Ýürekdeş sözler!
boshver : Ýeri men òzgàni sòýemde nàme? Oñ ýeriñde señ keşbiñi gòrsem.. Tàze pursatlara ynanyp bilmàn, kòne duýgulara allanyp ýòrsem.. Ýùregim iki dàl emma hakykat òzge bilen bagtly diýmànem bilmen. Señ màhriñi ýene duýmaklyk ùçin, howwa-a-a.. Men òzgàni sòýmànem bilmen..
Käte şeýle bolýar ,,men erkek
Premium
Burning [off] 19.04.2024 / 02:21
Käte şeýle bolýar,,men erkek" diýip,
Gynanjyň gözýaşyn gizlejek bolýaň.
Ýürek gyýylsada eýýäm gan öýüp,
Şonda-da mertlerçe sözlejek bolýaň.
Emma başaraňok,bokurdak dolup,
Damagyňdan bir ses çykmajak ýaly.
Özüňi saklajak bolýaň,zor salyp,
Şeýtseň gözde ýaşyñ akmajak ýaly.
Sessiz aglamaklyk,gör niçik agyr,
Dem almak kynlaşýar,öýken gysylýar,
Ýürek paralanýar,dilinýär bagyr,
Belki ömrüňden hem ýyllar kesilýär.
Naçarlar aglaýa,goý aglasynlar,
Ýürekleri giňär,dertleri ýeňlär.
Olar erkeklere bil baglasynlar,
Aýralyk derdini,aglamak ýeňýär!
Ýaradan,meň senden bir dilegim bar,
Diýýärler,erkekler aglamaýarlar.
Ýöne sen aglatma hiç bir aýaly,
Erkek adamlaryň aglaýşy yaly.
Teswirler:
Özümiziňki Unknown_ [off] 19.04.2024 / 05:01+1Awtory : Azat Nurgeldiýew.
Premium
PeRMaN (19.04.2024 / 08:02) Unknown_, bilemokdum, sag boluñ
Betinden rexha [off] Грусть — это цена, которую мы платим за любовь 19.04.2024 / 06:42+1Ýöne sen aglatma hiç bir aýaly,
Erkek adamlaryň aglaýşy yaly.

Täzeje Dreamfull [off] 20.04.2024 / 07:04+0Gosgy br hekayany gurrun beryar...
Gytyndan Turkmenskaia [off] Durmuş doly yenil kelleden# 21.04.2024 / 16:15+0
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...
Ýokaryk