eýmenji bir sudur ildi gözüne,
Syn etse, möjekdi.
Yzarlaýardy.
Ýatlap ýyrtyjynyň gorkýanyn otdan,
Bir depderi ýakyp, yzlygna sary
Taşlady.
Togtady möjek. Soň — ýene…
Mugallyma medet bolan bu alaw
Ýyrtyja bererdi mejbury sabyr.
Ýolagçy — ýakardy, möjek — togtardy,
Ikisi dem dürsär her depderde bir.
Ýol uzak, tün gara, möjek bolsa aç,
Aç ýyrtyjy bilmez nedir sadakat.
Öýe ýakyn galan çagy tükendi
Mugallymda depder,
Möjekde — takat.
Ahy-pygan tutdy obany daňdan,
Zemin matam tutdy, zaman aglady.
Depder tabşyrmadyk ýedi okuwçy
Hemme kişiden hem ýaman aglady.
Ýöntem şygrym üçin bagyşla, halkym,
Ne alym, ne dana, ne söz piri men.
Öz wagtynda depder tabşyryp bilmän,
Soňa galan çagalaryň biri men.
Men oňat bilýärin, tumar edinmez
Aşykdyr magşuklar ýazanlarymy.
Men oňat bilýärin, aýdymlam ýöntem,
Ýönekeýje garalama gazallar.
Emma… sen barýansyň geljege sary,
Çekinmän kysmatyň öri, gyryndan.
Özümçe gorasym gelýär-dä seni
Ýowuzlyk, hyýanat börülerinden.
Men ýazyp-bozýaryn bir gün sypdyrman,
Habarlar, sowallar, hytaplarymy.
…Sen ýolboýy ýakyp taşlap gidiber
Möjekler eýmenýän kitaplarymy.


Terjime eden Orazmyrat Myradow


139

19

3

9

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 19.12.2025 / 22:46

+0

Bähh... Gynançly kyssa

 Täzeje
 arzy [off]
  Saglyk -iň uly baýlyk.
 19.12.2025 / 23:37

+0

Öň okap görmäňdim,gynançly ekeni.

 Özümiziňki
 Daniel [off]
  Her kynçylykdan soñ , ýeñillik bar!
 22.12.2025 / 09:50

+0

Gynançly kyssa, mugallymlañ işi kyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyrrygyz'ymyz


Agyyy zenk yu weri mach yone menin doglan gunum dal gyyy...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Garrygyz (Şugün, 23:29)

Gyrrygyz'ymyz


Ýüregiňe görä ömrüň bolsun, uzak ýaşa!!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
MaD_B (Şugün, 22:36)

Degişmejik.


byrynjy gowy ekeni...dowamy...
Degişmeler älemi | Degişmejik.
SerdarG (Şugün, 18:50)

Gyrrygyz'ymyz


Entägem Gyrgy gyz diymänsiñ:d)Gutlyaýan!Doglan günüñ bagtly bolsun!...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Candi (Şugün, 16:59)

Gyrrygyz'ymyz


gaçan gunin bilen )))...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
tony_montana (Şugün, 16:20)

Hudaýsyzlar 6- nji bölümi.


yzyny yazarsynda...dowamy...

Kän garaşdyñmy?


Su murapbag gosgynyn nam cun her bendinin arasyny acyp yazanok?...dowamy...

Gyrrygyz'ymyz


Agsam acdynmay men gormandirin uzak yaşa...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Vector_Pro (Şugün, 11:40)

Gyrrygyz'ymyz


Garrymy ya gyyrry...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
rexha (Şugün, 09:39)

Gyrrygyz'ymyz


uzak yaşasyn kimin doglan güni...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Gyrrygyz'ymyz
Miss_minnosh (Şugün, 08:58)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->