Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Howanyn hıć hılı gunası yok sensızlık mana sowuk gelya??

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Ejem eken
 Özümiziňki
 Aydymcy_Jemile [off]
 21.04.2024 / 08:14
 M❤💘

Etmişim kän, ötmişem sen çagalygmyñ ýeñlesligni,
Öwredipdiñ has kiçikäm gyz görküniñ agraslygny,
On ýyl geýdiñ bir geýeniñ, maña tikip köýnekligñi,
Joralarma güjeñlärdim, şonda aklym çatman eken,
Bir gülenmi dünýä deñän, görüp dursam ejem eken.

Günler geçýär, göçüp barýar başymdaky çagalygam,
Köpelýärdi durmuş hakda saña berýän soragymam,
Günler geçdi, soñ ýat boldy, şol çägeli Garagumam,
Talyp boldym, men özime diýipdim-le "Bagty çüwen",
Ah, bu bagty gije-gündiz Hakdan dilän ejem eken.

Gara saçlañ aklygyna düşünmedim ilki bada,
Jowrandy-da ýürek şonda, atygsady düşdi oda,
Bu dünýäde günäkär men bolan bolsam haýsy zada,
Maña goýman günälermi bagry bilen süzip çeken,
Indi bilýän.
Ejem eken...

Men özümi ýalñyz duýýan şu märekäñ arasynda,
Ne alamat bu duýgulam, Tañryñ özi gorasyn-da,
Jandan geçip söýjek barmy?! Tapylarmy dyza çöken?!
Bagra basdy bir tanyş el,
Ol ýene meñ ejem eken.

Jan beren sen şonsuzam-a, ýene janyñ gurban etjek,
Gynap bildim onsuzam-a, sen şonda-da günäm ötjek,
Harlansa-da eden zadym, senden kömek geljek eken,
Bir ýiten soñ tapdyrmajak ýekeje zat ejeñ eken.

Gyssanyber däli könlüm, wagtyñ şo bolşy, howlyganok.
Ah, bu durmyş ejeñ däl-dä, ejizleseñ ezizlänok,
Hemme kişi bagt isleyär. Güzaby ýok, azaby ýok.
Köp aýdardyñ diñlemezdim, soñam boldum derde çöken,
Awunybam arzyñ aýtsañ ejeñ seni diñlär eken.

Ýeñil işe tiz ýapyşdym, kynlarynam soña goýdym,
Şänik ýaryp mañzyn iýdim, gabygynam saña goýdym,
Çaýlamana jorañ gelse sen ýene-de gyzyñ öwdüñ,
Gör-â durmuş niçiksi zat, ýörän ýoluñ hile, gapan,
Ýagşyñ ýaýyp, kemiñ ýapýan ýekeje zat ejeñ eken.


143

14

7

5

1

0

4
Teswirler:
 Betinden
 rexha [off]
  Грусть — это цена, которую мы платим за любовь
 21.04.2024 / 10:18

+1

Ýagşyñ ýaýyp, kemiñ ýapýan ýekeje zat ejeñ eken.

Eje zat däl ol ynsan ýerdäki göze görünýän ýeke perişde ol


Täzeje
__paradox  (21.04.2024 / 10:53) 

rexha, eje perişde däl adam neslinden bolan erkegiň bir gapyrgasyndan döredilen zenan adamsy has dogrusy.
Ýaman nemeda bara siz...


Betinden
rexha  (21.04.2024 / 11:00) 

__paradox, düşünjäň düşünjäm bilen deň däl


Täzeje
__paradox  (21.04.2024 / 11:33) 

rexha, bilseň bolýa şony

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 21.04.2024 / 10:37

+0

Gaty gowy


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 11:17) 

BAYOGUL, hwa mn ozm sunalak gosgylary gowy goryan


Premium
BAYOGUL [1s] (21.04.2024 / 11:18) 

Aydymcy_Jemile, howwa


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 11:19) 

BAYOGUL, ?

 Özümiziňki
 Unknown_ [off]
 21.04.2024 / 11:22

+0

Sagbol ýetireniňe.


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 11:23) 

Unknown_, axa

 Gerekli
 YekeMen [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 21.04.2024 / 12:48

+0

sxu gosgyny mn goyjak blp durdum yetisip tuveleme sen goyupsyn


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 12:48) 

YekeMen, sps hwa


Gerekli
Aixcam_nx  (21.04.2024 / 12:49) 

Aydymcy_Jemile,

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 21.04.2024 / 13:21

+0

awtory şu wagt ýadymda däl ýalňyşmasam Ogulnur Ataýewa myka bilýänler bellik edäýsin gowy goşgy


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 13:22) 

Arzuw, hwa sol

 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 21.04.2024 / 13:57

+0

Awtory Ogulnur Ataýewa


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 14:11) 

BAY-HAN, hwa

 Gytyndan
 Turkmenskaia [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 21.04.2024 / 15:59

+0


Özümiziňki
Aydymcy_Jemile  (21.04.2024 / 16:00) 

Turkmenskaia, sps gulum

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Mena şeýdip gutlamadyňyz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Power (Şugün, 11:18)

Uzak yasa Epifiz dade.


Sagbol 💙💙...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
EpifiZ (Şugün, 10:33)

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика