Premium Belki [off] 12.04.2024 / 16:53 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Meni bagyşlama! 3
Utandym. Barybir, öwgüsi hoşuma gelipdi. Ýylgyranymy duýman galdym. Söhbetiniñ ýaraýandygyny syzyp, ykbaly hakda gürrüñ bermäge durdy. Çak edişim ýaly kyrk bir ýaşynda eken. Bir gezek öýlenip, aýrylyşypdyr. Aýaly ejesi bilen oñuşmanmyş.
- Men göwnüme göwündeş zenany tapmadym - diýdi.
Muny aýdanyndaky garaýyşy öñki garaýyşlaryndan juda parhlydy. Mähirden pürepür.
Ýene ýylgyrdym. Birdenkä-de bolup oturşymdan müýnürgedim. Kimdir biriniñ ikimizi bu ýagdaýda görmeginden howatyrlanyp, derrew töwir edip, saçagy ýygnamak bilen boldum. Merdanyñ öñündäki boşan tabaga elimi ýetirdim. Goşarymdan tutdy. Eliniñ yssysyna ýüregim jigledi. Doñup galdym. Elimi silkmelidim belki. Başarmadym. Soñuny azda-kände çaklaýan bolmagyñ mümkin. Iñ ajaýyp söýgi sözlerini gulagyma pyşyrdady. Bedenimiñ her nokadyny göýä diýersiñ çala gödek hereketinde döwüljek aýna heýkel deý emaý bilen sypap-sermedi. Özümi dünýäniñ iñ özüne çekiji, iñ elýetmez zenany ýaly duýdum. Dogrusyny aýtmak gerek bolsa, soñ-soñlaram bu ahwal şeýleligine galdy. Ol muny nädip başarýardy? Bir zenana ýanýoldaşynyñ başdan geçirdip bilmedik duýgularyny başdan geçirtmek üçin aşa yhlas edýärmidi? Ýa bu artykmaç üns talap etmezden öz-özünden bolup geçýän hadysamydy?
Şol gün ömrümde ilkinji gezek saña ikilik etdim. Müýnümi bildim emma birjigem ökünmedim. Söýülýän zenan bolmagyñ neneñsi ajaýypdygyny duýdum çünki. Bu edil paraşýutly bökmek ýalydy. Howply ýöne gyzykly.
Merdan ýanymdan gidip, öz işi bilen başagaý bolup başlanyndan soñ duýgularym hökmürowanlygyny aklyñ eline berdi. Men indi wepasyz, pes derejeli zenandym. Muny hiç kim bilmese-de, özümiñ bilmegim ýetikdi kiçelendigimi añmaga. Öz nazaryñda kiçeleniñden soñ tutuş dünýä seni beýik saýsa-da gymmaty bir köpük. Bolup biljek iñ ýaman zat bolupdy. Özüme hormatymy ýitiripdim.
Ýuwaş-ýuwaşdan aklyma aýlandym. Bir gezek boldy. Ýöne indi gaýtalanmaz. Indi gaýtalanmajagy üçinem saña aýdyp oturasy iş ýok. Hemmesini unutmaly, hiç zat bolmadyk ýaly bolubermeli diýen netijä geldim. Bar ünsümi çagalaryma, saña gönükdirdim. Seniñ şol biparhlygyñdy. Gündizleri jañ edip, süýji-süýji gepleşjek bolsam, "Beýtme-how, iş wagty zerur mesele bolmasa. Başlygym käýeýär görse"diýip al-petimden aldyñ. Men öler ýaly söýülmek isleýärdim. Mundan beter nähili zerurlyk bolup biler?!
Merdan añypdy mendäki özgerişligi. Görünjek bolup, hernäçe çytraşsa-da, "Bamysyñam" diýmeýärdim.
Ýadyña düşmegi mümkin, goñşy obadaky dostuñ gelin toýuna gidipdik. Sen dostlaryñ ulagyna münüp, gitdiñ-de maña yzyñdan hakyna tutma ulagly gelmegi tabşyrdyñ. "Gaýdyşyn bile gaýtsagam bolar-la" diýip, üstüne goşduñ. Hepdäniñ şenbe günüdigi sebäpli gyzlaram enelerine ýatymlyk gidermen bolupdylar. Men täze dikinen köýnegimi geýip, aýnada özüme mazaly serenjam berenimden soñ daşary çykdym. Henizem gaýtmadyk Merdan meni gören badyna edip oturan işini taşlady. Töweregine garanjaklady. Ylgap ýanyma gelip, sen-de ýok, men-de ýok ýañagymdan öpdi. "Sen özüñe kimdirin öýdýäñ, bihaýa?" diýip dulugyna şarpyk çaldym. Şarpyk çalan elimiñ üstünde öz elini goýdy.
- Lälezar...Lälezarym!
Adymy onuñ dilinden eşitmek neneñsi ajaýyp. Seniñ bir gezegem adymyñ yzyna menlik ýöñkemäniñ goşulmasyny goşup geplemänligiñ ýadyma düşdi. Sözüñ doly manysynda erkimiñ jylawyny Merdanyñ eline tutdurdym. Bu saña ikinji gezek ikilik edişimdi.
...Toý eşiklerimi ikilenç geýmeli boldum. Aýnanyñ öñünde saçlarymy daraýşymy synlaýan Merdan arkamdan gelip gujaklap, gulagyma pyşyrdady.
- Tutuş ömrümi şu ýagdaýda geçirmäge garşy däl.
Menem tutuş ömrümi şu ýagdaýda geçirmäge garşy däldim. Özümiñ täze, pes mertebämi tutuş durkum bilen kabul etdim. Men ýoldaşyna ikilik eden we telim ýola etjek zenan. Dogrusy, Merdan ýanymdaka bu kelläme-de gelmezdi. Haçan-da ol ýanymdan giderdi, şonda başlanardy serimiñ darkaşy. "Dowam etmeli däl" diýýän aklyma garşy duýgularymyñ sesi assa çykardy. Her gezegem aklymy makullardym. Ýaman ýeri, aýgytlylygym Merdany görenimde düw-dagyn bolardy. Erkimi yşkyñ eline bererdim.
Merdanyñ ýatakhanany gurup, seniñ bilen hakyny haklaşyp giden güni ýüregimde inçe yzany syzdym. Senden hemem töwerekdäkilerden ätiýaç etmesem barjak ýerine çenli ugradardym. Bolýan ýeriniñ salgysyny, telefon belgisini goýup gidipdi. Günüñ güni sesini eşitmesem, nämedir bir zadym ýetmeýän ýalydy. "Didaryñy görmesem kararym tutanok" diýip gaýtalardy zol-zol. Ýagdaýym ondan öwerlik däldi. Öz bolýan jaýynyñ öý eýesi barlygy sebäpli duşuşmak üçin ygtybarly ýer agtarýardyk...
... Üzümlikleriñ arasynda başymy döşünde goýup oturşyma häli-şindi töweregime ätiýaçly garaýardym. Rejäniñ geñ däldigini añan Merdan:
-Gorkma bu ýeriñ eýesi juda seýrek gelýär. Iş günlerinde-hä asyl gelenok - diýip, rahatlandyrjak bolýardy. Barybir rahatlanyp bilemokdym. Rahatlyk diýlen närsäniñ ruhumy terk edenine kän wagt bolan bolsa gerek.
Merdan bilen aramyzdaky söýgi baglanyşygy günsaýyn güýçlenýärdi. Barlygy durmuşymyñ manysy ýalydy göýä. Onuñ saýasynda tanapdym söýmegi, söýülmegi. Bir ýerde eşdipdim: Aşyk bolman dünýäden öten millionlarça ynsan bar. Aşyk bolan bolsañ bu duýgynyñ özüñe miýesser edendigine şükür etmelisiñ. Nädogrudy, ahlaksyzlykdy, ýöne barybir millionlarça adamynyñ duşundan geçen yşk maña nesip edipdi.
Dowamy bar.
131
18
5
4
0
0
0
Teswirler:
Premium Belki [off] Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin! 12.04.2024 / 16:54
+0
Sabryñyzy synaýan ýaly bõlek-büçek goýasymam gelenok welin, dolulygyna gaty uzak-da
Täzeje (12.04.2024 / 17:11)
Belki, hmm
Täzeje Tahyr(12.04.2024 / 17:20)
Belki, yzyny hacan goyjak
Täzeje Dreamfull [off] 12.04.2024 / 17:52
+0
On bir gez okanym yaly
Premium Belki(12.04.2024 / 19:11)
Dreamfull, Okansyñ
Gytyndan Aypipijik [off] Durmuş doly yenil kelleden# 12.04.2024 / 21:59
Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...