Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Sadece işi düşünce gelene, dost mu deniyordu? Puşt mu deniyordu? Hoşt mu deniyordu?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Durmuş näme?
 Öwreniji
 ***** [4m]
 19.04.2024 / 07:53

Durmuş näme? Durmuşyň manysy näme? Bu soraglara birnäçe gezek we birnäçe ýerde duşansyňyz.

Elbetde bu soraglary bütin ömrüne ýoldaş edip ýörenlerem bardyr, onçasyny bilemok. Ýöne, hakykatdanam durmuş näme? Durmuşyň manysy näme? Ýaşamakmy, gülmekmi, gezmekmi, iýmekmi, söýmekmi, söýülmekmi, futbol oýnamakmy, kitap okamakmy, öz islän zadyňy islän wagtyň edip bilmekmi? Ýa-da bu gün diriligiňe şükür edip gezmekmi, her gün irden täze dogýan güne salam bermekmi, daş-töweregiňdäkiler üçin näme-de bolsa bir peýdaly işler etmekmi?!
Biz adamlaryň arasynda köp duş gelýän bir-iki sany sözlerimiz bar: ''Muňa durmuş diýerler..'' we ''Ine, durmuşyň manysy!'' diýen ýalyrak sözler. Men şu gün durmuş diýen söze, onuň manysyna düşünmek isledim. Elbetde, her kimiň durmuşy dürli-dürli, her kimiň durmuşa bolan garaýşy hem dürli-dürli. Durmuşam söýgi ýaly belli bir kesgitlemesi bolmadyk bir zat öýdýän. Ýöne, durmuşyň manysyna welin her kim özüçe düşünýär. Durmuşyň manysy biri üçin pul, biri üçin bagtly durmuş, biri üçin ähli eden arzuwlarynyň hasyl bolmagy, biri üçin söýýän gyzy/oglany, başga biri üçin ýene birzat, ýene biri üçin başga bir zat.. umuman şeýleräk. Belki men ýalňyşýandyryn.
Durmuş diýen söze meniň özüm şeýleräk düşünýän: Durmuş - dogulmakdan ölmege çenli aralykda näme boljagy hiç belli bolmadyk, uzak bir çylşyrymly ýol. Durmuşyň manysy bolsa, şol geçilen ''Durmuş'' atly ýolda, näme bolsa-da Ynsanlyk derejäňi duýup ýaşamaklyk, söýen adamlaryň elmydama ýanyňda bolmaklygy we daş-töweregiňdäkileriň seni azajygam bolsa ýagşylykda ýatlamagy diýip düşünýän. Elbetde, bu ýazanlarym siziň pikiriňiz bilen deň gelmez. Sebäbi ýokarda-da belleşim ýaly durmuşa, onuň manysyna her kim özüçe düşünýär.
Ýönekeýje mysal: Durmuşy teatr, özüňizi şol teatryň artisti diýip gözöňüňize getiriň. Artist teatrde sahna çykýar, dürli keşpleri janlandyrýar. Eger-de şol artist teatryň sahnasynda öz ýerine ýetirýän keşbini tomaşaçylardan ýokary baha alar ýaly derejede ýürekden janlandyrmagy başarsa, onda ol artist tomaşaçylaryň aňynda aýlap, ýyllap ýaşaýar. Dogrumy? Ine, durmuş, durmuşyň manysy hem edil şular ýaly. Adam ''Durmuş'' diýen uly bir teatryň ''sahnasyna'' çykýar. Uzak ýyllaryň dowamynda (ýagny, doglandan tä ölýänçä) birnäçe kynçylykly ýollar bilen göreşýär. Adam durmuşda birnäçe ''keşpler'' janlandyrýar. Şol janlandyran ''keşpleri'' bolsa, daş töweregindäkilerden näçe köp ýokary baha alar ýaly derejede bolsa, ana şonça-da adamlaryň aňynda uzak wagtlap, aýlap, ýyllap ýaşaýar. Ýagny, edil ýokardaky artist ýaly. Diýjek bolýanym, ýaşaňda ýagşylykda ýatlanyp ýaşamagyň özi hem belli bir derejede durmuşyň manysyny artdyrýaryp bilýär. Elbetde, durmuşyň manysyna herkim özüçe düşünensoň bu ýazanym bilen hem ylalaşman bilersiňiz.


148

14

3

5

2

0

1
Teswirler:
 Premium
 Burning [off]
  Yes-No
 19.04.2024 / 08:15

+1

Durmuş: ynsanlyk wezipäñi hemde ündelen amallaryñ doly we dogry ýerine ýetirmäne berilen gysgajyk wagt!

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 19.04.2024 / 14:36

+0

Heniz türkmençe ýazyp bilmän, tankyda çydaman, "bor-bor goýaý" diýip jogap berip bilmän, jogap berdigiçe has manysyzlaşan, özüni ýekeje-de kämilleşdirmedik agzysary gyzjagazyň "durmuş we durmuşyň manysy" barada mowzuk açmagy ýaly ironiki zat ýok.)


Täzeje
 (19.04.2024 / 14:44) 

Muawiye, Ироники Созе душуншинизем "Афтортет" дп язшыныз ялы болжак болса .. Энтек окувы гутармадык чаганын Устинден Басмага Мумкинчилик берярмика?


Özümiziňki
Muawiye  (19.04.2024 / 14:52) 

Мерет, Optimist (!) Meret, seniň boş sözleriň manysyny mundan 1 hepde ozal ýaly bir mowzukda uzyn edip düşündiripdim, jogabymy bilesiň gelýän bolsa git şol mowzugy tap, oka.


Täzeje
 (19.04.2024 / 15:02) 

Muawiye, Эгер Мана пикирни беян этмек ислесен Оз салгыма гелер ялы эдип айтмалы,, Мм бах озинизин бир затдан башы чыкяна мензанизок, Бош акыллы гуррун язяныз.. Догрыдыр Биз Ылымын анырсына етдик дийип билмерис... Сиз Филологмы? Я эдебиятчы Танкытчымы .. Белки озинизи танышдырын!
догры Туркменчилик Оне сурярниз Мен бегенян гаты говы Берекелла! Йоне Наме учин никине башга миллетие Адыны гоййан?


Täzeje
 (19.04.2024 / 15:03) 

Muawiye, Нике гоймага Туркмен ат тапылмадымыка?


Täzeje
 (19.04.2024 / 15:11) 

Muawiye, Сиз бн Ислендик вагт ислендик темада пикир Алышмага Тайындырыс... догры айтяныз биз бошдурус.. йоне сиз долы болсаныз Субут эдин Бизем Сизден овренжек боларыс?


Özümiziňki
Muawiye  (19.04.2024 / 15:23) 

Мерет, Beýbä milletparazçylyk edýän bir adam bilen gürleşýänmi men şuwagt? Başga milletiň adymy? Türkmen dilindäki atlaryň aglabasy haýsy dile degişli eý sowatsyz, emma sowatly görünmäge synanyşýan adam? Şeýle-de nigiň bu ýerde we meniň aýdýanlarym bilen näme dahyly bar? Bular ýaly pes gözýetimiň bilen maňa "pylan et" diýme gaýrat et. Gaýdybam maňa ýazma, sebäbi milletparaz, jynsparaz adamlary itden beter ýigrenýärin.


Täzeje
 (19.04.2024 / 15:27) 

Muawiye, сен бирнин мовзугны хапаламажа пикире гечсене?

 Gytyndan
 Turkmenskaia [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 21.04.2024 / 16:14

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Berdi bilen barjak diyyami...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:56)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Watjik (Şugün, 12:55)

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика