Meni bagyşlama! 4
Premium Belki [off] 14.04.2024 / 11:11 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!
Meni bagyşlama! 4
Merdan goñşy obamyzdaky işinem gutardym edeninden soñ öz dogduk mekanyna gaýdarman boldy.
- Senem meñ bilen git. Isleseñ dört gyzyñam al. Bir mydar dolarys günümizi - diýip özelendi.
Sopbaş özüm bolsam teklibini şobada kabul ederdimmikäm diýýän. Hossarlarymyzyñ öñünde mertlerçe durardym ýa-da hiç kime hiç hiç hili düşündiriş bermezden terk ederdim mesgenimi. Gyzlarymyñ barlygy erkinlik baradaky islegimi bökdedi. Enedigim baradaky hakykat ähli güýçden hatda yşkdanam rüstem gelýärdi. Meniñ özgäni söýýänligim olaryñam özi üçin başga kakany göz öñünde tutup biljekdigini añlatmaýardy ahyry. Olardan kakalaryny terk etmegini islemegim boljak zatmydyr? Ýa bolmasa, borlaryna-ýoklaryna garaman yzyma düşüräge-de, Merdanyñ ýanyna eltip, "Şu günden şeýläk şu siziñ kakañyz" diýip bilerinmi? Bu diñe özüñi bilmekden başga zat däl ahyry. Ýaramaz ýanýoldaş bolanlygym dogrudyr, ýaramaz ene bolmajagymam çynymdyr. Edil seniñ gyzlarymyz üçin oñat kaka bolşuñ ýaly, menem oñat eje bolmak üçin yhlas edýärdim, etjekdim.
Merdan dünýäme girişi kimin duýdansyz gitdi mesgenimden öz mesgenine tarap. Özi üçin urýan ýüregiñ dad-u-perýatlaryny eşitmedimi? Ýa eşitse-de biperwaý garadymy? Sowallar...Sowallar. Olardan halas bolmagy umyt edip, süýji ýatlamalaryñ gaçybatalgasyna siñip gidýärdim. Merdan bilen geçen günlerimiziñ lezzetini ýañadan duýmak üçin hyýalda şol günlere dolanýardym. Meniñ otuz alty ýaşymda, onuñ kyrk bir ýaşyndadygyna garamazdan duşuşyklarymyzda on sekiz ýaşly jahyllardan parhymyz ýokdy. Saçlarymy gyzgyn elleri bilen sypaýan söýgülimiñ ýürek urgularynyñ neneñsi batlydygyny duýardym döşüne başymy goýup. Ikimizem birek-biregi görenimizde şeýle tolgunardyk. Başgaça bolmagy boljak zat däl ýalydy. Asylam, söýginiñ ynsany juwanlaşdyrmak jadysy bar eken. Söýgä duşmazymdan owal ruhum garrap, tapdan düşen eken. Ýok, hasam aýylganç. Ruhym ölen ekeni.
Mahal-mahal oýlanýan. Belki, senem oýlansyñ. Beýle güýçli yşka mynasyp bolar ýaly Merdanyñ senden üýtgeşik boý-syratam ýokdy. Adaty, erkek kişidi. Onda näme üçin seniñ nazaryñda ol beýle naýbaşy diýýäñmi? Ol naýbaşy. Mydama-da naýbaşy bolmagyna galar. Çünki, senem, senden owal söz aýdyp, ugrumda sergezdan bolanlaram maña özümi şeýle söýülýän zenan hökmünde duýduryp bilmändiler.
Ol özünden öñ hiç kimiñ görmedik närsesini - ruhumy gördi. Zenan ruhuny görmegi diñe köñül gözi açyk erkek kişiler başarýan bolsa gerek. Galanlary üçin bolsa zenan diñe bedenden ybarat. Erkegiñ ähli ätiýaçlaryny kanagatlandyrýan beden.
Merdan gideninden soñ ruhym ýene görünmezlik donuna bürendi. Dogry, telefonda sesini eşderdim käwagtlar. Ýöne bar bolany şol. Dynuwsyz edýän jañlaryma-da iş başagaýlygy sebäpli birde jogap berse, birde berip bilmezdi. Gepleşeninde welin şo-ol mähribanlygy. Mähriban sesiniñ, datly sözleriniñ tagamyny hasam oñat duýmak üçin gözümi ýumup ony ýanymda göz öñüne getirerdim.
- Küýsediñmi meni? - diýip, jogabyny bilýän sowalyny sorardy.
- Küýsedim diýsem gelermiñ? - diýip, özüne sorag bererdim.
Şonda näler gelesiniñ gelýändigini, emma, gün-güzeranyny dolamak üçin işleýändiginiñ päsgel berýändigini aýdypdy.
- Seni dünýädäki ähli zatdan beter söýýän -diýibem üstüne goşupdy.
Gatnaşygymyz hemişe şeýle gülala-güllük dowam eder öýdýärdim. Ýalñyşan ekenim. Gözden yrak bolan göwündenem yrak bolarmyş. Ilkibadalar diñe söýgi sözlerinden ybarat bolan gepleşiklerimiz soñlugy bilen dawa-jenjellere syrykdy. Merdan her gezek bu aradaşlykdan ýadandygyny ýañzydyp, meniñ öz ýanyna gelmegimi hatda goş birikdirmegimizi haýyş edýärdi. "Menem dünýäden maşgalasyz, perzentsiz ötmeli däldirin-ä " diýip janykýardy. Onuñ ýagdaýyna añryýany bilen düşünsemem, edere alajym ýokdy. Gyzlarymy senden aýryp bilmejegim çürt-kesik. Aramyzdaky uzaga çeken dawalardan soñ gözüm gan çanagyna dönýänçä aglaýardym. Ýadyña düşýän bolsa, bir gezek işden geleniñde ahwalymy añyp: "Näme boldy? Kim göwnüñe degdi?" diýip sorapdyñ. Şonda şeýle bir begenipdim, Garýagdy. Ilkinji gezek ruhumy görüpdiñ. Men naçaryñam göwnüniñ bardygyna düşünipdiñ. Emma indi boljak iş bolupdy. Ýüregimiñ üstünde özgäñ aýak yzlary bardy.
Merdandan üç-dört gün kineli gezdim. Şonda-da sesini eşdesim gelip ölüp barýardym. Barybir özi habar tutmasa habar tutjak däldim. Şeýle günleriñ birinde joram Dursun geldi myhmançylyga. Bilýänsiñ, şol wagtlar adamsy bilen goşuny aýranyna bir ýyl-a bolan bolmaly. Merdan ikimiziñ aramyzdaky söýgiden diñe onuñ habary bardy. Käteler müýnürgäp, käte-de joşup-joşup gürrüñ bererdim oña Merdan hakda. Aýtmanam bilerdim. Ýöne meniñem kimdir birine içimi dökesim, kimdir biri bilen dertleşesim gelýärdi. Şol günem Merdan bilen dawalaşanlygymyz hakda gürrüñ berdim aglaýjak-aglaýjak halda. Ilki sesini çykarmady. Esli salym oýa batanyndan soñ "Wah-eý ol-a bolmandyr" diýdi. Göwnüme, ahwalyma begenip, ýüzündäki ýylgyrşy gizlejek bolýan ýalydy. Ýüregimde şübhe döredi. Daşa çykaryna mähetdel el telefonyny dörjelemäge durdum. Saña ýalan, maña çyn, hut öñ ýanynda gije gepleşilen belgileriñ arasynda Merdanyñ belgisi durdy. Bir sagat gowrak gepleşipdirler.
Ondanam beteri birgiden sms-ler bardy tanyş belgi bilen Dursun tarapyndan ýazyşylan. Maña ugradylýan sms-lerden känbir parhlam däldi olar. Küýseýändigi, söýýändigi hakda ýazypdyr Merdan.
Ynan, Garýagdy, endamyma müñlerçe iññe sünçselerem şol pursatky yzamdan asgyn gelerdi yzasy. Gözüm garañkyrap, ýykylaryn öýdüpdim. Tä Dursun hoşlaşyp gidýänçä şol halda otyrdym.
Dursun gidip, özümi mazaly dürsänimden soñ hasap soramak üçin Merdana jañ etdim.
- Mensiz oñup bilmejegiñi bilýärdim - diýdi oñly salamlaşyp salamlaşmankak.
- Howwa, seniñ Dursunsyz oñup bilmeýşiñ ýaly - diýdim. Sesimiñ sandyramagyny saklap bilemokdym. Merdanyñam allaniçigsi bolandygyny sesinden añmak bolýardy.
- Nireden eşitdiñ muny? Dursun aýtdy gerek? Oña ynanýan dälsiñ-ä. Ikimize göriplik edýär.
Ikisiniñ arasyndaky ýazyşmalary okandygymy aýtdym. Dymdy. Sähel salymdan naýynjar görnüşe geçdi.
- Bagyşla, ýöne meniñ señ bilen hiç hili geljegim bolmazdy bu bolşuña. Sen adamyñdan geçip bileñok. Dursun bilen welin...
Dyñzap gelen gaharym sözüni dowam etmegine ýol bermedi.
- Dursunyñ başy boş-da, şoñ üçinem isleseñ oña öýlenibem bilersiñ, şeýlemi?
- Bagyşla...
Dowamy bar.
Teswirler:
Gytyndan Turkmenskaia [off] Durmuş doly yenil kelleden# 14.04.2024 / 14:25+0 Täzeje Dreamfull [off] 15.04.2024 / 10:36+0Halayan yazgylamdan like
Soňky teswirler
At yazmak
Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...
dowamy...At yazmak
Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...
dowamy...