Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yylgyran wagtym gamlanmagyma sebäp bollylar, gamlanamda yylgyrtmak üçin hiç kim yokdy:/
Ýaşlyk dramasy
Betinden rexha [off] 14.04.2024 / 19:04 Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
Gaňňalyň oýunda Tejende galdy.
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň
Okgeçmez ýylgynlaň içinde galdy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Bir ýandan uruşdy, bir ýandan hasrat
Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat
Şol ýowuz ýyllara gelipdi gabat
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Däriler ýanýardy ys köpelýärdi
Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi
Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi
Meniň ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyň
Söýüşmek düşmejek ýalydy ýada
Emma "söýgi" diýen jadyly zada
Höküm etmez eken hiç hili kada
Heniz ýigit wagtyň, heniz gyz wagtyň
Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan
Ähli boýdaşlaryň başlary boglan"
Sen diýerdiň: "Garrap barýamyň oglan
Äwmäň öz wagty bar, sabryň öz wagty"
Boýnuňdan gelerdi jeňňeliň ysy
Goýnuňdan urardy tümmüliň ysy
Demiňden kükärdi müň gülüň ysy
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň
Kem-kemden golaýlap lebiňe lebim
Çabrap başlanda demiňe demim
Näz bilen iterdiň: "Hany edebiň?
Söýgi bulaşmazmy, edep az wagty"
Oňuşmaly bordum saçlaryň ysgap
Leb gadagan wagty olam bir hasap
Ýöne beýle hasap düşmezdi aňsat
Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyň
Çykarmy ýadymdan şol täsin pursat
Çykjak bolaýsada bermen rugsat
Gursagmyň üstünde gürsüldäp gursak
Keteniň içinde gyzyl köz wagtyň
Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi şeýle
Ýaňjada guşlukdy, bolupdyr öýle
Sen diýdiň: "Pylanjan, gaýdaly öýe
Ýigidiň öz wagty bar, gyzyň öz wagty"
Şo mahal ýokardan geldi bir owaz
Seretsem, toraňňy urup dur perwaz:
"Aşyklar, ýenede sabyr ediň biraz
Görmändim, saýamyň beýle ýaz wagtyn"
Derýada seslendi: "Etmäň ätiýaç
Size kast etjege taparyn alaç
Siziň kimin birek-birege mätäç
Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym"
Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt
Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt
Ýöne welin gyşa galaýma ýigit
Miwe ýetişdimi, ýygna güýz wagty"
Tokaý bürgüdinden alyp ak pata
Gyşa galmazlygy edipdik wada
Ýa, sen sada bolduň, ýada men sada
Birden tupan gopdy, dünýäň ýaz wagty
Bilmedim nämäniň hesiri boldy
Eneň bir sawçynyň ýesiri boldy
Şeýtdi-de özgäniň nesibi boldy
Meniň ýigit wagtym seniň gyz wagtyň
Atdylar maşyna ses etdiň aglap
Topuldym, çekdiler golumdan towlap
Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap
Gök kürtelem bolsaň, heniz gyz wagtyň
Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul
Üç gujak örüm saç, on gujak akyl
Şunça hazynany bir kürtä bukup
Ýitdiň gözlerimden daňyň saz wagty
Dogry, aý ýarymdan dolandyň sen soň
Öň meňkidiň welin, meňki däl onsoň
Şonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsaň
Hemä meniň bagtym, hemem öz bagtyň"
Şobada ýüzüňde göründi ünji
Gözleriňden gaçdy üç sany hünji
Soň gaçdy dördünji, onsoň bäşinji
Şonda iň mert wagtym, iň ejiz wagtyň
Içerde otursam ýüregim gysýar
Daşa çyksam, asman depämden basýar
Şol goşgyň henizem bagrymy kesýär
Tas şahyr bolupdyň, çuwal gyz wagtyň
Tas şahyr bolupdyň, borduňam belkem
Şahyrlyk, ýangyndan başlanýan eken
Ýene gaýdyp gitdiň sowaşdym kem-kem
Şonda-da kuwwat sen, her ýalňyz wagtym
Kim bolsada saňa sataşan kişi
Çagalaň bagtyna sag bolsun başy
Ýöne seň başyňa salaýsa gyşy
Gijä öwrülmezmi, oň gündiz wagty
Çümdürse eliňe ýekeje tiken
Şol tiken müň bolup bagryma çöker
Şygryma düşüner yşk ýükün çeken
Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn
Ýene şuny bilsin ol bagtly oglan:
Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz
Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar
Onda-da säheriň iň tämiz wagty
Arada aýlandym Tejen ýerlerine
Ýaşlyk ýyllarymyzyň geçen ýerlerine
Seredip gözýaşyň seçen ýerleriňe
Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym
Gaňňalyda otyr öňki ýerinde
Toraňňyda otyr öňki ýerinde
Şol derýada ýatyr öňki ýerinde
Bir tapmadyk zadym öňki ýerinden
Meniň ýigit wagtym, seniň gyz wagtyň...
Kerim Gurbannepesow
Teswirler:
Gytyndan Turkmenskaia [off] Durmuş doly yenil kelleden# 14.04.2024 / 23:42+0
Öwreniji zveezda [off] Gowy boljak bol. Dünýäde erbet adam şeýlede az däl 15.04.2024 / 00:27+0Ussat diysen ussatda
Täzeje Baytakur [off] Durmuşda! Garañkylykdan soñ yalpydap günem çyk 15.04.2024 / 10:05+0Shu vagtky Kerim Hally
Moledes sozim yoklay bu shahyrlara
Shyrlarmyza shohrat dirika bilelin gadyryn
Galamyn uju yiti bolsun Kerim Hally
Betindenrexha (15.04.2024 / 10:24) Baytakur, Nämäň Kerim Hallysy.Ýazan o däla
Özümiziňkihalmyradov (15.04.2024 / 10:26) Baytakur, Kerim Gurbanneprsinki goşgy
TäzejeBaytakur (15.04.2024 / 10:46) halmyradov, Bilyan dos ýone Kerim Gurbannepesovy
Shu vagtky Kerim Halla menzetyan diyyan goshgularny
TäzejeBaytakur (15.04.2024 / 10:47) rexha, Atdashyna menzetyan diyyan goshularny halypa
Kerim Gurbannepesovy
Betindenrexha (15.04.2024 / 10:47) Baytakur, ha bo
Täzeje Tapylarla [off] 15.04.2024 / 10:41+0Galan 7nem yazda
TäzejeMadmazel (15.04.2024 / 19:30) Tapylarla, hm yazar yazar
TäzejeTapylarla (15.04.2024 / 20:39) Madmazel, ozine yazlan zatlara jg berman basga zatlara yazyanamay ha. Henizem blokda mn ha mn bolsa uzak gije aglap pikirlenp ckdm aklma eye boljak bolp. Agysyna galmayn gunasine galmayn dip weli mn pohha sana solara jg berman asyr nm etdika dip cady çòwirip munkirlik gozleyan ha ondada mn munkir ha mn tohmetci seylemi bibi. Ya sona erwet zay yazlypdrmy gowy goryan gosgym pasty durmusumam sona owrilip barya dip yazdym weli sen ozine dal ile yazlan zatlar ucin jg beryan ha
TäzejeMadmazel (15.04.2024 / 21:18) Tapylarla, doyurduň samsyk gurrunlen bn
TäzejeTapylarla (15.04.2024 / 21:21) Madmazel, doydun ha
TäzejeTapylarla (15.04.2024 / 21:26) Madmazel, bor bibi mn dusinsjek bolamda her gezek seytyan borlay mn 1 samsyk bor sagbol
TäzejeMadmazel (15.04.2024 / 21:30) Tapylarla, doyamok asyr doyamok ayt soragyň nm
TäzejeTapylarla (15.04.2024 / 21:30) Madmazel, nor bol onda bibi bomy
TäzejeMadmazel (15.04.2024 / 21:31) Tapylarla, bor
TäzejeTapylarla (15.04.2024 / 21:31) Madmazel, sana 5 6 sany soraglam ba lij acsana
Täzeje Dreamfull [off] 15.04.2024 / 10:43+0Batur Muhammedowyn aydany gowy su aydymda edil yerne dushupdirda
TäzejeBaytakur (15.04.2024 / 10:49) Dreamfull, shon bn galda Batyr Muhammedov
Biz yashkak maryda shu aydym aydyp bilmeseler toydan kovardylar bagshylary sho derejede moda bolda
Täzeje (15.04.2024 / 10:51) Baytakur, dogrydyr.Mardaha modady her toyda aydylyam aydymdy oza su
TäzejeBaytakur (15.04.2024 / 10:53) Dreamfull, govam cykardy yone bilyadim 
Täzeje (15.04.2024 / 10:53) [c][/c]Baytakur
Gerekli I_miss_you [off] Sylag hemme kişä,söýgi laýyk bolana!!! 15.04.2024 / 19:56+0Gynançly, okanymda göz öňüme geldi bolan wakalar. Gaty gowy! Duygulandym
Täzeje BiReYsEl [off] Only forward to my dreams 02.06.2024 / 15:50+1
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...
Ýokaryk