SÖÝGI – GUDRAT (hekaýa)
Premium BAYOGUL [off] 19.04.2024 / 09:14 Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
Aýjereniň giň dünýäsi daralyp, näderini bilenokdy. Näçe günden bäri göz monjugy ýaly oguljygy Meýlisjigiň aglap-eňräp ýatyşy, lukmanlar tarapyndan edilýän emleriň hiç hili täsir etmeýşi Aýjerene hiç ynjalyk berenokdy. Ilkibada etrap hassahanasyna ýüz tutan Aýjeren, soňra paýtagtdaky merkezi hassahana maňlaýyny diredi. Bu ýerde lukmanlaryň eden emleri, bejergileri netijesinde Meýlisjigiň aglamasy galdy, gyzgyny hem kadalaşdy. Ýöne…
Ýöne, lukmanyň aýtmagyna görä, Meýlisjigiň kesel taryhy öwrenilip, barlaglaryň netijeleri anyklanylanda, onuň keseli degna (nerw) ulgamy bilen bagly bolup, çep eliniň we çep aýagynyň hereketiniň çäklidigi anyklanyldy. Bu ýagdaý Aýjereni gaýtadan oda saldy. Ol:
-Näme, lukman, indi meniň oglum ýöremezmi, ýatakesel bolup galybermelimi? Köpi gören lukman:
-Entek anyk bir zat aýdyp biljek däl. Gerekli dermanlary wagtly-wagtynda alsaňyz, tok massažyny, el bilen owkalamak, nerw damarlaryna gyzyl iňňe oturtmak ýaly bejergileri her üç aýdan yzygiderli berseňiz, gowulaşyp, aýaga galyp gider. Entek bu gaty kiçijegä, ýaňy iki ýaşyny doldurypdyr. Bedeniň ösüşini, çaganyň nerw ulgamynyň işjeňligini kadalaşdyrsak, hemmesi gül ýaly bolup gider – diýip jogap berdi.
Dogrusy, Aýjeren şol wagt lukmana sagbol aýtdymy ýa-da başga bir zat diýdimi, onçasyny özem bilenok. Bir gorse, Meýlisjigi göterip, el bilen owkalap bejergi berýän lukmanyň otagynyň agzynda dur.
Kelteräk boýly, ýüzi gülüp duran owkalama bejergisini berýän lukman Keýik Döwletowa Aýjereniň halyny soraman bildi. Çünki ol näçe ýylyň içidir beýle-beýle ýagdaýlaryň ençemesiniň şaýady bolupdy ahyry. Ol öz işini ilkinji emi-süýji sözi bilen başlady:
-Weý-weý, bu nähili bolus, şular ýaly owadan oglanjygyň ejesiniň gaýga batyp durşuna näme diýjek! Hiç zady alada etme, entek görmedik ýaly bolarsyňyz. Keýik gelnejesiniň bejergi beren çagalarynyň hemmesi hem edil keýik owlajygy ýaly dikgirdäpjik gidiberer. Esasy zat çaga bar yhlasyňy, söýgiňi, mähriňi siňdirmeli. Çünki munuň ýaly-da ähli zat mähir-muhabbete, çaga bolan söýgiňe bagly bolýar. Hany, ber bäri, goç ýigidi bir sypalap bereýin – diýip, Aýjereniň elinden Meýlisjigi aldy-da, eşiklerini çykaryp, öňündäki stoluň üstünde arkan ýatyrdy. Soňra eline nähilidir bir çalgy ýagyny çalyp:
– Bismilla, meniň elim däl, Lukman Hekimiň eli diýip – işe girişdi.
Keýik lukmanyň alçaklygyna, süýji sözüne birneme ýüregi giňän ýaly bolan Aýjeren şu ýerde bir täsin wakanyň şaýady boldy. Elini-aýagyny elläniňde aglamaga başlaýan Meýlisjik Keýik lukmanyň eli degende aglamady. Gaýta, mylaýym elleriň ýakymly täsirine öňküsindenem rahatlanmaga başlady. Keýik lukman bolsa hiç zada üns bermän Meýlisiň ellerini, aýajyklaryny, arkalaryny, boýunlaryny owkalaýardy. Ahyry lukman öz işini birkemsiz boldum edeninde, Aýjeren gözlerine ynanmady. Aňsat-aňsat uklamaýan Meýlisjik süýji uka gidipdir. Keýik lukman ýuwaşjadan “Çagany ýatýan otagyňa alyp gidip, ýatyr” diýip pyşyrdady. El bilen owkalamadan soňra, Meýlisjik iki sagada golaý rahat uklady. Bu boluşa Aýjeren ýene-de biraz rahatlandy.
On günlük bejerginiň gutarmagyna bir gün galanda, Aýjeren Keýik lukman bilen duşuşdy. Keýik lukman iş wagtyny tamamlap gaýtmakçy bolup durdy. Ol açyk gapynyň daş ýüzünde duran Aýjereni görüp:
-Geliň, geliň, näme hyzmat? – diýdi. Aýjeren girip oturansoň:
-Lukman, bagyşlaň, wagtyňyzam alýan. Eger-de mümkin bolsa birki agyz gürrüňim bardy.
-Aýdyberiň, çekinmäň.
-Aýtsam, lukman, men şu ogul zerarly gaty howatyrda. Size bolsa onuň keseli barada ähli zat aýan. Size ýüregimi açaýyn diýdim. Sebäbini özüm hem bilemok, belki, meniň göwnüme bolmagam ahmal. Ýöne şu siziň ýanyňyza gelenimde, ýüregimde birhili ynam, umyt döreýär, Meýlis janam rahatlanyp, süýji uka gidýär. Siz gizlemän aýdyň, maňa diňe siz teselli berip bilersiňiz. Oguljygym ýöräp gidermi. Ýa-da….
Aýjereniň bu sözlerini eşiden Keýik lukman özüniň öýüne howlukýandygyny hem unutdy.
-Siziň diýýäniňiz näme, ogluňyz hökman ýörär. Ynha, ertir obaňyza gaýdýaňyz. Ol ýerde Keýik lukman ýok. Emma çagasyny jandan söýýän, bagryndan önen balasy üçin ähli zada taýyn bolup duran ejesi bar. Men size özüm tabşyraýyn diýip durdum. Obaňyza baransoňam owkalamany özüňiz dowam ediň. Çünki siziň öz eliňiz-enäniň eli ogluňyz üçin gaty täsirli güýçli em. Özem bejergä başlamankaňyz, künji ýagyny az mukdarda çagajygyň bedenine çalyşdyryň. Özem bar mähriňizi, söýgiňizi eçilip, uly ynam bilen owkalaň. Tä şol çalan künji ýagyňyz çaganyň bedenine mazaly siňip, çaga rahat uka gidýänçä owkalaň. Enäniň öz çagasyna bolan çäksiz söýgüsiniň öňünde durup biljek hiç hili dert bolup bilmez. Esasy zat meniň diýýänime ýürekden ynanmagyňyz gerek. Düşündiňizmi?
Aýjeren Keýik lukmandan minnetdar bolup, hoşlaşyp gaýtdy.
Onuň aýdyşy ýaly öýe geleninden soň, Meýlisjigiň el-aýaklaryny owkalamaga başlady. Ilki birhili özüni oňaýsyz duýup, Meýlisjigiň aglamasyna eli sowan ýaly boldy. “Bu maňa oňartjak däl, öýdýän” diýip, bir owkalamagyny goýjak hem boldy. Emma Keýik lukmanyň aýdan sözleri gulagynda ýaňlanyp, birhili tijendi. “Balajygymy, hökman ýörederin, özüm ýörederin. Entek nesip bolsa, dostlary bilen tirkeşipjik mekdebe gatnap başlar” diýip, öz-özüne göwünlik berip, edil Keýik lukmanyň öwredişi ýaly, ogluna bar yhlasyny, söýgüsini siňdirip owkalady. Ene ýüregindäki möwç urýan söýgüdenmi, mylaýym demindenmi, enesiniň ýakymly eliniň täsirindenmi, Meýlisjigem ynjalyp, rahatlanmaga başlady.
Üç aýyň dowamynda gün sypdyrman ejesiniň künji ýagyna mähir-söýgi garylan owkalamalaryny alan Meýlisjigiň nobatdaky barlag netijeleri düýpgöter üýtgäpdi. Barlagyň netijeleri bilen tanşansoň, Aýjereniň üstünden agyr ýük aýrylan ýaly boldy. Ýene-de Keýik gelneje, şol bejergiler. Bu gezek gaýtjak wagty Keýik lukmanyň özi Aýjerene:
-Gördüňizmi, öňegişilik bar, şu ýagdaýy dowam etdirseňiz, öňümizdäki aýda ogluňyz bir zatdan ýapyşyp ýerinden turup başlar. Ondan soňam bir gezek getirersiň. Soňky gezekde Meýlisjik, öz aýajygy bilen ýöräp geler. Meniň diýýänlerim birneme irräk, birneme gijräk bolmagam mümkin. Depginimizi gowşatmaly däldiris. Öňem aýdyşym ýaly biz diňe bir sebäpkär, çaga üçin esasy lukman seniň özüň, esasy bejergi seniň söýgiňdir – diýdi. Mundan soňra Aýjereniň Meýlisjige bolan yhlasy hasam güýçlendi.
Bir günem ir bilen oýananda, öz gözüniň görýän zatlaryna özi ynanmady. Hemmelerden ir oýanan Meýlis tikin maşyn oturdylan stoluň aýagyndan ýapyşyp ýerinden turupdyr. Özüniň ýerinden turanyna begenip, begenjine “Eje-e-e” diýip gygyryp goýberdi. Aýjeren nädip onuň ýanyna baranyny, bagryna basanyny duýman galdy. Şundan soň-a, diňe bir ejesiniň däl, kakasynyňam, uly gyz dogany Merjeniňem bar aladalary Meýlise ýöremäni öwretmek boldy.
Keýik lukmanyň diýşi ýaly, üçülenji gezek bejergi almaga hassahana gelende, Meýlisjik Keýik lukmanyň otagyna öz aýajyklary bilen ýöräp girdi. Keýik lukmany göreninde edil ýakyn hossaryny gören ýaly ejizläp, gözlerinde begenç gözýaşlary peýda bolup, bokurdagy dolan Aýjeren zordan:
-Keýik gelneje, ine, siziň ogluňyzy getirdim. Özem siziň otagyňyza öz aýajygy bilen ýöräp girdi. Biz size ömürlik minnetdar. Köp sagboluň, kesbiňizden kemal tapyň – diýip, Keýik gelnejäni gujaklady. Keýik gelneje:
-Goý, doganjygym, aglama, azabyň ýerine düşenine begen. Bir hakykata doly ynan. Ynsanyň durmuşynyň özeni onuň söýgüsidir. Muňa bolsa sen aýdyň göz ýetirdiň. Galan durmuşyňyz hem söýgä beslensin. Çünki Söýgüde çäksiz gudrat, keramat jemlenendir -diýdi.
Bellik: Hekaýa hakyky durmuşda bolup geçen waka esasynda ýazyldy.
Kemal SABYROW,
Teswirler:
Gytyndan Turkmenskaia [off] Durmuş doly yenil kelleden# 21.04.2024 / 16:13+0
Soňky teswirler