Ýürekdeş sözler!
Eý, türkmen nirelerde ygyp ýörüň
Mishel [off]
Şugün, 21:09
Türkmen mentaliteti barada söz açmak üçin ilki bilen türkmen milleti barada bilmeli. Türkmeniň taryhyny, edebiýatyny, pelsepesini, däp-dessuryny öwrenmeli. Dini düşünjeleri hem yzda galmaly däl. Ep-esli wagt öwreneniňden soň göz öňüne türkmen halkynyň giň we güýçli milletdigi aýyl-saýyl bolup başlaýar.
Öwmek we öwünmek meniň endigim däl. Bu ýerde men türkmen milleti barada hakykaty ýazýan wagymda siziň göwnüňize men bu milleti çendenaşa öwýän ýaly bolup görünmegim mümkin.
Türkmen halky örän gadymy halk. Şuny ýatda saklaň. Gadymy türkmenler bilen bile dörän halklar dürli sebäpler arkaly ýok bolup gitdi. Emma gadymy türkmenler ýok bolup gitmändir. Gaýta türkmenler bir topar tire-taýpalary döreden halk. Bu tire-taýpalar esasy türkmen milletinden bölünip çykyp ýer ýüzüne ýaýrap gidip bir topar özbaşdak milletleri emele getiren.
Ýöne bu milletler häzirki döwürde özleriniň türkmen tirelerinden gelip çykandygyny boýun alasy gelmeýär. Mysal üçin gazaklar özlerini mongollardan gelip çykan hasaplaýarlar emma mongollar haýsy halkdan gelip çykan diýip yzyny dowam etseň onda mongollar gadymy oguzlardan ýagny türkmenlerden gelip çykan.
Dogry türkleriň käbirleri boýun alýalar. Biz türkmenleriň kaýy tiresinden gelip çykan diýip. Goňşy halk bolan özbekler kimlerden gelip çykan. Elbetde türkmenlerden. Emma olar biz türkmenlerden gelip çykan diýmäni özlerine kiçilik bilýäler.
Şeýleikde, hemmesini dogrylap aýytsam ýer ýüzüniň ähli milleti türkmen milletiniň gadymy tire-taýpalary. Ýöne olary mejburlamak gerek däl. Göý, özbaşdak millet bolup ýaşabersinler. Bize azary degmese bolany.
Bir zatdan okadym. Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherini hem türkmeniň kaýy tiresi esaslandyran. Sözleriň dogry gelişine seret. Ilkinji Moskwany hem türkmenler guran. Esen atly türkmeniň ady tutylýar Moskwanyň fundamentini gurmakda.
Bir gezek bir ullakan märekede otyran türkmenleriň ýüzüne seredip olaryň kime meňzeşdigini yzarladym. Özleriene bildirmän. Türkmenleriň ýüzlerinde ýer ýüzüniň ähli milletiniň ýüz keşbi bar. Haýran galyp otyrdym. Bu ýerde arap ýüzli hem bar, iňlis ýüzli hem bar, negr keşpli türkmen hem bar.
Türkmen aýal-gyzlarynyň ýüş keşbi rus aýal-gyzarynyň ýüz keşbine örän meňzeş. Gök gözli türkmen, sary saçly türkmen, garapereň türkmen.Loppuş ýüzli türkmen, inçe ýüz türkmen, goşa kelle türkmen. Eginlek türkmen, inçesagat türkmen. Abşanaklap ýöreýän türkmen. Ermenä meňzeş türkmen. Dawaçyl türkmen. Dawadan gaçýan türkmen.
Türkmen milleti hemme ýurtda bar. Türkmeniň iň gowy görýän käri hemme ýerde araçy bolmak ýagny dellalyk etmek.
Türkmen milleti baý ýaşamany gowy görýär we baýlygyny halka toýda, sadakada eçilip özleriniň mertebesini galdyrmaga synanýarlar. Türkmen atalary gyz çagany oglan perentden yzda goýanok.. Meniň özüm hem gyz çagany gowy görýärin. Aýratnam enesiniň gujagynda otyran gyz çaga hemme zatdan ajaýyp.
Gadymy alymlaryň hemmesi türkmenler barada ýazanlar. Türkmene gyzyganlar. Türkmenler diňlemäni gowy görýärler. Aýdymy, sazy, gürrüňi, dessany.
Türkmen milleti Allany hem gowy görýär.
Türkmenler hemişede basybalyjy halk bolan. Emma türkmenleriň basybalyjylygynda adalat diýen düşünje ýatan. Türkmenler azan ýurtlary ýoklan. Dinden ýüz öwüren, açgözlik we gopbamsylyk edip ejiz halklaryň üstüne çozan döwletleri türkmenler togtadan. Mysal üçin haçparazlary ýoklap yslam dinini ýok bolup gitmekden alyp galan. Mongollar hem türkmen tire-taýpalary. Olar gündogardan gelip häzirki Türkmenistanyň territoriasynda ýaşaýan türkmenleriň üstüne çozýalar. Bu ullakan gyrlyşyk we weýrançylyk bilen gutarýar. Iň soňunda Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan türkmenler mongollary ýoklaýarlar.
On dokuzynjy asyryrda Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşaýan türkmenler ruslary öz üstlerinden ruslary Hindistana geçirmeýäler. Näme üçin. Sebäbi türkmenler Hindistany gowy görýärler. Eýran döwletini basyp almakda Rus döwleti türkmenlerden peýdalanan.
Türkmenler rus goşunyň düzüminde Napoleony Rossiýadan kowyp çykarmaklyga gatnaşýar. Borodino söweşini oka.
Göktürkmenler Hytaýy basyp alýarlar. Seljuk türkmenleri Ýaponiýadan Ispaniýa çenli bolan aralykda döwlet gurýarlar. Mamluklar Ýegipetde şalyk döredýär. Togtamyş han Polşada han bolup duran we onuň hanlygyna rus döwletihem giren. Togtamyş türkmen tiresinden bolan. Gajar türkmenleri Eýrany soran. Siriýa we Yrak türkmenlerini ýatdan çykarma. Aleksandr Makedonskiý hem türkmen tiresinden. Demirgazykda ýaşaýan hanty-manty, ýakutlar tuwa, burýatlar, çuwaşlar hem türki tirelerden.
Ruslaryň ganynda hem türkmenleriň belli bir prosenti bar. Ýöne ruslara ýokmaýar. Özlerini türkmenlerden gelip çykdy diýmek. Franklar hem gadymy Oguz hanyň goşunyndan bölünip galan hasaplanýar Ewropada.
Şunça millet elbetde öz mentalitetini döredýär. Bu mentalitetden türkmenlerde agzybirlik hemme zatdan ýokary durýar. Ejize ganym bolmazlyk türkmen mentaliteinde öz ornuna eýe. Açgöz bolmazlyk, Alladan gaçmaklyk türkmene dogry gelmeýär. Türkmenler ylyma- bilime we hünäre üns bermeli.
Her bir dörän türkmen döwleti adamzady azmakdan goran we olary biziň döwrümize çenli alyp gelen sag-aman.
10 |
5 |
2 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
TäzejeVandenes [off]
Şugün, 22:01
+0
Şu türkmenleñ daş keşpiniñ tipi barada köp pikirlenýän menem. Bellibir tipe degişli däl biziñ halkymyz näme diýseñem. Ýewropoid diýseñ doly ol däl, mongoloid diýseñ o däl, negroid woşşe däl. Oñ muñ ýanynda gürrüñ açsañam düýpli türkmen ýok sebäbi ol bul uruşlar göçhä göçlik sebäpli garyşyp giden (tohum, gödegem bolsa), ýa ýewropoide degişli koneçno diýýäler. Garaýagyzlaram köp latynamerikanlara çalymdaş. Garaz hümmm edýände goýýan. Doly dörünip añyrsyna çykdym diýibem biljek däl. Her dürli garaýyş bar taryhdada başym çaşýa soñ.
TäzejeVandenes [off]
Şugün, 22:05
+0
Ýakynyñ diýip duranyñ hakyky gökdepeli ýok diýip dur, nämemişin Gökdepe söweşinde bary gyrlypdyr, bumatkylar rus gatyşykmyşyn
Soňky teswirler
Eý, türkmen nirelerde ygyp ýörüň
Ýakynyñ diýip duranyñ hakyky gökdepeli ýok diýip dur, nämemişin Gökdepe söweşinde bary gyrlypdyr, bumatkylar rus gatyşykmyşyn...dowamy...
Eý, türkmen nirelerde ygyp ýörüň
Şu türkmenleñ daş keşpiniñ tipi barada köp pikirlenýän menem. Bellibir tipe degişli däl biziñ halkymyz näme diýseñem. Ýewropoid diýseñ doly ol dä...dowamy...
Şähermi ýa-da oba
Şäherli bolsamam, obany gowy görýän. Ýokardaky aýdylşy ýaly uly howly, towuk-towşan bolsa, ekinjagaz ekseň. Daş-töwerege gül ekişdirseň, bag-bakj...dowamy...
Jenap muggallym men aýdyp bereýin sapagy
Wöäh... Bundan çykdy diýsene! Borla, sen maňa şu garamaýak sözüniň manysyny aýdyp ber....dowamy...
Jenap muggallym men aýdyp bereýin sapagy
Diskussiýa hemişede gidip dur. Sen habarsyz galýansyň. Mümkin. Ýöne hemişe bolsa birde bolmasa birde göräýmeli. Gowy eken, ýetirip dur manysynda...dowamy...
Syrly älem
Kagyz pul: Pullar hakyky kagyzyň aksine, agaçdan däl-de pagta we zygyr matasyndan ýasalýar. Aksine sözüni intäk türkmen diline goşanoklar...dowamy...
...