Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Meni bagyşlama! 6
Premium
 Belki [off]
 20.04.2024 / 02:14
 Goý, bu güýzler hiç geçmesin, geçmesin!

Meni bagyşlama!6

Agşam adatdaky wagtyñda işden geldiñ. Öñüñde çaý-naharyñy goýup, ýanyña çökdüm. Işdämenlik bilen garbanyşyñy synladym.
- Şu gün sende bir zad-a bar - diýip soragly nazarlaryñy okladyñ.
    Ýüzümde ýylgyryş bilen müýnürgemäniñ goşulyşmagyndan dörän garaýyş bardy. Ýene bir perzendimiziñ boljakdygyny buşladym.
- Aý ýog-a. Çynyñmy?
       Oýun bolmagyny isleýärdim. Göwrämdäki perzendiñ Merdandan bolmak ahmallygy-da ýüregimi hopukdyrmaga ýetikdi. Baş atdym. Agzyñ gulaklaryña ýetenini görüp, özümi hasam ýazykly saýdym.
- Gyzmy, oglanmy? Wiý, entek belli bolýan däldir-ow.
    Özüñ sorag berip, özüñ jogap berip oturşyñdanam neneñsi tolgunýandygyñy añýardym. Garýagdy, käşgä menem sençe begenip bilsedim bu täzelige. Käşgä, bedenimde kemala gelýän täze beden maña iñ uly ýalñyşlygymy ýatlatmasa.
      Ertesi öýe geleniñde eliñde bir topar çaga geýimleri bardy. Kiçijik köwüşjagazlar almagam ýadyñdan çykarmansyñ. Heniz gapynyñ agzynda köwşüñi çykaryp durkañ "Lälezar, görsene alan zatlarymy" diýip,  ýyrş-ýyrş etdiñ. Olary torbalaryndan çykaryp, edil garşyñda geýmeli çagajyk duran ýaly howada saklap gördüñ.
- Gyza boljaklaram bar, oglana boljaklaram. Aý, soñ sowgat-powgat diýip berersiñ-dä geýdirmejekleriñi.
    Saña hiç zady bildirmezlik üçin eşikleri üns bilen synlan boldum.
      Ogul boljakdygyny buşlan günümdäki begenjiñ welin öñküleriñ çeni-çaky däldi.
- Lälezar, men durmuş guranymyzdan bäri şu habary berjek günüñe garaşypdym - diýip ýüregiñden syzdyrdyñ. Soñam boýnuñy burup, göz owalaryñdaky çyglygy süpüreniñi gördüm. Saña beýle duýguçyldyr öýdemokdym. Ikimiziñ aramyzda hiç haçan ogul perzent, gyz perzent gürrüñleri bolmandy. Asyl görüp otursam, sen ogluñ bolmagy baradaky arzuwyñy şunça ýyllap gursagyñda göterip gezen ekeniñ.
       Gadam dünýä ineninde gelnalyjy bezeden ýaly maşyn bezedipdiñ. Eliñdäki ter çemenleri maña uzadyp, gujagymdaky oglumy öz gujagyña alypdyñ.
Keselhanadan çykan günüm öýde golaý-goltumy çagyryp, pişme bişirdik.  Ýadawlygym halys per beren däldir-dä, üýşmeleñden soñ ýanymda ýatan bäbejigimiñ eljagazlaryny sypalap, uklap galypdyryn. Gijäniñ birmahaly oýandym. Seretsem, ýanymda Gadam ýok. Ýüregim ýaryldy. Ýerimden nädip syçranymy bilemok. "Gadam" "Gadam" "Oglum nirede?" diýip,  garañkynyñ içinde töweregimi elim bilen sermedim. Janhowluna çyrany ýakmagam kelläme gelenok. Sermenip ýörşüme eýwana çykdym. Birdenkä-de goñşy otagdan seniñ "Biz bärde" diýen sesiñi eşitdim. Görsene, sen eliñde jäjekler bilen oña "tomaşa" görkezýärsiñ. Gadamam zordan açylýan gözjagazlaryny tegeläp, saña seredýär.
" Oýandy welin seni turuzmasyn diýip goñşy otaga getirdim" diýip, pyşyrdadyñ. Onýança-da bir ýerlerden gyzlarymyz peýda bolup, seniñ edişiñ ýaly Gadama her tüýsli oýunlar görkezmäge durdular. Duran ýerimden butnaman ajaýyp görnüşi synladym.
      Gadamyñ maşgalamyzy öñküsinden jebisleşdirendigi hakykatdy. Sen işden boldugyça ir gaýtjak bolup yhlas edýärdiñ. Gelibem sen-de ýok, mende ýok gundaglyja Gadamy eliñe alyp ýüzünden-gözünden ysgaşdyryp, ogşardyñ.
       Bir gün Gadamy Aýşada tabşyryp adatdakylarym ýaly biş-düşüñ ugruna çykdym. Şonda körpe gyzymyz Altynaý eli telefonly ýanyma geldi.
- Eje seni soraýar.
     Göwnüme hiç hili güman getirmämsoñ sesim parahat çykdy.
- Kim eken gyzym?
- Merdan ussa.
         Eý Hudaý! Merdan! Ony unutmaga başlapdym. Belki, bu duýdansyz jañy bolmadyk bolanlygynda goýberen uly ýalñyşlygymam ýadymdan çykaryp, hiç zat bolmadyk ýaly ýaşap ýörerdim. Merdanyñ sesiniñ şadyýan, şol bir wagtyñ özünde-de hasap soraýjy äheñi bardy.
- Oglumyñ bolanyny näme üçin aýdañok maña?
    Kim aýdypdyr, nädip aýdypdyr bilemok, ýöne gulagyna degipdir. "Oglum" diýip bolan boluşjygyna sered-ä. Hamala, maña  ikilik eden özi däl ýaly.
- Ol seniñ ogluñ däl.
    Sesimiñ ýeterlik derejede azmly hemem hökmürowan eşdilmegini isleýärdim. Tersine, gulagyma nalajedeýin, bialaç zenanyñ sesi bolup doldy. Merdan badyny gowşatmagyñ deregine has-da beleñ alýardy.
- Ýalan sözläp sypaýjak bolýansyñ. Äriñden ogul boljak bolsa buwada çenli bolardy.
     Içimden ençe ýola "Binamys, binamys" diýip gaýtalaýardym. Özüm bilmezden daşymdan diýipdirin. Bu gezek Merdanyñ aýgytlylygynyñ ýatyşandygyny duýdum.
- Ýeri bolýa, wagt görkezer çagañ kimdendigini.
   Telefonyñ goýlandygyny bildirýän ses eşdildi.
     Merdanyñ aýdanyna şol pursat doly düşünmesemem, wagty gelende düşünipdim. Garaýagyzja ýüzi, kiçijik burny, irimçik gözleri bilen oglum Merdana şeýle bir meñzedi welin, Merdanyñ hossarlary görse onuñ ogludygyny añjaklarynyñ ujy iki däldi. Hatda, seniñem mundan şübhelenmegiñden öler ýaly gorkýardym. Bolsa-da, beýle güman barada dil ýarañokdyñ. Ogluñ haçandyr bir wagt gapymyzda işläp giden ussa meñzemegi pikriñe-oýuña geljek zat däl bolsa gerek.
       Bir gün Gadamyñ gyzgyny galdy. Saña habar etmegi oýlasamam, aýal biçäreligini edip, azar bolasym gelmedi. Habar edemde-de bu günlerde başlygyñ rugsat bermezliginden zeýrenýärdiñ. Hut şonuñ üçin körpe gyzymyzyñ Harplyk dabarasyna gidip bilmändiñ.
      Öýi uly gyzymyza tabşyryp ýola çykdym. Maşynlar ikibir-ikibir geçýärler. Durmaklary üçin saññyl-saññyl edýän elimi galdyrdym. Göwnüme, geçen her minut oglumyzy menden daşlaşdyryp, ajalyñ eline golaýlaşdyrýan ýalydy. Ahyry, zybrym geçýän maşynlaryñ biri deñimde togtady. Ugrumy aýtdym. Başyny atdy. Maşyna münenimden soñam ýüregimiñ howsalasy ýatyşmady.
- Aljyraññy görünýäñiz.
      Sürüjiniñ sesine ziñkildäp gidipdirin. Oglumyñ ýarawsyzlygy hakda pikir edip daşky dünýäni unudan ekenim.
- Oglum gyzdyrýar. Gatyrak gidayin gayrat edip - diýibildim zordan.
    Sürüji duýgudaşlyk bildirdimi ýa şeýle görünmek isledimi bilemok gaşyny çytdy. Esli salym sesini çykarman oturdy. Birdenem dil ýardy.
- Şul obada ýaşaýañyzmy?
     "Howwa" diýen manyda başymy atdym. Onuñ bilen mesawy gürrüñ edip oturjak ahwalda däldim.
- Birinji çagañmy? Ýaş görünýäñ - diýip "sizden" "sene" geçdi.
    Häzir bu zatlary sorap oturmagyñ wagtymy? Onsoñam, näme gerek oña bu zatlary bilmek?
Şeýle-de bolsa, kyn pursatymda ýagşylyk eden hemaýatkäre gödeklik edesim gelmedi.
- Ýok, bäşinjim.


Dowamy bar.


143

17

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 20.04.2024 / 12:56

+0

Gaty gowy sagbol

 Özümiziňki
 Muawiye [off]
 20.04.2024 / 21:19

+0

Geljegiň Nowça Alyýewasy boljak-da diýmek.


Premium
Belki  (20.04.2024 / 21:22) 

Muawiye, Nowça bilen deñeýän bolsañ, ýa-ha meni dogry analizläbilmänsiñ ýa-da Nowçany.


Özümiziňki
Muawiye  (20.04.2024 / 21:24) 

Belki, "Gowy däl" diýýäňmi?


Premium
Belki  (20.04.2024 / 22:59) 

Muawiye, näme gowy däl?

 Gytyndan
 Turkmenskaia [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 20.04.2024 / 22:52

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)

At yazmak


Alihan bn Mahrem...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Maxrim_mv (Düýn, 22:51)

At yazmak


Melek adynyn dakylmagyny men känbir dogry hasaplamok (öz pikirim öz garaýşymdyr belki dogry gelýandir belki gelýän daldir ýöne meň pikirimde däl)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Agzamen (Düýn, 22:20)

At yazmak


Suray, Humay, Rabiya, Ruhyya, Ragiba, Aysha, Emine, Melek yaly atlary halayan...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gulmahrem (Düýn, 22:17)

Goşgy


Suraý Amanak—Mähremgülmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Goşgy
Agzamen (Düýn, 22:06)

At yazmak


Gerçeknazar Şirin...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Gerceknazar (Düýn, 21:34)

At yazmak


DostMuhammet,...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Madelyo (Düýn, 21:22)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика