Ýürekdeş sözler!
Kän garaşdyñmy?
rexha [off]Şugün, 10:11
Всё, что хочешь от жизни бери и беги
Awça aldyrmadyk awumy awlan,
Göwün guşlaryma kän garaşdyñmy? Lukmanlar añlamaz derdimi añlan, Ile goşularma kän garaşdyñmy?
Basan yzlarymy etdiñmi togap,
Azar bermedimi ýüregiñ sowap?
Bilýän, saña özüm iñ gowy sowgat,
Elim boş gelerme kän garaşdyñmy?
Şar gara saçlaryñ yşgyñ saýasy,
Eý, aşyk ömrümiñ hamyrmaýasy!
Şatlygymyñ, hesretimiñ eýesi,
Ýürek joşlaryma kän garaşdyñmy?
Mähriban tebigat göwnüñe garap,
Gülgün ýañaklaryñ etmändir harap,
Ir ertir, giç agşam saçlaryñ darap,
Sesim eşdilerne kän garaşdyñmy?
Saklapsyñ sagtyñy öñküsi ýaly,
Bezemek islänsiñ bir gün wysaly.
Aýralyk deñziniñ düri mysaly,
Eziz goşgularma kän garaşdyñmy?
Awtor:ITALMAZ AKMYRADOW
4 |
3 |
0 |
1 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Toba.(Hekaya)
Geliň şu hekaýadan ugur alyp biz hem eden ähli günälerimiz üçin toba geleli, Allahymyň toba gapysy kyýamat gününe çenli açykdyr...dowamy...
“Mydama çörek berjek hünär” / durmuşy tymsal
Gynandym sonuny okap. Okanyna degyan hekaya eken. Serdar aga salam bolsun!...dowamy...